Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatlaryny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatlaryny geçirdi

view-icon 694
Şu gün Hazaryň türkmen kenarynda iş sapary bilen bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugramazdan öňürti Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Balkan welaýatynyň häkimi we ýurdumyzyň düzümleýin pudaklarynyň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow häzirki döwürde uçar gatnawlaryny tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak, gullugyň işini has-da kämilleşdirmek, pudakda ýola goýulýan netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň howa menzilleriniň durkuny täzelemek hem-de gullukda hyzmatlar ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleriň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösmeginde, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolmagynda, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň belent derejelere ýetmeginde howa ýollary düzüminiň möhüm orny eýeleýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz gullugyň tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinden ýurdumyzyň welaýatlaryny baglanyşdyrýan howa ugurlarynyň üpjün edilmeginiň meselelerini işläp taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi we munuň özi ýurdumyzyň dürli künjeklerinden "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänler üçin amatly şertleri üpjün eder diýip belledi.

Soňra iş maslahatynyň barşynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmekde dünýä tejribesini ulanmagyň, innowasion tehnologiýalary, ösen binagärlik we tehniki pikirlenmeleriň ornaşdyrylmagynyň möhüm şert bolup durýanydgyny belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz häkime “Awazada” gurulýan binalary we sebiti ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak, şeýle hem awtomobil ýollaryň, köprüleriň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, ýüze çykýan meseleleri degişli ministrlikler we pudak edaralaryy bilen bilelikde çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz deňiz ýakasynda ulag düzümini ösdürmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenbaşy şäherindäki halkara aeroportuny “Awaza” milli syýazatçylyk zolagy bilen baglanyşdyrýan ulag ýolunyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy M.Mütdikow häzirki döwürde gullugyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, pudagyň tehniki parkynyň üstüniň yzygiderli ýetirilýändigi, Türkmenbaşydaky deňiz portunda ýerine ýetirilýän döwrebaplaşdyryş işiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň deňiz-derýa ulag düzümini ösdürmek, ony döwrebaplaşdyrmak, portuň düzümlerini abatlamak boýunça işlenip taýýarlanan taslamalary görkezdi.

Mundan başga-da, hasabatda Türkmenbaşynyň deňiz menzilinde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň anyk netije berýändigi, diňe bir halkara ülňülerine laýyk gelýän deňiz porty däl, eýsem, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan gämi duralgalarynyň ählisini meýilnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň işlenilip taýýarlanylandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda howa, demir ýol, awtoulag ýollary bilen bir hatarda, deňiz-derýa ugurlarynyň hem sazlaşykly ösdürilmegi babatda döwletimiziň yzygiderli alada edýändigini aýtdy. Häzirki döwürde deňiz menzili Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän özboluşly “deňiz derwezesi” bolmak bilen, sebitiň iri üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam etmek bilen, deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, menziliň ýük geçirijilik kuwwatyny artdyrmak, Ýewropa-Kawkaz-Merkezi Aziýa ugry boýunça üstaşyr ýük gatnawlaryny ösdürmek babatda zerur çäreleri işläp taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz döwletimiz bu ulgamy ösdürmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň milli deňiz söwda flotunyň kämilleşdirilmegi babatda yzygiderli işleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Türkmenbaşynyň howa menzilinde geçirilen iş maslahatynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň başlygy E.Patjanow häzirki döwürde ýurdumyzyň iri syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ol hormatly Prezidentimize bu ýerde sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny üpjün edýän möhüm çärä - bag ekmek möwsümine badalga berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyzyň bu asylly ýörelgesiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigini, zolagyň bagy-bossanlyga büreljekdigini hem-de bu ýerde alnyp baryýlan abadanlaşdyrylyş çäreleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda adamlaryň oňaýly dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmegi, dürli güýmenje merkezleriniň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň geriminiň giňeldilmegi, dürli derejeli sport bäsleşiklerini geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň ýola goýulmagy babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini aýtdy. Bu künjekde diňe bir Awaza derýasynyň kenarynda däl, eýsem ähli myhmanhanlaryň ýanynda doňdurmalary, şerbetli içgileri hödürleýän söwda ulgamlarynyň kemala gelmegini üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz syýahatçylar üçin zerur bolan oňyn şertleriň döredilmelidigi baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, bu ýerde kinoteatrlaryň, dürli görnüşli oýun attraksionlaryň we beýleki güýmenje merkezleriniň, söwda öýleriniň, şeýle hem sport desgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns bermelidigini nygtady. Gurulýan desgalarda adamlaryň göwnejaý dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem maslahatda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda giň göwrümli seýilgäh zolagyny döretmek bilen baglanyşykly işleriň möhümdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde geçirilen ählihalk ýowarynyň iri seýilgäh ulgamynyň emele gelmegine badalga berendigini belledi. Ählihalk ýowarynyň tutuş ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçendigini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz ýurtda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň we mähriban topraga aýawly çemeleşmek ýörelgesiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz abadanlaşdyrylyş işlerini, seýilgäh zolaklarynyň yzygiderli döredilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemini jemläp, deňiz ýakasynda dünýä derejeli şypahana ulgamyny döretmek boýunça taslamanyň aýratyn ähmiýete eýedigini ýene bir ýola belledi we onuň baş maksady baý tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň üstaşyr – ulag we syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr diýip belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de köp ugurly ösdürilmegini we dürli ulgamlardaky halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde geçiren iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň täze taryhy eýýamda belent sepgitleriň eýelenmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çärelere öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi we olara ýurdumyzyň bagtyýar durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp bu ýerden Aşgabada tarap ugur aldy.

***

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine bolan iş saparyndan Aşgabada dolanyp geldi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda mejlis geçirdi.

Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary, welaýatlarda we paýtagtymyzda geçen hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilen işler we täze hepdede durmuşa geçirilmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlise başlamazdan öňürti bu ýere ýygnananlary gadymy türkmen topragynyň gözel görke getirilmegine gönükdirilen ählihalk ýowaryna işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin söz berdi. Olar hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ulgamlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdiler.

Mejlisde ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şu jähetden wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň döwletara derejesinde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ulgamynda işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde ýola goýulýan oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H. Muhammedowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek we düzümiň garamagyndaky desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň orunbasary R.Seýitkulyýew ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza demir ýol, awtomobil, deňiz we derýa ulaglary pudaklarynyň işini kämilleşdirmek we ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk boýunça ähli pudaklaryny sazlaşykly döwrebaplaşdyrmagyň hem-de olaryň dünýäniň iň ýokary stanlartlaryna görä hereket etmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti ulag we aragatnaşyk boýunça ähli pudaklaryň tutuş milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, şu pudaklarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin ähli çäreleriň görülmelidigini talap etdi. Hususan-da, döwlet Baştutany Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlaryň arasynda ygtybarly ulag geçelgesine öwrüljek Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak boýunça taslamanyň halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýedigini hem-de ähli gurluşyk işleriniň bellenilen iş tertibine laýyklykda we ýokary hilli alnyp barylmagynyň wajypdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri täze, has kämil enjamar bilen üpjün edilip ýöriteleşdirilen gämileri satyn almagyň hasabyna, Türkmenistanyň deňiz flotuny sazlaşykly ösdürmegiň wajypdygyny aýratyn belledi, şol gämiler halkara gatnawlary boýunça ýurdumyzyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda,

döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy önümçilik, senagat pudaklaryny ösdürmekde we döwrebaplaşlyrmakda ýurdumyzyň ykdysadyýetine önümiň hiline, bäsdeşlige ukyplylygyna degişli ölçegler boýunça ýokary sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýän dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň, has täze inženerçilik çözgütleriniň ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem gündelik meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer gowaça ekişiniň, güýzlük ak ekinlere ideg etmegiň hem-de beýleki gündelik oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmegiň, tehnikany orak möwsümine taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi. Hasabat bermegiň barşynda wise-premýer maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy, oba senagat toplumyna degişli kärhanalary we beýleki desgalary gurmagyň barşy barada aýtdy.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, şäherlerde we obalarda abadanlaşdyrmak hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly işler ýokary depginde dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty jemläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan pudagy ösdürmekde bellenilen ýokary sepgitlere ýetmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bol hasyl ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ähli agrotehniki çäreleri bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň möhümdigi barada aýdyp, pudaklaýyn ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we täze, düşewüntli tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri oba hojalyk önümçiligini yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem halal zähmet çekmegiň hasabyna adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, daýhanlary höweslendirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri güýzlük galla oragynyň ýurdumyzyň ekerançylary üçin jogapkärli synag boljakdygyny nygtap, şol möwsüme ykjam taýýarlyk görmek, şol sanda galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleri enjamlaýyn taýdan üpjün etmek, dänäni saklamak we gaýtadan işlemek boýunça bar bolan kärhanalary taýýarlamak we täze kärhanalaryň gurluşygyny bellenilen möhletde tamamlamak boýunça ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatda edilen işler, şeýle hem möwsumleýin oba hojalyk işleriniň – gowaça ekişini we güýzlük dänelik ekinlere ideg etmgiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň ýerlerde ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýerleriň melioratiw ýaglaýyny gowulandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hasyllylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ylmy we tejribäni utgaşdyrmaga we ekişiň guramaçylykly geçirilmegine degişli meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyryp, meýdan işlerini geçirmegiň depginlerini artdyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalary berjaý etmek arkaly, bellenilen möhletde tamamlamak baradaky wezipäni öňde goýdy.

Milletiň Lideri galla oragyna taýýarlyk görmegiň möhüm ähmiýetli meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, bu jogapkärli işi ähli derejelerde öňünden kadaly guramak, enjamlaýyn serişdeleri oýlanyşykly paýlamak, kombaýnlary we beýleki ýörite oba hojalyk tehnikasyny hem-de dänäni saklamak we gaýtadan işlemek boýunça kärhanalary göwnejaý taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda oba hojalyk toplumyna degişli we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen jikme-jik gyzyklanyp, adamlaryň zähmeti, durmuşy we dynç almagy üçin göwnejaý şertleriň döredilmeginiň welaýatlary ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasy maksady bolup durýandygyny belledi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ýerde desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy, şäherde arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ählihlak ýowarynyň netijeleri barada habar berip, bu uly möçberli çäräniň aşgabatlylaryň ählisi tarapyndan oňlanyp, guramaçylykly geçirilendigini hem-de türkmen halkyny häzirki döwürdäki döredijilikli meýilleri amala aşyrmak ugrunda has-da jebisleşdirendigini aýtdy.

Milletiň Lideri hasabaty jemläp, paýtagtymyzda uly möçberli binagärlik-şäher gurluşygy maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak ugrundaky işleriň depginini artdyrmak, şäher ilaty üçin döwrebap we amatly şertleri döretmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri şäherdäki köçeleri arassa saklamagyň, ýaşaýyş jaýlaryny we ýollary abadanlaşdyrmagyň, arassaçylyga we hukuk tertibine degişli kadalary berjaý etmegiň zerurdygyny hem-de şunda paýtagtymyzy tutuş ýurdumyz boýunça görelde edinilýän nusga öwrülmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany Aşgabatda gurluşyk işleriniň ýokary hilli geçirilmegini we işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň netijeliligini artdyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe söz berildi. Ol has möhüm ähmiýetli we dürli maksatly desgalarda işleriň barşy barada hasabat berdi, häzirki wagtda durmuşa we senagata degişli desgalaryň düzümini ösdürmek, şeýle hem döwlet Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda şol desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Hasabat bermegiň barşynda wise-premýer döwlet Baştutanyna “Ak şäherim - Aşgabat” atly köp ugurly ХI halkara sergisine we maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň ileri tutulýan häsiýetlidigini belläp, täze desgalaryň türkmen şäherleriniň we obalaryň keşbini bezemelidigini, şol taslamalaryň amala aşyrylmagynyň milli ykdysadyýetiň we zerur bolan ähli desgalaryň düzüminiň has-da sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmelidigini we türkmenistanlylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmaga hem-de adamlaryň ýaşaýşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam bermelidigini aýtdy. Şunda agaç nahallaryny oturtmak, gaz we aragatnaşyk bilen üpjün edýän ulgamlary çekmek üçin ýörite tehniki zolagyň bolmagyny hökmany tertipde göz öňünde tutmaly. Galyberse-de, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda ähli desgalary ýokary hilli gurmak hem-de olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek ýaly meselelere dolulygyna gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany ulag pudagyna degişli düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly meseleler barada durup geçip, Aşgabatda ýollaryň we köprüleriň ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmegiň, olary göwnejaý ýagdaýda saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri däbe öwrülen “Ak şäherim - Aşgabat” atly sergi we maslahat ýaly wekilçilikli halkara derejeli çäreleriň geçirilmeginiň türkmen paýtagtynyň işewürlik durmuşyna mahsus bolan ýaglaýa öwrülendigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, özgertmeleri amala aşyrmakda, döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipeleri berjaý etmekde ýetilen sepgitleri äşgär etmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitlemäge, dünýäniň iň oňat tejribesi hem-de ýurdumyzda innowasion çemeleşmeleriň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen tanyşmaga ýardam berýär. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany gurluşyk ulgamy ýaly sazlaşykly ösýän pudak, şol sanda ýerli çig mal esasynda ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegini öwrenmegi hem-de şunda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we şu ýylyň 13-15-nji aprelinde paýtagtymyzda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara teatr festiwalynyň üstünlkili geçirilendigi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzyň teatrlarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen toparlaryň taýýarlan oýunlary görkezildi. Olarda dünýäniň häzirki zaman teatr sungatynyň köpöwüşginli ugurlary beýan edildi. Munuň özi giň halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny, Türkmenistanyň bu ulgamda gazananlarynyň wagyz edilmegini, şeýle hem ýurduň medeniýetiniň hem-de sungatynyň has-da ösmegini şertlendirdi diýip, wise-premýer belledi.

Medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça köpugurly işi ýola goýmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň ähli düzümleriniň, medeniýet ojaklarynyň netijeli ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň teatrlary, aýdym-saz mekrezleri, ylym-bilim ojaklary, muzeýler, kitaphanalar we paýtagtymyzdaky “Ylham” seýilgähi täze taryhy eýýamyň beýik döredijilik ruhunyň açylyp görkezilýän, medeni çäreleriň giňden geçirilýän künjeklerine öwrülmelidir.

Medeniýet ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlap gelýändigini nazarda tutmak bilen, dürli derejedäki çagalar döredijilik gözden geçirilişleriniň, bäsleşikleriniň guralmagynyň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 19-njy aprelinde açylýan “Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary” atly halkara ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bu çäräni hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty guraýar. Bellenilişi ýaly, himiýa pudagynyň ösdürilmegine bagyşlanan bu ylmy çärä ýurdumyzyň alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň dürli künjeklerinden daşary ýurtly alymlaryň 60-sy gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz bu pudaklar üçin ýokary hünärli ussat hünärmenleri taýýarlamagyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz halkara derejesinde geçirilýän çärelere degip gemek bilen, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Ýokary ösüşe eýe bolan himiýa senagatynyň kemala gelmeginde öňi bilen öňdebaryjy ylmy gazananlara we dünýä tejribelerine daýanmalydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi baradaky meselä degip geçmek bilen, ýaş nesilleriň döwrebap dynç almaklary we wagtyny hoş geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda zerur bolan amatly şertleriň döredilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Hojamuhammedow döwlet Baştutanymyza özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleriniň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem himiýa we balyk senagatyny yzygiderli ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan tebigy serişdelere baý bolmak bilen, bu möhüm pudagy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir diýip belledi. Milli Liderimiz gürrüň nebitiň we gazyň çykarylyş möçberlerini artdyrmak barada barýar diýip bellemek bilen, nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we onuň tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak, mineral serişdelerini çykarmaga ýöriteleşdirilen häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygy barada tabşyrdy.

Şeýle hem ýurtda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän peýdaly gazylyp alynýan magdanlara baý bolan ýataklaryň özleşdirilişine ilkinji nobatda aýratyn üns bermelidigini belledi we bu ugurda maýa goýum serişdelerini çekmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Goçyýew garamagyndaky edaralaryň düzümleriniň işleri barada hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamada ilkinji nobatdaky meseleler häzirki zaman obalaryny, şol sanda ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş toplumlaryny döretmek bolup durýar. Wise-premýer bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş ähmiýetli desgalary gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle-de, bank edaralary oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýeňillikli karz bermegi amala aşyrýarlar.

Maksatnamanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ähli düzgünlerini geçirmekligiň özi milli ykdysadyýeti ösdürmekligi mundan beýläk-de çaltlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, durmuş goraglylygyny we ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowlandyrmaga mümkinçilik döreder diýip belledi. Şeýle-de, şu resminamada bellenilen meseleleri durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň hökmanydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu barada anyk görkezmeler berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 13-nji aprelinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalaryny, söwda merkezleriniň bina ediljjek ýerlerini kesgitlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma senagatynyň, söwda hem-de hyzmatlar pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, pudaklaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirer diýip nygtady. Milli Liderimiz binalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurulmagynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen bir hatarda, täze tilsimatlaýyn enjamlara ussatlyk bilen erk etmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde dürli görnüşli harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi we hyzmat edýän ähli kärhanalaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlise gatnaşýan Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýewe, ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe we Baş prokuror Ý.Ýazmyradowa ýüzlenip, neşe serişdeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan döredijilikli işjeň syýasaty ýöretmek arkaly, dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bu ýowuz bela garşy barlyşyksyz göreş alyp barýar. Şunlukda, bu ugur boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagy we sazlaşykly üpjün edilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Biz jemgyýetimize howp salýan bu bela ygtybarly böwet goýmalydyrys we onuň düýp-teýkary bilen ýok edilmegini gazanmalydyrys diýip nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillerimiziň türkmen halkynyň gadymy paýhasly däplerine laýyklykda döwrebap terbiýelenmegine, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine hem-de beýik ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly bolmagyny üpjün etmelidiris diýip, belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döwletiň we halkymyzyň bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglylykda, milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada aýtdy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk ýowaryna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirip, şol ýowaryň netijeleri barada habar berdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkmyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda kanunçylyk ulgamynyň wajyp ähmiýetli orny eýeleýändigini belläp, şu ugurdaky ädimleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam bermelidigini aýtdy. Milletiň Lideri Mejlisiň deputatlarynyň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ähmiýetine we ornuna ünsi çekip, parlamentarileriň elmydama wakalaryň jümmüşinde bolup, öz saýlawçylary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen hemişe aragatnaşyk saklamalydygyny aýtdy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.