Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşyna we döwlet durmuşyna degişli beýleki käbir meselelere, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň başynda ýurdumyzda “Türkmenistan” we “Aşgabat” ady bilen täze kitaplaryň neşir edilendigini habar berdi hem-de ýurdumyzyň şu günki ýeten derejesi, gözel tebigaty, paýtagtymyzda gurulýan beýik binalaryň ajaýyplygy barada gürrüň berýän şeýle neşirleriň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy hem-de Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň gazanan üstünliklerini giňden şöhlelendirmek maksady bilen şeýle işi yzygiderli dowam etdirmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutany mejlisi açyp, onuň gün tertibini yglan etdi hem-de hasabat bermek üçin, hökümetiň Baştutanynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagyna degişli meseleler boýunça hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň 27-28-nj aprelde Belarus Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Şeýle hem DIM-iň ýolbaşçysy düýn türkmen paýtagtynda Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini, oňa iki ýurduň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň gatnaşandygyny, işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyp, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek boýunça anyk meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Mundan başga-da, hasabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde biziň ýurdumyzyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň derejesinde syýasy geňeşmeleriň geçirilendigi, açyk we dostlukly ýagdaýda guralan gepleşikleriň barşynda ykdysady, ulag – aragatnaşyk ulgamynda we ýangyç-energetika toplumynda, gumanitar ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň bolandygy habar berildi.
Milletiň Lideri däbe öwrülen dostlukly türkmen-belarus gatnaşyklaryna degişli mesele barada durup geçip, söwda-ykdysady, şeýle hem gumanitar-medeni ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli we sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, bilelikde işlemek arkaly baý we oňyn tejribe toplanandygyny we hyzmatdaşlyk babatda örän uly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de şolardan dolulygyna peýdalanmagyň zerurdygyny we onuň iki tarapyň bähbitlerine-de laýyk gelýändigini aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz açyklyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, Aşgabatda geçirilen Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisinde garalan meseleleriň bu ýurt bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolmagynda uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň derejesinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda möhüm orny eýeleýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna degişli möhüm jähetlere ünsi çekip, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine ygrarly bolup durýandygyny hem-de şol ýörelgeleriň milli bähbitlere we ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi.
Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň içeri işler ministri
I. Mulikowa söz berildi. Ol özüniň garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere ünsi çekip, ýol- ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi, sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi. Milli Liderimiz bu gürrüňi dowam edip, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda häzirki döwürde ulag gatnawlarynyň artandygyny, paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň, şol bir wagtda bolsa awtoulaglaryň sanynyň köpelýändigini nazarda tutup, bu babatda döwrebap çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz işe, çagalar bagyna, okuwa we beýleki hajatlar bilen ýola çykýan adamlaryň bellenen ýere wagtynda barmagy, gijä galmazlygy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, şeýle hem, eger gerek bolsa paýtagtymyzda döwrebap ulag duralgalarynyň sanynyň artdyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe, şeýle hem wise-premýer A. Ýegeleýewe Aşgabadyň uly awtomobil ýollarynyň birnäçesiniň çatryklarynda ýol hereketini kadalaşdyrmagy üpjün edýän goşmaça ýol aýrytlarynyň gurulmagy, erasty geçelgeleriň sanynyň artdyrylmagy, hereketi sazlaýjylaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Munuň özi ulag serişdeleriniň sanynyň ep-esli artmagy bilen şertlendirilendir.
Hususan-da, bu Andalyp köçesiniň we Atamyrat Nyýazow şaýolunyň, Görogly köçesiniň we Atamyrat Nyýazow şaýolunyň, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň we Kemine köçesiniň, Nowaýy, Seýdi we Mollanepes köçeleriniň çatryklaryna degişlidir. Şol şaýollardan we köçelerden awtoulaglar köp gatnaýar, şeýle bolandan soň, kä halatlarda ulaglaryň köp toplanmagyna getirýär. Munuň özi şol çatryklarda adamlaryň işe, çagalar baglaryna, okuwa we iş orunlaryna wagtynda baryp bilmezliklerine getirýär. Zerur bolan halatynda, ulag ýollaryny giňeltmegiň üstünde işlemek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Biziň ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýändigini, şeýle hem paýtagtymyzda ulag gatnawlarynyň, ýolagçylaryň sanynyň geljekde has-da artýandygyny nazarda tutanyňda, bu işleriň yzygiderli we talabalaýyk ýerine ýetirilmegi şu günki günüň esasy talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli meseleleriň ählisini çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, şunda Aşgabadyň ýol – ulag düzüminiň ýagdaýyna häkimiň ünsüni çekdi. Bu düzüm ähli görkezijiler, şol sanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz daşky gurşawy goramak meselesine ünsi çekip, awtoulaglarda ulanylýan ýangyjyň hilini has-da gowurlandyrmak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 67 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri we maý aýynda boljak beýleki şanly seneleriň, şeýle hem gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylyş dabaralarynyň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.
Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda guraljak däp bolan baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň medeniýet ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşjakdygy bellenildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, ähli şäherlerinde we obalarynda wepat bolan esgerleriň hormatyna gurlan ýadygärliklere gül goýmak, weteranlary hem-de urşuň yzynda galan eneleri hormatlamak dabaralarynyň geçiriljekdigi, konsert meýdançalarynda şanly sene mynasybetli aýdym-sazly çykyşlaryň ýaýbaňlandyryljakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we milletiň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmeginde medeniýet ulgama möhüm ornuň degişlidigini belläp, Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Biz bu senäni däp boýunça giňden we dabaraly belläris diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ähli dabaralara, söweş hem-de zähmet ýoly ýaş nesiller üçin mekdep bolup durýan, beýik hormatyň, ýokary ahlaklylygyň, Watana bolan söýgüniň nusgasyna öwrülen Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynyň, hormatly ýaşulularyň geçirilýän baýramçylyk çärelerine çagyrylmalydygyny belledi.
Biz ýaş nesillerimiziň taryhyň şol pursatlaryny, Ýeňşiň neneňsi gymmat düşendigini unutmazlygy, şol döwrüň nesillerine buýsanmagy üçin tagallalarymyzy gaýgyrmaly däldiris diýip, milli Liderimiz belledi. Biziň ýurdumyzda uruş weteranlary we ýaşuly nesil aýratyn üns we alada bilen gurşalmalydyr. Weteranlara we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna goldaw berilmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler, olara lukmançylyk kömegi hemişe degişli düzümleriň üns merkezinde durmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýle hem maý aýynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygynyň, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň hem-de Türkmen halysynyň baýramynyň giňden belleniljekdigi barada aýdyp, milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini we onuň düýp özeninde watansöýüjilik ýörelgeleriniň bolmalydygyny belledi.
Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, dowarlardan owlak-guzy almak işiniň netijelerini jemlemek, şeýle hem güýzlük galla ideg etmek barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň garamagyna 2012-nji ýylda ýurdumyzda şaly ösdürip ýetişdirmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniläýn Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. Onuň çäklerinde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara ylmy maslahaty, şeýle-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisi geçiriler.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan pudagy ösdürmek boýunça bellenilen belent sepgitlere ýetmek ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bol hasyly ýygnamak maksady bilen, ähli zerur agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu pudaga degişli ylymda gazanylanlary we täze, düşewüntli tehnologiýalaryň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.
Milletiň Lideri “2012-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky” Karara gol çekip, oba hojalyk önümçiligini yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaraly çärelere ünsi çekip, ahalteke bedewlerini mundan beýläk-de ösdürip ýetişdirmek we olaryň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak ugrundaky işleriň möhüm ähmiýetlidigini belledi. Milletiň Lideri özboluşly gözelligi, gelşikliligi we ýyndamlygy bilen tanalýan meşhur “behişdi bedewleriň” biziň milli buýsanjymyz bolup durýandygyny aýdyp, saýlama bedewleriň sergisiniň, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň we sungatyň beýleki görnüşleriniň ady belli ahalteke bedewlerine bagyşlanan bäsleşiginiň türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklarynyň şan-şöhratyny beýgeltmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisiniň hem-de ýetip gelýän baýramçylyga bagyşlanan beýleki çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz ajaýyp bahar paslynda egsilmez şatlyk-şowhun bilen dabaraly bellenýän Türkmen bedewiniň baýramyna daşary ýurtlardan hem çapuksuwarlaryň gatnaşmaga isleg bildirendigini kanagatlanma bilen belläp, uludan tutulýan türkmen toýunda halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlaryna eýerip, şol çapyksuwarlaryň ahalteke bedewlerini çapmagynda ýörite çapyşyk guralsa, oňa gatnaşýan daşary ýurtly çapyksuwarlaryň gazanan netijesine görä, olaryň ýeňijisi bellenilse maksada laýyk boljakdygy barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Biziň ýurdumyzda “behişdi bedewlerimiziň” şan-şöhratyny äleme ýaýmakda ezber çapyksuwarlaryň hem saldamly goşandynyň bardygyny bellemek bilen, milletiň Lideri türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyny, ezberligini göz öňünde tutup we olary höweslendirmek maksady bilen, çapyksuwarlara tapawutlandyrýan derejäniň berilmegini üpjün edýän ýörite düzgünnamany işläp taýýarlamak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, şu ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň birinji mejlisiniň, şeýle hem 29-30-njy maýda “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we onuň durnukly ösüşiniň sebitara ölçegi” atly halkara maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Şol maslahatyň işine iri halkara gurmalarynyň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşjakdygy bellenildi.
Wise-premýer döwlet Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklar barada hasabat berip, Ahal welaýatyna iş saparynyň netijeleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny köp ýyllaryň dowamynda amala aşyrylýan we däbe öwrülen netijeli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Milletiň Lideri bilelikdäkit türkmen-tatar iş toparynyň ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we gumanitar ugurlar boýunça dürli taraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidigini aýtdy.
Milletiň Lideri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagyna bagyşlanyp geçirljek halkara maslahatynyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, ony guramaçylyk taýdan göwnewjaý derejede geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň Ahal welaýatyna iş saparynyň netijeleri barada durup geçip, gözegçilik edilýän edaralarda býujet serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna, maliýe-hojalyk işiniň ýagdaýyna, statistiki hasabata hem-de maliýe we işgärler babatdaky tertip-düzgüniň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilmelidigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem döwlet Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda “Ak şäherim Aşgabat” atly ХI köp ugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň geçirilişi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, senagat, durmuş we ýaşaýyş maksatly täze desgalary gurmagyň uly möçberli maksatnamasynyň Türkmenistanyň köp ugurly ykdysady kuwwatyndan peýdalanylmagyna toplumlaýyn çemeleşilmegine, ilatyň ýaşaýşy boýunça ýokary ülňüleriň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Şol maksatnamany durmuşa geçirmegiň netijesinde türkmen şäherleriniň keşbi düýpgöter özgerýär hem-de döwrebap durmuş-ykdysady desgalaryň döredilmegi bilen baglylykda şäher bilen obanyň arasyndaky tapawutlar azalýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň paýtagtynyň Orta Aziýanyň iri işewürlik we medeni merkezi hökmünde ykrar edilip, döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň täsin galdyrýan nusgasyny özünde jemleýändigini hem-de bu ýerde gözelligiň we amatlylygyň, binagärligiň, inženerçilik-tehniki oý-pikiriň öňdebaryjy gazananlarynyň we milli binagärligiň gadymy ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri “Ak şäherim Aşgabat” atly ХI köp ugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň geçirilmeginiň diňe bir ýurdumyzda özgertmeleri amala aşyrmakda geçirilen işleri we üstünlikleri görkezmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitlemäge, dünýäde toplanan iň oňat tejribe bilen tanyşmaga hem-de ýurdumyzda innowasion çemeleşmeleriň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam edýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyň we “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 67 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky” Permanyň taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň telekeçileriniň partiýasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygy goraýyş we şypahana ulgamy boýunça köp sanly desgalaryň gurlandygyny hem-de gurulýandygyny, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylandygy belledi. Milli Liderimiz “Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” karara gol çekip, döwletimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseläni hemişe üns mekrezinde saklajakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gezanylan Ýeňşiň 67 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky” Permana gol çekip, frontçy esgerlere we uruş ýyllarynda ýeňşiň hatyrasyna güýç-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekenlere niýetlenen pul baýraklarynyň we beýleki gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynyň baýramçylyk äheňinde guralmagy barada anyk tabşyryklary berdi. Döwletimiz mähriban topragymyzyň erkinligi ugrunda söweşen gaýduwsyz esgerlerimiz, söweşe gatnaşanlar we ýanýoldaşyny uruşda ýitiren eneler üçin ähli amatly şertleri yzygiderli döreder, olar babatdaky alada hemişe üns merkezinde bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň telekeçileriniň partiýasyny döretmek hakyndaky meselä geçmek bilen, biziň ýurdumyzda köp partiýaly ulgamyň kemala gelmegi jemgyýeti mundan beýläk demokratiýalaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň rowaçlyga beslenmegini şertlendirer diýip nygtady.
Köp partiýalylygyň emele gelmegi döwlet dolandyryş ulgamyndaky giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek we syýasy usullary döwrebaplaşdyrmak, ýurdymyzda durmuş, raýat institutlarynyň ornuna we ähmiýetine baha bermek nukdaýnazaryndan has-da derwaýysdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulýyew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işler, şol sanda “Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň iki sany ykjam port kranyny satyn almagy we getirmegi hakyndaky” kararyň taslamasy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer şäheriçi we şäherara awtobuslaryny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynyň milli ykdysadyýeti yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň içinde we ulag gatnaýan halkara ugurlary sazlaşykly ösdürmek bilen baglylykda deňiz we derýa arkaly gatnawlaryň ähmiýetiniň artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri wise-premýere deňiz tehnikasynyň ulanylýan parkyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy önümçilik, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümiň hiline we bäsdeşlige ukyplylygyna degişli ölçegler boýunça has ýokary sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýän dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň, täze inženerçilik çözgütleriniiň ulanylmagyny esasy ugur edinýändigine aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanda awtoulag pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegine uly üns berilýändigini nygtap, bu pudagyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň hem-de işiň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere täze awtobuslaryny satyn almak bilen bagly meseleleri jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hususan-da, Hazaryň kenarynda döredilýän dünýä derejeli şypahana toplumynyň gurluşygynyň barşy hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz täze nebitgaz ýataklaryny we beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň jemlenen ýerlerini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmak bilen baglanyşykly taslamalara aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp baryýlan gurluşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz Hazaryň kenarynda gurluşygy alnyp baryýlan desgalarda ýerine ýetirilen işleriň barşynda olaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagyna hemişe üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlap gelýändigi hem-de Awazanyň şypahanalarynda dynç almaga isleg bildirýänleriň sanynyň artmagy netijesinde şypahana zolagyny abadanlaşdyrmak, türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň tebigy gözelligini saklamak, suwa düşülýän ýerleriň arassaçylygyny üpjün etmek boýunça goşmaça çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýyew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işler hem-de ýurdumyzyň maýa goýumlary, önümçilik we eksport bilen bagly kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna taslamalaryň birnäçesini hödürledi. Olaryň arasynda 240 orunlyk köp gatly awtomobil duralgasynyň taslamasy hem bar. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurlar. Umumy meýdany 7 müň inedördül metrden gowrak bolan bu desga häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli amatlyklar dörediler diýlip, hasabatda bellenildi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 20-nji senitýabrdan 10-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda GDA goşulýan ýurtlaryň önümleriniň ýarmarkasyny guramak bilen bagly işler barada aýtdy.
Şeýle hem şu ýylyň 3-5-nji maýynda Aşgabatda ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ikinji sergisiniň we türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy, bulara kompaniýalaryň we guramalaryň 100-den gowragy wekilçilik edýän amerikan işewürleriniň 300-e golaýy gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maýa goýumlary we eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna, daşary söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine hem-de pudaklara täze tehnologiýalaryň we maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde göz öňünde tutulýan halkara çäreleriň ählisini guramaçylyk taýdan göwnejaý derejede geçirmegiň zerurdygyny belläp, biziň ýurdumyzyň degişli düzümleriniň şunuň ýaly abraýly halkara çärelerine yzygiderli gatnaşýandygyny, bu bolsa açyklyk hem-de özara peýdaly esasda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegini şertlendirýändigini aýtdy. Munuň özi ahyrky netijede milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlar boýunça sazlaşykly we batly depginlerde ösmegine kuwwatly itergi berer diýip belledi. Şu jähetden milli Liderimiz dünýä derejesinde guralýan halkara çärelerine zerur taýýarlyk işleriniň üpjün edilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýurdumyzyň Prezidentiniň degişli düzümiň işini guramak we maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak, şeýle hem şu ulgama degişli iri desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri hasabaty jemläp, Iş dolandyryş müdirliginiň işini kämilleşdirmek, hökümet we dolandyryş edaralaryny mundan beýläk-de maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek, işleriň dolandyrylmagyna täze tehnologiýalary we döwrebap guramaçylyk usullaryny ornaşdyrmak we şu ugur boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada tabşyryk berdi. Milletiň Lideri şu ugra degişli düzümleriň hereketlerini utgaşdyrmak we olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmek bilen bagly ähli meselelere berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, döwlet Baştutany tarapyndan kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda milli parlamentiň deputatlarynyň alyp barýan jemgyýetçilik we kanun çykaryjylyk işleri barada habar berdi. Mejlisiň iş komitetlerinde birnäçe ugurlara degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, bar bolan namalara üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegine guramaçylyk taýdan taýýarlanmak halk wekilleriniň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleriň we maslahatlaryň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Döwlet Baştutany kadalaşdyryjy namalary döretmegiň döwlet syýasatyny we milli özgertmeleri amala aşyrmagyň esasy täri bolup durýandygyny belläp, parlamentiň adamlaryň ýaşaýşynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýat institutlarynyň pugtalandyrylmagyna we demokratik ýörelgeleriň berkarar edilmegine ýardam bermek babatdaky işiň wajyp ähmiýetli ugurlaryna deputatlaryň toparynyň ünsüni çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň saýlan adamlaryny öz okruglarynda tijenip işlemäge, ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen arkalaşykly işlemäge çagyryp, ilat bilen yzygiderli duşuşyklaryň deputatlaryň işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemelidigini belledi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisi tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti oňa gtanaşyjylara berk jan saglyk hem-de ata Watanymyzyň rowaçlygy, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy we abadançylygy ugrundaky işlerde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.