Ï Innowasion tehnologiýalar milli saýlaw ulgamynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Innowasion tehnologiýalar milli saýlaw ulgamynda

view-icon 596
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklary hem-de kätipleri, şeýle hem Merkezi saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin “Saýlawçylaryň elektron sanawyny işläp düzmek: halkara we milli tejribe” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we BMG-niň “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny pugtalandyrmak” diýen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde geçirilen maslahatyň işine saýlaw ulgamlaryny kämilleşdirmek we ösdürmek babatda esasy halkara bilermenler jenap Frik Oliwýer we hanym Hadiji Miro gatnaşdylar.

Halkara bilermenleriniň saparynyň maksady maglumatlar – tehniki serişdeleri döwrebaplaşdyrmagyň geljegini kesgitlemekde, saýlawçylaryň elektron sanawyny işläp düzmekde we 2012-nji ýyl üçin her ýylky bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde saýlawçylary bellige almak boýunça okuwlary geçirmekde Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparyna goldaw bermekden ybaratdyr.

Şu günki maslahatyň çäklerinde Internet – serişdeleri ulanmak, saýlaw işine elektron resminamalar dolanyşyk ulgamyny ornaşdyrmak we şonuň esasynda saýlawçylaryň elektron sanawyny işläp düzmek babatda tehniki we maglumatlar binýadyny döretmek boýunça daşary ýurtlaryň saýlaw toparlarynyň iş tejribesi hödürlenildi. Maslahata gatnaşyjylar maglumatlary ýygnamagyň, olaryň üstünde işlemegiň, saklamagyň, ýetirmegiň we seljermegiň hilini gowulandyrmak meselelerinde elektron resminamalar dolanyşygynyň ähmiýetini bellediler.

Halkara bilermenleriniň saparyň barşynda şeýle hem Merkezi saýlaw toparynda, Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda iş duşuşyklary we geňeşmeler geçirildi. Olarda saýlawçylaryň bitewi elektron sanawyny işläp düzmekde we ses bermek çäresini kämilleşdirmekde häzirki zaman maglumatlar tehnologiýalaryny we kommunikasiýalaryny netijeli ulanmagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem jenap Frik Oliwýer we hanym Hadiji Miro Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň öňünde saýlaw toparlarynyň işiniň halkara tejribesine bagyşlanan mowzuk bilen çykyş ederler.