Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 642
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 67 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 67 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şol sanda uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmaga borçly edildi.

* * *

"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny" hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we pudagyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmak hem-de täze häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň toplumyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “2012-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky” Karara gol çekdi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ulaglar pudagyny has-da ösdürmek we “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny hem-de Türkmen Deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň tehniki binýadyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna Türkmenbaşy halkara deňiz porty üçin “Liebherr LHM 180” kysymly 2 sany ykjam port kranyny satyn almak we getirmek barada Awstriýa Respublikasynyň “Liebherr—Werk Nenzing GmbH” öndüriji kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.