Ï Türkmenistanyň Prezidenti “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 873
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi.

Holdingiň başlygy döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, ýüzbe-ýüz duşuşyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Uly gyzyklanma bildirilýän türkmen bazarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin oňaýly şertleriň döredilendigini nygtamak bilen, myhman özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen ýola goýulýan doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli dowam etmäge meýillidigini mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilmegine birnäçe ýyl bäri işjeň gatnaşýan türkiýeli hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklar üçin açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşygyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de gurluşyk pudagyndaky bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna “NATA Holding” kompaniýasynyň gatnaşmaga bolan mümkinçiliklerine garadylar. Namyk Tanyk iri gurluşyk holdinginiň Türkmenistanda ýerine ýetiren işleri barada hormatly Prezidentimize hasabat berip, özüniň ýolbaşçylyk edýän toparynyň mundan beýläk-de hyzmatlaryny hem-de tejribesini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Türkiýäniň kompaniýasynyň ykdysadyýetiň gurluşyk we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda bu iri kompaniýanyň biziň ýurdumyzda köpri gurluşygynda netijeli işleýän holding hökmünde özüni tanadandygy bellenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanda iri möçberli milli taslamalary durmuşa geçirmegiň jähetinde Namyk Tanyk özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe anyk teklipleri aýtdy.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda “NATA Holding” kompaniýasynyň başlygy döwlet Baştutanymyzy kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.