Ï Türkmenistanyň Prezidenti Balkana welaýatyna ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Balkana welaýatyna ugrady

view-icon 807
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady, milli Liderimiz “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ählihalk ýowaryna gatnaşar.

Döwlet Baştutanynyň uçary günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportunda gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Emele gelen asylly däbe görä milli Liderimize gül desseleri gowşuryldy.

Şu ýerde, uçar meýdançasynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowyň haýyşy boýunça “Bombardiýer” (Kanada) iri uçar gurluşyk kompaniýasynyň önümi bolan ýolagçy gatnadýan täze “Challenger-870” howa uçaryny gözden geçirdi. Bu uçar şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda türkmen uçarmanlarynyň ygtyýaryna gelip gowuşdy.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň möüm şerti hökmünde häzirkizaman ulag-kommunikasiýa düzümi kemala getirmek "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň" esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda raýat awiasiýasynda giň gerimli taslamalaryň başyny başlady. Bu ýerde gürrüň täze howa menzilleriniň, terminallaryň, inžener-tehniki maksatly desgalaryň gurluşygy hem-de bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek, şeýle hem uçarlaryň üstüni yzygiderli ýetirmek hakynda barýar.

Häzir “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynyň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň täze uçarlary we dikuçarlary bilen ýetirilýär. Soňky ýyllarda olaryň üsti “Boingler” we beýleki belli uçarlar bilen ýetirildi.

“Challenger-870” uçary ýurdumyzyň ýolagçy gatnadýan uçarlar toplumynda nobatdaky häzirkizaman howa gämisi bolup durýar. Onuň artykmaçlyklary barada aýdanyňda, “Challenger-870” uçary ýolagçylar üçin ýokary amatlyklary döredýän giň salona we gowulandyrylan oňaýly oturgyçlara eýedir.

Döwletimiz geljekde hem häzirkizaman uçarlary satyn alar, olar içerki howa ýollarynda, şeýle hem ýük daşamalaryny hasaba almak bilen, öz çäklerini

giňeldýän halkara howa ýollaryna hyzmat eder žiýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan halkara ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýär, onuň çäginden Beýik ýüpek ýoly döwründen bäri Gündogardan Günbatara hem-de Demirgazykdan Günorta uzalyp gidýän ýollar geçipdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Häzir biziň ýurdumyz özüniň ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri bilen dünýäde has-da özüne çekiji bolup durýar, şol mümkinçilikleri biz özümiz üçin, şeýle hem hyzmatdaşlarymyz üçin örän netijeli peýdalanmalydyrys, şunda raýat howa ulgamyna möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutany belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilini anyk mysal hökmünde getirdi, ol yklymara howa ýollarynda möhüm üstaşyr nokada we şonuň bilen birlikde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň howa derwezesine öwrülýär. Häzir daşary ýurtly howa arkaly ýük daşaýjylardan deňiz ýakasyndaky şäheriň howa menzilini Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky has oňaýly üstaşyr nokat hökmünde öz ugurlaryna girizmäge köp sanly haýyşnamalar gelip gowuşýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy bolan IKAO-nyň standartlaryna doly gabat gelýän aerowokzal toplumynyň üpjünçiligine ýokary baha berdiler diýip, milli Liderimiz aýtdy. Deňiz ýakasyndaky aeroport uçarlaryň ähli görnüşlerini we islendik möçberdäki ýükleri göterýän howa gämilerini kabul edip bilýär. Bu ýerde uçarmanlaryň dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň geljegi hakynda aýtmak bilen, möhüm wezipeleriň hatarynda Aşgabat şäherinde ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilen, döwrüň talaplaryna gabat gelýän täze häzirkizaman howa menzilini gurmak wezipesi durýar diýip belledi. Bu ýerde ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlar, hyzmat edýän işgärler üçin bolsa netijeli işlemek üçin amatly şertler dörediler.

Paýtagtymyzyň täze howa menzilini gurmak Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalary we ileri tutulýan ugurlary bilen, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny gyşarnyksyz giňeltmegiň maksatlary, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna girmegi bilen şertlendirilendir diýip, döwlet Baştutany öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmegi, şunda dünýä tejribesini we bu ulgamda täze gazanylanlary ugur edinmegi talap etdi.

Milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň, hususan-da, nebitgaz ulgamynyň, ulag toplumynyň, oba hojalygynyň, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň ýörite maksatly uçar tehnikasyna bolan islegini kanagatlandyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bu ýere ýagnananlar bilen hoşlaşyp, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinden öz kabulhanasyna tarap ugrady.