Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 624
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmagyň esasy ugurlary we meseleleri, şeýle hem degişli düzümlerde işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, gowaça ekilişiniň barşy, ak ekinlere ideg edilişi, orak möwsüminde işlediljek tehnikalaryň, däne ýygnaýan kombaýnlaryň, awtoulaglaryň, galla önümleri kärhanalarynyň we däne saklanjak ammarlaryň taýýarlygynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem aprel aýynyň soňky ekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek babatda düzülen maksatnama barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty ähli ugurlar boýunça ösdürmek babatda gaýragoýulmasyz meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, obasenagat toplumynda wajyp möwsümleýin işleriň biri hasaplanýan gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda bellenilen möhletinde we ýokary hilli tamamlanmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ak ekinlere edilýän idegi güýçlendirmek bilen bir hatarda galla oragynyň başlanmagyna hem az wagtyň galandygyny ýatladyp, bu jogapkärli işde ähli tehnikalaryň taýýarlyk hataryna öz wagtynda birkemsiz çykarylmagyny üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä degip geçmek bilen, onuň welaýatyň ähli künjeklerinde türkmen toýuna mahsus öwüşginde geçirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen giňişleýin mejlisinde gol çekilen Kararlara laýyklykda welaýatyň çäginde gurulmagy göz öňünde tutulýan ähli desgalaryň gurluşygyna haýal etmän başlamak barada häkime görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesinden ybarat düzümdäki döwlet toparynyň Ahal welaýatynda iş saparynda bolup, obalary ösdürmegiň Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işlere seljerme geçirendigini, welaýatda maksatnama boýunça edilmeli işleriň örän haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 2008-2011-nji ýyllarda welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilen 143 sany medeni-durmuş maksatly desgalaryň häzire çenli diňe 54-siniň gurlandygyny, möhletiniň geçendigine garamazdan, 67 desgada gurluşyk işleriniň henizem dowam edýändigini, şeýle hem 22 desganyň gurluşygynyň asla başlanmandygyny belledi. Welaýatda gurulmaly ýaşaýyş jaýlarynyň 33 göterimine golaýy gurlupdyr. Möhletiniň geçendigine garamazdan, olaryň 53 göteriminde häzir hem gurlşyk işleri dowam edýär, 14 göteriminde bolsa gurluşyk işlerine asla başlanmandyr.

Häzirki döwürde welaýatda inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy bary-ýogy 35 göterim ýerine ýetirilipdir, ulag ýollarynyň we elektrik geçirijileriniň, suw üpjünçilik we lagym ulgamlarynyň, gaz geçirijileriniň gurluşygy hem haýal alnyp barylýar.

Şeýle pes görkezijiler birnäçe ýaramaz ýagdaýlar bilen bagly bolup, olaryň arasynda ilkinji nobatda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslama resminamalaryny ylalaşmak üçin 2-3 aýa derek, welaýat häkimligi tarapyndan işleriň ýaramaz guralandygy sebäpli, ol 12-14 aýa çenli ýetýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Welaýat häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary bu işleri guramakda kemçiliklere ýol berýär hem-de degişli çözgütleriň kabul edilmegini uzaga çekdirýär, munuň özi ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz obalary ösdürmegiň Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmagy berk talap etdi.

Bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin milli Liderimiz degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde birnäçe işleri, şol sanda taslama edaralary bilen bilelikde bir görnüşli nusgalyk taslamalary taýýarlamak we olary amala aşyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalary zerur bolan gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek, ýol-gurluşyk işleriniň bahalaryny kesgitleýän tertibe zerur bolan üýtgetmeleri girizmek boýunça işleri gysga möhletlerde geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem binagärlik-gurluşyk we inženerçilik hünärleri boýunça ýurdumyzyň ýokary we orta hünärmentçilik mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň sanyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Gurluşyk işleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, döwlet Baştutany etrap häkimliklerinde düýpli gurluşyk bölümlerini döretmek we ähli täjirçilik banklaryny hususy kärhanalara we telekeçilere maýa goýumlary üçin ýylda 5 göterim bilen ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýarly etmek barada görkezme berdi.

Degişli maksatnamany ýerine ýetirmekde Ahal welaýatynda ýol berlen kemçilikleriň esasy sebäbini ýerlerde işleriň nädogry guralmagy, ýolbaşçylaryň öz wezipe borçlaryny kanagatlanarsyz ýerine ýetirmegi bilen düşündirmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Şonuň üçin olar şu aýdanlarymdan degerli netije çykaryp, alnyp barylýan işleriň barşyny seljermelidir we bar bolan kemçilikleri düzedip, ähli bellenilen işleri gysga möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Soňra wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy, ol ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen giňişleýin mejlisinde kabul edilen kararlara laýyklykda, gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygyna girişmek bilen baglanyşykly işler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýatda galla oragyna girişmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri, orakda işlediljek ähli görnüşli tehnikalary taýýarlyk hataryna öz wagtynda çykaryljakdygy, şeýle hem häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatyň beýleki ýerlerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçiriljek çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, milli buýsanjymyz bolan bedewleriň şanyna guralýan toýlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugry bolan galla oragyna görülýän taýýarlyk işleriniň kabul edilen kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny, galla oragynda işlediljek tehnikalaryň we elewatorlaryň orak möwsümine irgözinden taýýarlanmalydygyny aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatda häzirki döwürde alnyp baprylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, orak möwsümine görülýän taýýarlyk, möwsümde işlediljek dürli görnüşli tehnikalaryň taýýarlyk ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem hakim Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Mundan başga-da, welaýatyň ýolbaşçysy sebitiň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişi, täze gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly çäreler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatyň ähli hojalyklarynda galla oragyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmagy, Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berip, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen giňişleýin mejlisinde welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalar barada kabul edilen kararlara laýyklykda, gurluşyk işlerine başlamak bilen baglanyşykly işlere ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat bilen çykyş etdi. Häkim welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy. hususan-da, galla oragyna görülýän taýýarlyk hem-de welaýatda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuşynyň ähli ugruny öz içine alýan işleriň depginini ýokarlandyrmak barada aýdyp, sebitiň durmuş we senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi ugrunda ähli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli ýerlerinde Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan ähli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary hilli guralmagy we olaryň öz wagtynda tabşyrylmagy babatda zerur tagallalar görülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň dowardarlarynyň owlak-guzy möwsümini üstünlikli jemländikleri barada habar berdi. Mundan başga-da, hakim welaýatyň durmuş we senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramynyň şatlyk-şowhuna beslenmegi, onuň göwnejaý geçirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz milli maksatnamanyň çäklerinde Mary welaýatynda gurulýan desgalaryň tabşyrylmaly möhletlerinden yza galmaly däldigi, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi barada aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna çagyrylan Türkmenistanyň oba hojalyk ministri M.Baýramow pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ýerlerde galla oragyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň şu günki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmeginiň üpjün edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu pudakda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny gazanmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri hemişelik gözegçilikde saklamagy we olaryň anyk netije bermegi ugrunda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmegi ministrden berk talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýew çagyryldy.

Ol öz çykyşynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragynda işlediljek tehnikalary öz wagtynda taýýarlyk hataryna çykarmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bar bolan ähli tehnikalaryň göwnejaý derejede saklanmagy, olaryň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we galla oragynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlygynda hiç hili bökdençlige ýol berilmeli däldigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz orak möwsüminde tehnikalara hyzmat edýän ýörite toparlaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigi barada aýtdy.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, ýurdumyzda täze elewatorlary gurmak boýunça taslamalaryň ilerleýşi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmen bedewiniň baýramçylygyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilýändigini, daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň bol hasyl eçilýändigini aýdyp, bu işleriň depginini has-da ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň durmuşynda möhüm we jogapkärli döwrüň—galla oragynyň golaýlandygyny belläp, orak möwsümini bellenilen möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň yhlasly zähmetleri netijesinde ösdürilip ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnalmagy bilen baglanyşykly ähli işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk alnyp barylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz galla oragynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň kada laýyk bolmagy, ýygnalan dänäni saklamaga niýetlenen desgalarda zerur bolan işleriň irgözinden ýerine ýetirilmegi barada aýdyp, oraga dahylly ähli işleriň göwnejaý guralmalydygyny aýratyn nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň baýramynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösüşini hem-de merdana halkymyzyň maddy hal-ýagaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün eder diýip belledi.

Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen wajyp wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmekde üstünlikler, berk jan saglyk arzuw etdi.