Ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Belarus Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy we hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagatdan iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen belarus paýtagtynyň “Minsk-2” milli howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ter gül desselerini gowşurdylar, däbe görä duz-çörek hödür edildi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Sergeý Martynow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Şeýle hem Minskiniň howa menzilinde milli Liderimizi Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary garşyladylar. Bu ýerde bolan gysgaça söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen talyplarynyň okuwy we durmuşy bilen içgin gyzyklandy we olara okuwda üstünlik gazanmaklaryny, bilim almakda, saýlap alan hünärine eýe bolmakda maksada okgunly bolmaklaryny arzuw etdi. Talyplar öz gezeginde milli Liderimize ýurdumyzyň ýaş nesilleri barada yzygiderli alada edýändigi, halkara ülňüleriniň derejesinde bilim almaga, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga döredilýän mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz iki tarapyna hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülen haly ýodajyk bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň we daşary işler ministriniň ugratmagynda howa menziliniň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen zalyna geçýär we şol ýerde gysgaça söhbetdeşlik bolýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni howa menzilinden Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň resmi kabulhanasyna tarap ugraýar.
Türkmen Lideriniň Belarus Respublikasyna nobatdaky resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda tapgyrlaýyn waka bolmak bilen, soňky ýyllarda täze mazmun bilen üsti ýetirilen netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýolundaky möhüm ädimdir. 2009-njy we 2011-nji ýyllarda Aşgabatda hem-de 2010-njy ýylda Minskide geçirilen ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň barşynda söwda-ykdysady pudakda we gumanitar-medeni ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Lebap welaýatynda ägirt uly täze senagat desgasy bolan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy babatda bilelikdäki iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň ykrarnamasydyr. Şeýlelikde, Belarus Respublikasynda geçiriljek ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikler Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine köpugurly gatnaşyklary ugur edinýän oňyn syýasata ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.
Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň öňüsyrasynda Minsk şäherinde biziň ýurdumyzyň hökümet toparynyň belarus kärdeşleri bilen duşuşyk geçirendigini bellemek gerek. Şeýle hem şol gün bu ýerde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparyna başlyklyk edijileriň duşuşygy boldy. Dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada bolan pikir alyşmalar duşuşygyň esasyny düzdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň resmi kabulhanasynyň ýanynda saklanýar. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy bolýar. Kabulhananyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet baýdaklary parlaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ulagyň ýanynda Prezident Aleksandr Lukaşenko mähirli garşylaýar.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Meýdançada hatara duran hormat garawulynyň esgerleriniň serkerdesi dabaraly ýagdaýda raport berýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýär. Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, türkmen Lilderi hem öz gezeginde belarus kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra iki döwletiň Baştutanlary hormat garawulynyň rotasynyň dabaraly ýörişini kabul edýärler.
Prezident Aleksand Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kabulhana çagyrýar we şol ýerde “Mawy zalda” Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde iki ýurduň Liderleriniň resmi surata düşmek dabarasy bolýar.
Soňra ikiçäk ýagdaýda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri geçirildi.
Belarus Lideri belent mertebeli türkmen myhmanyny – öz ýakyn dostuny we belarus halkynyň beýik dostuny Minskide ýene bir gezek görýändigine örän şatdygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna resmi saparyna döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde baha berilýändigini we saparyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň netijeli we köpugurly häsiýetini belläp, Belarus Respublikasynyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly goşant goşandygyny aýratyn belledi. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýallarda many-mazmun taýdan baýlaşdy we häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň taryhynda görlüp-eşidilmedik derejesine ýetdi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen tarapynyň belarus hyzmatdaşlaryna Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaga döredýän mümkinçiligi netijesinde Belarus Respublikasynyň senagat pudagynyň önümçilik depgininiň ep-esli artandygyny aýratyn kanagatlanmak bilen belledi. Belarusuň döwlet baştutany muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň soňky ýyllarda belarus oba hojalyk tehnikasyny yzygiderli satyn almagyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda Belarusuň Türkmenistana öz ylmy we senagat kuwwatyny bermäge taýýardygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edendikleri üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini kanagatlanmak bilen belledi we öz gezeginde Türkmenistanyň hem Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki gepleşikler ilki başda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berer diýip belledi.
Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda işjeň we netijeli esasda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň jähedinde türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýyny we geljegini nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.
Soňra “Belarus zalynda” gepleşikler iki ýurduň hökümet toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny belarus topragynda ýene bir gezek mähirli mübärekläp, öz ýurdunyň dostlukly Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda belarus lideri ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň halkara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmek, ähli gazanylan ylalaşyklary iki ýurduň we halkyň bähbitlerine netijeli amala aşyrmak üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Batly depginler bilen ösýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, Prezident Aleksandr Lukaşenko bu ileri tutulýan ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol sanlara we maglumatlara üns berip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy bäş esse artdy we 2011-nji ýylda ABŞ-nyň 200 million dollaryndan geçdi diýip belledi. Belarus Respublikasynyň baştutany öňe tarap has batly hereketi üpjün etmek üçin degişli ugurda mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny nygtady.
Taraplaryň ünsüni özüne çekýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň taslamasyny amala aşyrmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, Preziden Aleksandr Lukaşenko bu taslamanyň ýakyn ýyllarda tamamlanjakdygyna ynam bildirdi we belarus lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň kaliý senagatynda höwri köp boljak ilkinji desganyň açylyşy bolar. Belarus Respublikasynyň baştutany biziň ýurdumyzyň howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezen belarus tehnikasynyň Türkmenistana iberilmegini türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ýene bir ugry hökmünde görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu taslamalary ösdürmäge berýän ünsi üçin hoşallyk bildirdi.
“Biziň gatnaşyklarymyzyň ynanyşmak derejesi bize diňe gazanylan ylalaşyklary netijeli amala aşyrmaga däl-de, eýsem, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işjeň açmaga mümkinçilik berýär” diýip, belarus lideri aýtdy. Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň nygtaýşy ýaly, Belarus Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary, şol sanda ýurduň häzirki zaman kuwwatly önümçilik mümkinçiliklerini döretmek boýunça taslamany amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyr.
Belarus lideriniň aýtmagyna görä, iki ýurduň soňky döwürde eden bilelikdäki tagallalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk netijelerini gazanmaga, syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berdi. Şunda Prezident Aleksandr Lukaşenko häzirki zaman Türkmenistan Belarus Respublikasy üçin hakyky strategik hyzmatdaşa öwrüldi diýip belledi.
Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde gumanitar ulgamynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň meselelerine ünsi çekmek bilen, Belarusyň baştutany soňky birnäçe ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň biri hem bilim babatda bilelikdäki çözgütler kabul edilmezden bolup geçmeýär diýip belledi. Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň nygtaýşy ýaly, şu okuw ýylynda Belarusyň dürli sebitlerinde türkmen raýatlarynyň 6 müňe golaýy bilim alýar we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin uzakmöhletleýin binýady döredýär.
Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada öz ýurdunyň teklibini aýtmak bilen, belarus lideri, hususan-da, Türkmenistanda orta hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça okuw mekdebini döretmegi teklip etdi. Şeýle okuw mekdebi Lebap welaýatynda kemala gelýän dag-magdan önümçiligini hem işgärler bilen üpjün edip biler. Degişli teklipler boýunça iki ýurduň Bilim ministrlikleri eýýäm iş alyp barýarlar diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy.
Ýakyn ýyllar üçin netijeli hyzmatdaşlygyň täze ölçeglerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän resminamalaryň gol çekmäge taýýarlanylmagy Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ykdysady hem-de gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge özara islegleriniň bardygyna şaýatlyk edýär diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.
Halkara ýagdaýynyň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň nukdaý nazarlarynyň meňzeşdigini kanagatlanmak bilen belläp, belarus lideri Belarus Respublikasynyň abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen mundan beýläk-de işjeň gatnaşyklary, şol sanda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna şu resmi saparynyň hem-de Minsk şäherinde geçirilen gepleşikleriň jemleriniň ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşýan döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, Belarus Respublikasynyň Prezidenti dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Milli Liderimiz Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmäge çakylyk, myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertlere minnetdarlyk bildirip, ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we birek-birege ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagy iki ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän strategik wezipeleri netijeli durmuşa geçirmegiň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bir ýyl mundan ozal, has takygy, geçen ýylyň 28-29-njy aprelinde Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň bolandygyny ýatlady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikiçäk ýagdaýda geçen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belläp, taraplaryň pikirine görä, häzirki döwürde türkmen-belarus gatnaşyklarynyň has okgunly we netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Bu gezekki duşuşyk hem Türkmenistanyň we Belarusyň birnäçe wajyp meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny görkezdi we iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň yzygiderli geçirilýändigini hem-de ösdürilýändigini tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwletara syýasy gatnaşyklaryny ösdürmekde halkara giňişligindäki özara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň häzirki zamanyň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Taraplaryň iri halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň işjeň başlangyçlaryny, şeýle hem biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň agzalygyna 2013—2015-nji ýyllaryň döwründe saýlanmagyny goldandygy üçin Belarusyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Belarusyň abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde öňe sürýän tekliplerine uly hormat bilen garaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam etmek bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ýola goýulýan ýygjam gatnaşyklaryň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny anyk kesgitlemäge hem-de möhüm halkara meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň iş ýüzünde yzygiderli dowam etdirilmelidigi hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz halkara ugrunyň jähetinde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň 2012-nji ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň “RIO+20” durnukly ösüş boýunça maslahatynyň işine gatnaşýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň çäklerinde iki ýurduň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde zerur bolan dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny netijeli utgaşdyrmaga, onuň syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, guramaçylyk we tehniki serişdeler taýdan jemlenmegine gönükdirilen anyk çözgütleri kabul etmek boýunça sazlaşykly işlejekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan we Belarus Respublikasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde syýasy, ykdysady, ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň yzygiderli tarapdarlary bolup durýarlar we bu babatda oňyn tejribe topladylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2012-nji ýylda GDA Başlyklyk ediji ýurt bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda birnäçe möhüm çäreler meýilleşdirildi we biz Belarusyň bu çäreleriň taýýarlanmagyna we geçirilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasy bilen dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, uzakmöhletleýin esasda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň pugta hukuk binýadyny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamialar toplumynyň gol çekmek üçin taýýarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2011-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi 2010-njy ýyldakydan 2,6 esse artdy we ABŞ-nyň 210,3 million dollaryna barabar boldy. Ýöne munuň özi iki ýurduň bar bolan mümkinçiliklerine doly laýyk gelmeýär. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny täzeden seljermek zerurlygy ýüze çykýar we gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, netijeli gepleşiklere girişmek gerek. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparyna ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artdyrmagyň hem-de özara eksport we import gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrmagy teklip etdi. Şunda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň iki döwletiň paýtagtlarynda açylan Söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynda hyzmatdaşlyk boýunça işewürlik geňeşiniň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.
Ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada aýdylanda bolsa, bu ýerde energetika pudagynda özara hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyna üns bermek zerurdyr. Hususan-da, belarus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň nebit we gazy gaýtadan işleýän pudagynda hem-de elektrik energetika düzümini döwrebaplaşdyrmakda bilelikde alnyp barylýan işleriň geljegi uly hasaplanylýar.
Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, häzirki döwürde Türkmenistan Belarus Respublikasyna ýangyç-energetika toplumynyň, dokma, ýeňil we himiýa senagatlarynyň önümlerini ugradýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Belarus Respublikasy bolsa öz gezeginde biziň ýurdumyza ulag serişdelerini, oba hojalyk we ýol gurluşyk tehnikalary, stanoklary we enjamlary, lukmançylyk önümlerini, gurluşyk, azyk, hojalyk we beýleki harytlary iberýär.
Ýakynda Türkmenistanda senagatlaşan jemgyýeti döretmek maksady bilen milli ykdysadyýeti güýçli depginlerde ösdürmegi öz içine alýan ýurduň 2012-2016-njy ýyllar üçin ykdysady ösüşiniň maksatnamasy tassyklandy. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan iň ýakyn geljekde maýa goýum işjeňligini artdyrar we ýokary tehnologiýaly önümçiligi döretmek ugrunda işlär, bu babatda öňdebaryjy senagat pudaklarynda ägirt uly kuwwaty bolan Belarus Respublikasy biziň ýurdumyz bilen ygtybarly hyzmatdaş bolup biler. Häzirki döwürde Türkmenistanda belarus maýa goýumynyň gatnaşmagynda 15 kärhana hereket edýär. Biziň ýurdumyzda belarus kompaniýalyrynyň 13-siniň maýa goýum taslamalaryna gatnaşýandygy bellige alyndy, munuň özi ABŞ-nyň 1 milliard 123 million dollaryna barabardyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu görkezijileriň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça ýyllyk kuwwaty 1-1,5 million tonna barabar bolan zawodyň gurluşygy özara bähbitli türkmen-belarus gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyga laýyklykda, zawodyň gurluşygyny Garlyk ýatagynda “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti alyp barýar. Minskiniň awtoulag we traktor zawodlarynyň Türkmenistana awtoulag hem-de oba hojalyk tehnikalaryny örän köp mukdarda ugradýandygy hem bellenilmäge mynasypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak boýunça bilelikdäki işiň netijeliligini artdyrmak geljekde biziň ýurdumyzda işleýän belarus kärhanalyrynyň sanynyň köpelmeginiň we işiniň ugurlarynyň giňelmeginiň baş şertidir diýip belledi.
Işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň hatarynda görkezilýän syýahatçylyk boýunça diýseň oňaýly mümkinçilikler bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, Hazaryň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça uly möçberli we geljegine uly umyt baglanýan maksatnama amala aşyrylýar, şunda belarus kompaniýalary dürli görnüşdäki maýa goýumly taslamalary durmuşa geçirmek arkaly şoňa işjeň goşulyşyp biler diýip belledi.
Türkmen döwletiiniň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýan gumanitar ulgam boýunça däbe öwrülen hyzmatdaşlyga degişli meseleler barada durup geçip, hususan-da, 2010-njy ýylda Minskide we 2012-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleriniň uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Şol wakalar netijeli we döredijilikli türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly badalga berip, dostlukly iki halkyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy täze we täsirli many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol gatnaşyklary dowam etdirmegiň hem-de tejribeli hünärmenleriň, tanymal alymlaryň, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda özara arkalaşykly hereket etmegiň täze görnüşleriniň gözlenip tapylmagynyň möhümdigini belläp, ýakyn geljekde iki ýurtda türkmen we belarus kinosynyň hepdeliklerini geçirmegi teklip etdi.
Türkmen Lideri taraplaryň ylym we bilim ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini belläp, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda amala aşyrylýandygyny çuňňur kanagatlanma bilen belledi. Mälim bolşy ýaly, Belarus Respublikasy hünär taýdan ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýigitleriniň we gyzlarynyň müňlerçesi Belarusuň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýaplar. Türkmen döwletiniň Baştutany bu barada durup geçmek bilen, bilim boýunça goldaw berilýändigi we hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi üçin Belarus Respublikasynyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti biz öz halklarymyzyň ruhy baýlygyna we ýokary intellektual kuwwatyna daýanmak arkaly geljekde-de medeni-gumanitar we ylym-bilim boýunça türkmen-belarus gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip belledi.
Türkmen Lideri çykyşyny jemläp, häzirki netijeli gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurdyň we halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ýene-de bir möhüm ähmiýetli tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine içgin üns berýändigi we uly şahsy goşant goşýandygy üçin Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Belarus Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda, Bilelikdäki türkmen-belarus maglumatyna hem-de Belarus oba hojalyk, ýol-gurluşyk we jemagat hojalygy tehnikasyny getirmek babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekýärler.
Soňra iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasyny we Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini özara bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2011-nji ýylyň 28-nji aprelindäki Ylalaşyga Teswirnama; Geodeziýa, kartografiýa, Ýeri uzak aralykdan barlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetiniň arasyndaky Şertnama; Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasyndaky Şertnama; Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa instituty bilen Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geofiziki monitoring merkeziniň arasyndaky Şertnama; Senagat, ýaşaýyş jaý we durmuş maksatly gurluşyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Binagärlik we gurluşyk ministrliginiň arasyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriligi bilen Belarus Respublikasynyň Oba hojalyk we azyk ministrliginiň arasyndaky Ylalaşyga; Hyzmatdaşlyk boýunça işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Belarus Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky Ylalaşyga; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň arasyndaky Ylalaşyga; Akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk barada Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arayndaky Ylalaşyga gol çekilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko metbugat üçin ýüzlenme bilen çykyş edip, ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijelerini teswirlediler.
Belarus Respbulikasynyň baştutany habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmek bilen, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna, şeýle hem öňki gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşyna içgin garaldy diýip habar berdi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigini belläp, şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklaryna berýän ünsüniň möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň birnäçe esse artmagy onuň depginli ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol 2012-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 350 million dollaryna barabar boldy. Soňra türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçmek bilen, Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarus Türkmenistana oba hojalygy we beýleki tehnikany iberýär, Lebap welaýatynda dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygyna, şeýle hem beýleki bilelikdäki taslamalara gatnaşýar diýip belledi. Medeni-gumanitar ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde köp sanly türkmen talyplary bilim alýar. Syýahatçylyk we sport boýunça hem netijeli gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler bar.
Halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, Prezident Aleksandr Lukaşenko bu babatda çaprazlyklaryň ýokdugyny aýtdy. “Biz türkmen dostlarymyzy hemişe goldaýarys” diýip, Belarus Respublikasynyň baştutany Türkmenistanyň hem belarus tarapynyň başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyny aýtdy.
Ikitaraplaýyn başlangyçlary amala aşyrmaga uly üns berýändigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk sözlerini aýtmak bilen, Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarusuň hem öz gezeginde toplan tejribesini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny belledi.
Türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, Belarus Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri, tutuş türkmen halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de iki döwletiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny tassyklandygyny belledi. Şu gün söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen möhüm ähmiýetli resminamalara gol çekildi.
Türkmen Lideri gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň, döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň has netijeli ýollarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Türkmen-belarus gatnaşyklarynyň şunyň ýaly many-mazmuna eýe bolmagy taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi, şeýle hem ählumumy ösüşe degişli garaýyşlar boýunça birek-birege dolulygyna düşünilmegi bilen şertlendirilendir. Şonda Türkmenistanyň we Belarusuň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejä we baý many-mazmuna eýe bolmagy oňaýly ýagdaý hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-belarus gatnaşyklarynyň geljeginiň uludygyna ynam bildirip, taraplaryň hyzmatdaşlyk boýunça toplanan uly mümkinçiliklerden mundan beýläk-de peýdalanylmagyny ugur edinmek barada ylalaşandygyny belledi. Türkmenistan we Belarus Respublikasy söwda-ykdysady ulgama, şol sanda söwda, ýangyç-energetika pudagyna, gaýtadan işleýän we himiýa senagatyna, oba hojalygyna, maşyn gurluşygyna, dokma we ýeňil senagata degişli ugurlaryň giň toplumy boýunça özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň ýagdaýda ösdürmegi maksat edinýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygyna degişli bilelikdäki taslamanyň amala aşyrylmagynyň barşyny gepleşik geçiilen mahalynda öňe sürlen meseleleriň biri hökmünde görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umuman alanyňda, şol taslamanyň ylalaşylan iş tertibine laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem biziň ýurdumyza mahsus şertlerde oňaýlydygyny görkezen belarus traktorlarynyň, ulaglaryň we enjamlaryň Türkmenistana getirilmegini dowam etdrmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Şunuň bilen birlikde taraplar medeni-gumanitar ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda iki ýurduň alymlarynyň we döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar. Bilim boýunça we hususan-da, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arsayndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Belarusuň esasy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň uly toparynyň okaýandygyny hem-de biziň ýurdumyzyň şol hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda türkmen Lideri geljekde-de türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň esaslarynyň hem-de bilelikdäki işleriň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, halklaryň belent maksatlaryna we uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly goşant goşjak şu saparyň netijeleri babatda çuňňur kanagatlanma bildirdi.
Metbugat ýygnagy tamamlanandan soňra iki döwletiň Baştutanlary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň iş otagyna bardylar hem-de bu ýerde gysgaça söhbetdeşligiň barşynda türkmen-belarus gatnaşyklary bilen bagly ähli meseleleri diýen ýaly gurşap alan şu günki gepleşikleriň netijeli bolandygyny bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň baştutanynyň resmi kabulhanasyndan çykyp, Belarus döwlet uniwersitetine tarap ugrady. Şol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine “Belarus döwlet uniwersitetiniň hormatly professory” diýen adyň dakylmagyna bagyşlanan dabara boldy.
Belarus döwlet uniwersiteti Belarus Respublikasynyň esasy ýokary okuw mekdebi bolup, Ýewropanyň we dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerinde ýokary orny eýeleýär. Belarus döwlet uniwersitetiniň taryhy 1919-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlandy, şonda bu uniwersiteti açmak barada karar kabul edildi. Bu ýokary okuw mekdebi 1921-nji ýylyň oktýabrynda açyldy. Häzirki wagtda Belarus döwlet uniwersitetine degişli toplumyň düzümi 16 fakultetden, bilim berýän institutlaryň 9-syndan we ylmy-barlag institutlarynyň 4-sinden, liseýden, kolležden, 178 kafedradan, 11 unitar kärhanalardan, şol sanda ylmy-önümçilik merkezleriniň 5-sinden, ylmy-barlag we okuw-ylmy merkezleriň 13-sinden, fakultetleriň binýadyndaky ylmy barlaghanalaryň 41-sinden, talyplaryň ylmy-barlag barlaghanalarynyň 31-sinden ybaratdyr.
Belarus döwlet uniwersitetinde öwredilýän hünärleriň umumy sany
58-e ýetýär, bu ýerde ýöriteleşdirilen ugurlaryň 258-si, magistratura we aspirantura boýunça hünärleriň degişlilikde 48-si we 118-si bar. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde jemi 36,5 müňden gowrak adam bilim alýar, şol sanda talyplaryň 29,8 müňden gowragyna okuwyň gündizki we gaýybana görnüşleri boýunça bilim berilýär, magistraturada, aspiranturada we doktoranturada bilim alýanlaryň sany 1500-den geçýär. Galyberse-de, muňa uniwersitete çenli bilim berýän fakultetde, ýuridiki kolležde we liseýde okaýanlar hem girýär. Belarus döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi 2,5 müňden gowrak adamdan ybaratdyr. Bu ýokary okuw mekdebi işjeň ylmy-innowasion işi amala aşyrýar. Uniwersitetiň toplumyndaky işgärleriň arasynda ylymlaryň doktorlary we kanditatlary, şeýle hem akademikleriň 6-sy we Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň habarçy agzalarynyň 7-si bar.
Belarus döwlet uniwersitetinde belent mertebeli türkmen myhmany göwnaçyk ýagdaýda garşylanylýar. Belarus döwlet uniwersitetiniň rektoratynyň binasynyň esasy girelgesiniň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarus Respublikasnyň bilim ministri Sergeý Maskewiç, ýokary okuw mekdebiniň rektory Sergeý Ablameýko mähirli garşylaýarlar.
Türkmen döwletiniň Baştutany Belarus döwlet uniwersitetiniň Alymlar geňeşiniň mejlisler jaýyna çagyrylýar, bu ýerde şanly waka mynasybetli köp sanly adamlar ýygnanypdyr. Olaryň arasynda belarus tarapynyň resmi adamlary, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, iki ýurduň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, Belarus döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan ýaş türkmenistanlylar bar. Ýeri gelende aýtsak, häzir Belarus döwlet uniwersitetinde biziň ýurdumyzdan talyplaryň 500-den gowragy bilim alýar.
Hemmeler ör turup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Türkmen döwletiniň Baştutany mejlisler jaýyna barýar we özi üçin bellenilen ýere geçýär.
Dabarany Belarus döwlet uniwersitetiniň rektory Sergeý Ablameýko açdy. .
Belarus döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçysy ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, şu günüň ýokary okuw mekdebiniň taryhyna girjekdigini aýtdy. Ol bu ýere ýygnananlary belent mertebeli türkmen myhmany bilen tanyşdyryp hem-de onuň durmuş ýoly we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işleri barada gürrüň bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň—Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademiginiň, professoryň, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktorynyň, birnäçe belli halkara ylym-okuw merkezleriniň hormatly doktorynyň we professorynyň häzirki zaman ylmyny we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde goşan uly goşantlary barada gürrüň berdi.
Soňra BDU-nyň rektory Sergeý Ablameýko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Belarus döwlet uniwersitetiniň hormatly professory” diýen ady dakmak barada ýokary okuw mekdebiň Alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan kabul edilen karary yglan edýär. Türkmen Lideri bu belent ada Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hemmentaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Belarus döwlet uniwersitetiniň rektory Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus döwlet uniwersitetiniň hormatly professorynyň lybasyny geýdirýär hem-de türkmen Liderine degişli diplomy gowşurýar. Milli lybasly gyzdar türkmen döwletiniň Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Türkmen Lideri ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Belarus döwlet uniwersitetiniň hormatly professory diýen belent adyň dakylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony tutuş türkmen ylmynyň gazananlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda ylym we bilim ulgamynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň möhüm ähmiýetiniň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki wakanyň ylym we bilim ýaly wajyp ähmiýetli ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä ýetirilmegini alamatlandyrýandygyny aýtdy.
Türkmen döwletiniň Baştutany Belarusyň tutuş dünýäde belli ýokary okuw mekdebiniň münberinden çykyş etmegiň uly mertebe bolup durýandygyny belledi. Ylmy-tehniki oý-pikiriň kämilleşmegine we ösüşe öz degerli täsirini ýetiren hem-de ylymda uly möçberli netijeleriň gazanylmagy Belarus döwlet uniwersitetiniň ady bilen baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BDU düýpli ylmy-barlaglary we asla könelmeýän eserleri bilen, dünýä ylmynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşan beýik alymlaryň tutuş nesline buýsanmaga haklydyr diýip aýtdy.
Türkmen Lideri sözüni dowam edip, islendik jemgyýetiň ösüşinde ylmyň we bilimiň esasy orny eýeleýändigine söz ýokdugyny belledi hem-de şu düşünjäniň häzirki eýýamda, ýagny ylmy we döredijilik intelligensiýasyny gatnaşdyrmak, şeýle hem iri bilim we ylym merkezlerini ösdürmek arkaly, siwilizasiýanyň rowaçlanmagynyň we ösüşiniň gazanylýan mahalynda has-da wajyp ähmiýete eýedigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ilki başda Türkmenistanda ylym we bilim boýunça uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmak bilen bagly maksatlary we wezipeleri kesgitledik diýip aýtdy. Döwletiň şu ugurda ýöredýän syýasatynyň mazmuny okatmagyň ýokary ülňülerini ornaşdyrmakdan, düýpli we tejribe bilen bagly ylmy-barlaglara goldaw bermekden we bulary höweslendirmekden, ýerlerdäki okuw mekdeplerini we ylmy edaralary kompýuterleşdirmekden, Internet ulgamyny ösdürmekde şu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden ybaratdyr.
Türkmen döwletiniň Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, alymlarynyň we ylmy-barlaglary işlerini alyp barýan hünärmenleriniň Ýewropadaky, Amerikadaky we Aziýadaky kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýandyklaryny belledi. Ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar, simpoziumlar we beýleki forumlar peýdaly tejribäniň alşylmagyna, öňdebaryjy ylmy usullaryň ulanylmagyna ýardam berýär, şol çärelere Belarus, hususan-da, Belarusuň döwlet uniwersitetiniň wekilleri hem gatnaşýarlar we munuň özi diýseň begendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Belarus döwlet uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim boýunça gös-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň halklarynyň arasynda medeni taýdan özara baýlaşmak, dostlugy we doganlygy pugtalandyrmak işinde örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam edip, bizde birek-birekden öwrenmäge mynasyp zatlaryň bardygyny hem-de ylymda gazanylanlardan bilelikde peýdalanylmagyny bähbitli we zerur diýip hasaplaýandygyny belledi. Mysal üçin, Belarus döwlet uniwersitetiniň Maglumatlar tehnologiýalar boýunça merkezinde, Sosiologik we syýasy barlaglar boýunça merkezinde hem-de beýleki ugurlarynda toplanan tejribäni öwrenmek Türkmenistan üçin diýseň gyzykly bolup durýar. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji nobatda takyk we tejribe bilen bagly ylymlar boýunça ýöriteleşdirilen ylmy-barlag edaralarynyň ylmy kuwwatynyň jemlenmegine gönükdirilen işiň uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy.
Türkmenistanda düýpli we synaglara esaslanýan ylymlaryň işjeňligini artdyrmak, ylmy-barlaglaryň geçirilýän täze ugurlaryny ösdürmek bilen baglylykda, munuň özi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hususan-da, kremniý esasynda täze tehnologik materiallary almak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we beýleki ugurlar örän oňaýly hasaplanýar. Türkmen döwletiniň Baştutany gumanitar ylymlar, hususan-da filosofiýa we sosial ylymlar, dil bilimi, taryh we arheologiýa boýunça hyzmatdaşlygyň hem netijeli bolup biljekdigini belledi.
Türkmenistanda we Belarus Respublikasynda baý intellektual serişdeler bar, bular ylmyň, bilimiň we medeniýetiň ösüşiniň ýokary derejä ýetirilmegi bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şunuň häzirki döwürdäki dünýäde rowaçlygyň we yzygiderli ösüşiň ýoly boýunça ynamly gadam urmakda wajyp ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, ýygnananlara ylymda täze netijeleri we üstünlikleri arzuw etdi we munuň dostlukly ýurduň rowaçlanmagynda mynasyp goşanda öwrüljekdigini belledi.
Dabara gatnaşyjylar türkmen Lideriniň mysal hökmünde getiren Türkmenistanyň içerki döwlet syýasatynyň durmuşa gönükdirilendigini, ýurduň raýatlarynyň gazdan, elektrik energiýasyndan we beýlekilerden mugt ulanmak ýaly dünýäde deňi-taýy bolmadyk ýeňilliklerden peýdalanýandygyny aýratyn şatlyk duýgusy bilen garşy aldylar. Bu syýasatyň yzygiderli alnyp baryljakdygy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şu okuw ýylynyň başynda ýurduň ähli 1-nji synp okuwçylarynyň döwletden netbuklary sowgat alandygyny we bu tejribäniň täze okuw ýylynda dowam etdiriljekdigini belledi.
Dabara gatnaşyjylar türkmen Lideriniň çykyşyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Dabara tamamlanandan soňra türkmen döwletiniň Baştutany Belarus döwlet uniwersitetiniň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, ýokary okuw mekdebiniň binasyndan çykdy hem-de resmi saparyň döwründe özi üçin niýetlenen “Zaslawl” kabulhanasyna tarap ugrady.
Agşam Belarus Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna agşamlyk resmi nahar berdi, şonda iki ýurduň Liderleri söz sözläp, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar we iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.