Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazky ählihalk ýowaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazky ählihalk ýowaryna gatnaşdy

view-icon 924
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýazky ählihalk ýowaryna gatnaşmak bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bag nahallaryny ekmegiň täze tapgyryna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy we Hazaryň kenarynda emele gelýän dünýä derejeli deňiz şypahanasyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly taslamalar bilen tanyşdy. Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna düýn iş sapary bilen geldi.

Mälim bolşy ýaly, daşky gurşawy goramak, mähriban tebigatymyza aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli “Gök guşak” maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabadyň töwereklerinde we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri tokaý zolaklary emele geldi. Ähli şäherlerde we obalarda döwrebap seýilgähller döredilýär. Munuň özi ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine milli derejede bolşy ýaly, ählumumy möçberde uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatymyzyň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň möhüm ugry bolup durýan bu iri möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Ine, bu gün hem gün-günden halkara şypahana merkezine öwrülýän Hazaryň kenarynda ir säherden ählumumy galkynyşyň we beýik baýramçylygyň dabarasy höküm sürýär. Baýramçylyk lybasyna beslenen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Balkan welaýat häkimliginiň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan milli parlamentdäki deputatlar bar. Ähli ýerde belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazlary geçirilýän çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Milli Liderimiziň awtoulagy ählihalk ýowarynyň badalga berilýän ýerine geldi. Bu ýere ýygnananlar uly ruhubelentlik we elçarpyşmalar bilen döwlet Baştutanymyz garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz gül desselerini gowşurdylar.

Awaza derýasynyň kenarynda folklor we tans toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Olar şu günki şanly waka mynasybetli nurana konsert maksatnamasyny taýýarlapdyrlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite bölünip berlen ýerde ýaşajyk bag nahllaryny oturtdy. Ýowara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bag oturtmak boýunça geçirilýän giň möçberli çäre 2009-njy ýylyň güýzünde başlanandygyny bellemeli. Häzirki döwürde ini 300 metre barabar bolan gök zolak Hazaryň kenary bilen 12 kilometrden gowrak aralyga uzap gidýär. Bu ýerde ekilen baglaryň umumy sany 145 müňden aşdy. Olar esasan sosna, arça, serwi, tut we derek ýaly saýaly baglardyr. Mundan başga-da, ýurdumyzyň “şypahana merjeniniň” çäginde biri-biriniň yzyndan gök zolaklar we gezelenç etmek, dynç almak üçin döwrebap seýilgähler emele gelýär. “Awazada” ýazky bag ekmek möwsüminiň ahyryna çenli ýene-de 40 müň töweregi bag nahallary oturdylar. Wagt geçer. Bu ýerde halkara şypahana merkeziniň baş bezegine öwrülen baglar boý alyp, gür tokaýlygy emele getirer.

Hormatly Prezidentimiz hemmelere bu günki geçirilýän çärä işjeň gatanşandyklary üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden “Awazanyň” täze gurluşyklar gidýän künjegine tarap ugrady.

Hazaryň ekologiýa taýdan arssa kenarynda kemala gelýän şypahana zolagy türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjyna öwrüldi. Olar üçin “Awaza” diňe bir söýgüli dynç alyş ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýamyň iň bir nurana nyşanlarynyň, şeýle hem “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni esas edinýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleriniň aýdyň netijeleridir.

2007-nji ýylyň aýagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşygyna badalga berildi. Şol döwürden bäri bu ägirt uly taslama ABŞ-nyň 1,4 milliard dollaryna barabar serişde goýberildi. Häzirki döwürde Hazaryň kenaryny kaşaň binagärlik toplumlary, “Watançy”, “Hazyna”, “Çarlak”, “Nebitçi”, “Kerwen”, “Kuwwat”, “Serdar”, “Arzuw”, “Daýanç” atly döwrebap myhmanhanalar we amatly çagalar sagaldyş merkezleri bezeýär. Dünýäniň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze aeroport, kuwwatly gaz turbinaly elektrostansiýa, deňiz suwuny süýjediji zawod, şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Uzynlygy 7 kilometr bolan gämi gatnawly derýa “Awazanyň” içinden geçýär. Onuň owadan bezegleri bolan awtoulag we pyýada köprüler arkaly baglanyşýan kenarlarynda amfiteatrlary, özboluşly suw çüwdürimler toplumy, çaýhanalary we restoranlary, deňiz ýahtalary hem-de gezelenç gämileri üçin duralgalary bolan abadanlaşdyrylan zolaklar emele geldi.

Häzirki döwürde “Awazada” 20-den gowrak täze bina gurulýar. Olaryň hatarynda obasenagat toplumynyň işgärleri üçin köp ugurly sagaldyş we dynç alyş merkezi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de ýurdumyzyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň buýurmalary esasynda gurulýan kaşaň myhmanhanalar bar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň köp ugurly dynç alyş merkezi, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň 8 kottejleri hem-de 27 sany iki gatly jaýdan ybarat bolan aýratyn kottej şäherjikli belent myhmanhana gurulýar.

Amala aşyrylýan taslamalaryň hatarynda Aşgabat şäher häkimligi üçin 12 kotteji bolan medeni dynç alyş merkezi, Türkmenistanyň

maliýe-ykdysady pudaklarynyň we Daşary işler ministrliginiň işgärlerine niýetlenen iki gatly 10 sany kotteji özünde jemleýän şypahana şäherjigi bar. Şeýle hem bu künjekde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň buýurmasy esasynda 15 sany iki gatly jaýdan ybarat bolan kottej şäherjigi, ýangyç-energetika toplumynyň gurluşykçylary üçin sagaldyş - dynç alyş düzümi bolan 10 sany kottej jaýlary gurulýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň her biri hem bu ýerdäki şypahana zolagynda 300 orunlyk ulular we çagalar üçin döwrebap sagaldyş merkeziniň eýesi bolarlar.

Bu ýerde gurluşygy tamamlanansoň, “Awazada” dynç alýanlaryň sanynyň 4 348 adama çenli köpelmegini üpjün etjek myhmanhanalardan, dynç alyş we sagaldyş merkezlerinden hem-de şypahana desgalaryndan başga-da, ýaht klubyň gurluşygy başlandy, stadiony, welotreki we beýleki iri sport desgalary bolan köpugurly sport şäherjigi üçin hem ýer bölünip berildi. Aýlawly syn ediş meýdançasy, amerikan depejikleri, akwoparklary we beýleki oýun zallary, 266 awtoulaga niýetlenen köp gatly duralgalary we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiniň garamagyndaky jemagat hojalygy edarasy üçin önümçilik düzümi bolan köpsanly taslamalaryň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam besdy.

Ýakyn wagtlarda bu ýerde golf, ýokary tizlikli awtoulaglarda bäsleşik geçirmek üçin ýörite meýdança, şeýle hem okeanarium ýaly desgalaryň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Sergi köşgüni, söwda, işewürçilik we SPA-merkezlerini gurmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Deňziň günorta kenarynda Türkmenistanyň dotsluk, hoşniýetli goňşuçylyk we dünýäniň ähli döwletleri, abraýly halkara guramalary, işewür toparlary bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy we ösdürmegi ugur edinýän açyk daşary syýasatynyň aýdyň nyşany bolan Maslahatlar köşgüniň ajaýyp binasy emele geler.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy esasynda bina edilýän köp ugurly şypahananyň gurluşyk meýdançasyna barýar. Häzirki wagtda bu toplumda binalaryň demir beton gurluşlaryny gurnamak işi tamamlanyp barýar, bu toplum dürli gatly 5 binadan ybarat bolup, olaryň iň beýigi bolan 10 gatly binanyň boýy 80 metre ýetiriler. Bu ýerde maşgala bolup dynç almak üçin has oňaýly şertler dörediler, şeýle hem dürli sport desgalary, çagalar üçin oýun meýdançalary bolar. Merkezi Türkiýäniň “Belda” firmasynyň gurluşykçylary gurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada alnyp barylýan işler bilen tanşyp, gurluşyk işlerinde ýokary hiliň üpjün eldilmegine we onuň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlara bildirilýän talap gurluşyk ulgamynyň baş şertidir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra şu ýerde, gurluşyk meýdançasynda ýörite taýýarlanan ýerde milli Liderimiz Mejlisiň köp ugurly dynç alyş merkeziniň we şonuň ýanynda Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň işgärleri üçin niýetlenip gurulýan ýokary derejeli we 12 agtly myhmanhananyň interýerleriniň nusgalary, şeýle hem “Belda” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan täze taslamalar hödürlendi.

Olaryň arasynda Türkmenbaşy şäher häkimliginiň we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň edara jaýlarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň deňiz we derýa ulaglary fakultetiniň bölüminiň deňiz ýakasynda gurulmagy göz öňünde tutulýan täze binasynyň taslamalary bar. Türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan taýýarlanan teklipleriň arasynda Ruhabat etrabynyň Aşaky Gökderede 600 sany bedewi saklamak üçin niýetlenen athananyň hem-de önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna degişli taslamalar bar.

Şeýle hem döwlet Baştutany tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda, “Stoluň üstünden oýnalýan oýunlar” atly medeni-dynç alyş toplumynyň Sankt-Peterburgyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” atly ýapyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan teklip edilen taslamasy bilen tanyşdy. Şonda seýilgäh, ýörite enjamlaşdyrylan jaýlar hem-de küşt, şaşka, stoluň üstünde tennis oýnamak üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr.

Ýeri gelende ýatlatsak, geçen ýylda Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilini we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny baglanyşdyrýan awto ulag ýolunyň ugrunda döwrebap awtomobil estakadalarynyň ikisi ulanmaga berildi, bular Russiýanyň Demirgazyk-Günbatar sebitindäki bu iri holding kärhanasynyň gatnaşmagynda guruldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi atly ýapyk paýdarlar jemgyýetine Aşgabatda awtoulag ýollarynyň birnäçesini gurmak, şol sanda şolaryň daş-töwerigini abadanlaşdyrmak ynanyldy.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara degişli bellikleri aýtdy. Milletiň Lideri “Awazada” binalaryň gurulmagyna oýlanyşykly, toplumlaýyn we şol bir wagtyň özünde döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, Mili syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça meýilnamalaryň taslama düzüjiler, binagärler we dizaýnerler üçin has batyrgaý, innowasion oý-pikirleri amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şonda Türkmenistanyň Prezidenti “Awazada” gurulýan her bir desganyň we deňiz şypahanasynyň tutuş binagärlik toplumynyň Hazaryň kenar ýakasynyň ajaýyp tebigy landşaftyna sazlaşykly goşulyşmalydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň kitaphanasynyň we metjidiniň gurluşygy babatda milletiň Lideriniň tabşyrygy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň birnäçe nusgalary synlap, taslamalaryň göwnejaý saýlanyp alynmagynyň zerurdygyny hem-de olaryň ähli ölçegler boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we hil babatda ýokary standartlara laýyk gelmelidigini belledi.

Milletiň Lideri tanyşdyrylyş çäresiniň netijelerini jemläp, hil boýunça halkara standartlarynyň, oňaýlylygyň we hyzmatyň ýokary derejede bolmagynyň Hazaryň kenar ýakasynda dünýä derejesine laýyk gelýän täze deňiz şypahanasyny döretmekde esasy ugur edinilýän möhüm ölçeglerdigini ýene-de bir gezek belledi. Döwlet Baştutany biziň maksadymyz türkmenistanlylar, şeýle hem “Awaza” daşary ýurtlardan gelen myhmanlar üçin dyns almak we jan saglygyňy berkitmek babatda örän oňaýly şertleri döretmekden ybarat bolup durýar diýip belledi, “Awazany” dünýäniň dürli ýurtlarynyň syýahatçylarynyň üns berýän ýerine öwürmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutany şypahananyň daş-töwereginiň bagy-bossanlyga öwrülmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny hem-de ýakyn wagtda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenar ýakasynyň ajaýyp gülzarlyga öwrüljekdigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlaryna ýüzlenip, ýurdumyzda demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda milli parlamente möhüm ornuň degişidigini belläp, şol özgertmeleriň Türkmenistany ösüşiň hil taýdan ýokary derejä ýetirilmegine, rowaçlygy we türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ýokary derejede bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Milletiň Lideri kanun çykaryjylyk işinden daşgary, ýerlerde işleri alyp barmagyň, hususan-da, welaýatlarda durmuş-ykdysady wezipeleri berjaý etmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen özara arkalaşykly hereket etmegiň deputatlaryň esasy borçlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň deputatlarynyň ähli jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň jümmüşinde bolup, öz saýlawçylary bilen hemişe ysnyşykly aragatnaşyk saklamalydygyny we ilatyň arasynda düşündiriş işlerini işjeň ýagdaýda alyp barmalydygyny nygtady.

Deputatlaryň toparynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň işine hemişe aýratyn üns berýändigini üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna we halkara derejesindäki

at-abraýynyň artdyrylmagyna, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutany ýowara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, öz kabulhanasyna tarap ugrady.