Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) nobatdaky ХХI gurultaýy geçirildi. Forumyň işine TGÝMJ-niň welaýat bölümlerinden wekiller, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän esasy halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gurultaýyň gün tertibine Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi geňeşiniň we maliýe toparynyň 2007-2011-nji ýyllarda geçiren işiniň netijeleri we olaryň täze düzüminiň saýlawlary, şeýle hem bu düzümleriň TGÝMJ-niň Düzgünnamasyna we Tertipnamasyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly meseleler goşuldy.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik ýörelgeleri hem-de şol ýörelgeleriň esasynda amala aşyrýan işleri biziň yglan eden we häzirki wagtda gyşarnyksyz durmuşa geçirýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgämiz we hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz bilen sazlaşyp gelýär” diýlip nygtalýar. Milletiň Lideri bu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, göwnaçyklyk, sabyrlylyk, adamkärçilik, rehimdarlyk ýaly gylyk-häsiýetlerine kybap iş alyp barýandygyny we ýurdumyzda uly abraýa eýe bolýandygyny belläp, Jemgyýetiň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolup, rehim-şepagata, adamkärçilige ýugrulan işleri dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketiniň “2020-nji ýyla çenli strategiýasy” babatda hasabat döwründe Milli jemgyýet hökümet, ministrlikler, pudaklaýyn edaralar, jemgyýetçilik guramalary, ýerli ýerine ýetiriji edaralar bilen bilelikde uly we köp ugurly işleri geçirdi. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketiniň milli jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary saklanyldy we ösdürildi.
TGÝMJ täze taryhy eýýamda Türkmenistanda milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we türkmen jemgyýetinde ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga, ilatyň bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramaga, maşgala institutynyň derejesini berkitmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşyp, öz wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli jemgyýetiň giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine manysyp goşant goşýandygy nygtaldy.
TGÝMJ-niň nobatdaky gurultaýynyň işiniň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ХХI gurultaýynyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen döwletiniň baştutanynyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda jemgyýetiň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.