Şu gün Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda täze, häzirki zaman çagalar bagynyň dabaraly açylyşy boldy. “Bereket” daýhan birleşiginiň körpeleriniň 200-si obanyň merkezinde ýerleşen ajaýyp çagalar şäherçesiniň eýeleri boldular.
Ir ertirden dürli reňkli baýramçylyk lentalary we şarlary bilen bezelen çagalar bagynyň meýdançasynyň öňi şatlyk-şowhun bilen gurşaldy. Çagalar baýramçylyga gelen myhmanlary öz aýdym-sazlary, goşgylary hem-de tanslary bilen garşyladylar. Şu gün bu ýere welaýat we etrap dolandyryşynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köpsanly obalylar bu çärä ýygnandylar.
Täze çagalar bagy - Sarahs etrabynda bilim edaralarynyň täze binalarynyň ulanmaga berilmegine badalga berdi. Ol ýaş neslimizi hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin häzirki zamanyň özboluşly binagärligini hem-de amatly şertleri özünde jemleýär. Bu dabarada biziň çagalarymyzyň nurana we bagtly geljegi üçin, halkymyzyň bähbidi ugrunda giň gerimli durmuş-ykdysady özgerişleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri ýaňlandy.
Täze gurluşyk desgasy "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde, hususy gurluşyk kärhanasy bolan “Adamant” hojalyk birleşiginiň gurluşykçylary tarapyndan halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edildi. “Adamant” hojalyk birleşiginiň hünärmenleri üçin bu çagalar şäherçesi Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda amala aşyrylan ilkinji taslamasydyr.
Bu çagalar bagy bina edilende binagärligiň özboluşly çözgüdi esasynda milli bezegiň dürli esaslary ussatlyk bilen ulanylypdyr, ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş enjamlary peýdalanylypdyr. Ösüp gelýän körpeleriň rahat dynç almaklary hem-de wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin, iň bir häzirki zaman tehniki täzelikleri we özgertmeler ornaşdyrylypdyr. Giň iki gatly, bu jaýda, özünde iki bakjany jemleýän çagalar toparynyň onusy amatly ýerleşdirilen. Olaryň her biri ýatylýan we körpeleriň ýaşlaryna laýyklykda owadan mebeller, dürli görnüşli okuw oýunlary we köpsanly oýnawaçly otaglardan ybaratdyr. Bu ýerde mekdep ýaşyna ýetmedik çagalary hemmetaraplaýyn taýýarlamak maksady bilen iki lingafon otag we daşary ýurt okuw tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan kompýuter zaly hem göz öňünde tutulan. Uly sazçylyk otagy, üsti ýapyk ýüzüş howzy, kiçi hem uly ýaşly çagalar üçin ýörüte sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gimnastiki zal hem körpeleriň hyzmatynda.
Geljekki seýilgäh zolagynyň meýdançasynda ýerleşen bu jaýa dürli görnüşli ekilen agaçlar bezeg berer. Bu ýerde üsti kölegeli tomusky oýun meýdançalary hem bar. Şeýle-de sport meýdançalary, kiçi futbol üçin meýdança körpeleriň ygtyýarynda.
Bu çagalar bagynda goýlan ABŞ-nyň önümi bolan “Ýork” merkezleşdirilen ses ulgamy çagalaryň şadyýan aýdym-saz çykyşlaryny eşitdirmeklige mümkinçilik döreder. Bu häzirki zaman ses ulgamy bolsa şu gün täze mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasynda üstünlikli synagdan geçirildi. Açylyşda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu çäre mynasybetli Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.