Ýakynda täze iki neşir – iň bir ajaýyp arzuwlary we biziň pederlermiziň azat, kuwwatly, gülläp ösen döwlet baradaky belent pikirlerini birleşdiren mähriban Watanymyza we onuň baş şäherine bagyşlanylan “Türkmenistan” we “Aşgabat” diýen döwrebap owadan bezegli fotoalbomlar okyjylara gowuşdy.
Owadan fotosuratlar bilen bezelen kitaplarda häzirki zaman Türkmenistan, bagtyýarlyk döwrüne gadam basan türkmenistanlylaryň täze durmuşynyň hil derejesini alamatlandyrýan şan-şöhratly özgertmeler, başyny başlaýjysy we ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda türkmen halkynyň gazanan ajaýyp üstünlikleri we ýeten belent derejeleri barada täsirli gürrüň berilýär.
Iki neşir hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň okyjylara gutlag sözleri bilen açylýar. Onda biziň ähli ugurlarda amala aşyrýan işlerimize giňden düşündiriş berilýär hem-de şol işleriň kuwwatly we buýsançly ýurduň dana we zehinli halkynyň zähmetiniň netijesidigi bellenýär.
Türkmenlerde “Azapsyz ýeriň ady ýok” diýen nakyl bar. Dogrudan hem halkymyzyň zähmeti we ählihalk tarapyndan saýlanan hormatly Prezidentimiziň erki we syýasy öňdengörüjiligi bilen adamlaryň bähbidini we hukugyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwren ýurdumyz bu gün bütin dünýäde şöhrata eýe bolýar.
Owadan bezelen bu kitaplar öz mazmuny we köpugurlylygy bilen her bir okyja jemgyýetiň we döwletiň durmuşy ulgamlaryny - syýasaty, ykdysadyýeti, medeniýeti, ruhy we aň-düşünje ösüşlerini gurşap alýan mähriban Watanymyzyň şu güni bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Kitaplaryň sahypalarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik – syýasy durmuşynyň wajyp pursatlary beýan edilýär, türkmen döwletiniň daşary syýasatdaky üstünlikleri, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda gazanylan netijeler, durmuş ulgamynyň ösüşi hem-de pederlermiziň ajaýyp däpleriniň dowam etdirilişi barada gürrüň berilýär. Täze dolandyryş desgalary, önümçilik kärhanalary, fabrikler, zawodlar, banklar, söwda merkezleri, kaşaň myhmanhanalar ýurdumyzyň bütin dünýäde işjeňliginiň ýokary galýandygyna we abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, ylmy institutlar we medeni edaralar paýtagtymyzyň ruhy dünýäsini görkezýär. Türkmenistanlylaryň nurana ýüzleri, çagalaryň bagtly ýylgyryşlary ýurdumyzyň röwşen geljeginiň has-da ajaýyp boljakdygyndan habar berýär.
Ine, şular bolsa ägirt uly ylmy we çeper-döredijilikli gelejegi bolan, halkara parahatsöýüjilikli merkeze öwrülen, täze gurluşyk desgalaryň, bilimiň we sportuň, saglygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan diýarymyzyň ajaýyp keşbini emele getirýär.
Ol keşp dürli-dürli - häzirki zaman, işjeň we şol bir wagtda-da ägirt uly taryhy mirasly hem ýönekeý, hem çylşyrymly, parahat, durnukly, täze pikirli we maksatly, myhmansöýer, şadyýan, zähmetsöýer we işine berlen.
Halkymyzyň köptaraply häsýetli bolşy ýaly, ýurdumyz hem köptaraply keşp. Islendik adam bolsa şol keşpde onuň häzirki durmuşymyzy häsýetlendirýändigini, biziň ýeňişlerimizi we ýeten derejelerimzi şöhratlandyrýandygyny görüp biler. Munuň özi halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 2012-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynda ses berip, ýurt Baştutanlygyna saýlamaklary bilen onuň başda durmagynda ynamly geljege barýandygyny görkezýär.
Bu täze neşirler giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Olar türkmenistanlylar ýaly, biziň ýurdumyzyň ähli myhmanlaryna mynasyp sowgat bolar.