Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň energetika we kömir senagaty ministri Ýuriý Boýkony kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirp, Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň döwlet Baştutanymyza iberen hoşniýetli arzuwlaryny we soňky döwürde uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagynyň uly ähmiýete eýedigi barada aýdanlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň ukrainaly kärdeşine iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Şeýle hem-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan öz tarapyndan ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň ulgamynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna hemişe üns berýär diýip belledi.
Soňky ýyllarda ähli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýuriý Boýko netijeli bilelikdäki işiň oňyn tejribe bilen berkidilen ägirt uly mümkinçilikleri, şeýle hem taraplaryň Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen netijlei özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryna kanagatlanma bilen bellediler.
Iki dostlukly ýurduň milli ykdysadyýetiniň binýatlaýyn esasy bolup durýan ýangyç-energetika toplumyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar söhbetdeşligiň özenini düzdi. Bu ugurdaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine bolan ikitaraplaýyn meýilleri bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz hem-de Ukrainanynyň energetika we kömür senagaty ministri asyrlaryň dowamynda türkmen we ukrain halklaryny baglanyşdyrýan mizemez dostluk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täze, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Milli Liderimiz we myhman hoşlaşanlarynda birek-birege parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk arzuw edip, özara gyzyklanmalara jogap bolup durýan işjeň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.