Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara ýörite gatnaşmak üçin düýn ýurdumyza gelen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyk şanly sene mynasybetli esasy wakalaryň ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan Halkara atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu dabaralara Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R. Minnihanow hem gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, Prezident Rustam Minnihanow düýn Türkmenistanda geçen Tatarystanyň Medeniýet günlerine bagyşlanan bilelikdäki jemleýji dostluk konsertine gatnaşdy. Bu baýramçylyk çäreleri Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň biri bolan Tatarystan Respublikasynyň hökümet wekilýetiniň agzalaryna işjeň meýilnamalaryny bezemen türkmen toýunyň we türkmen halkynyň gadyrly myhmansöýerliginden ýatdan çykmajak ýatlamalary bilen birleşdirmäge mümkinçilik döredip, onuň biziň ýurdumyzdaky häzirki saparyna resmi bolmadyk häsiýet berdi. Tatarystan Respublikasynyň birnäçe pudaklaýyn edaralarynyň, iri kärhanalarynyň, şol sanda “KamAZ”, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetleriniň, “Kazanyň dikuçar zawodynyň”, “Sergo adyndaky zawod” önümçilik birleşiginiň, Zelenodolsk gämi gurluşyk kärhanasynyň ýolbaşçylaryndan we beýlekilerden ybarat hökümet wekiliýetiniň agzalary sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.
Duşuşygyň başynda Tatarystanyň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilenligi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Türkmen bedewniň baýramy bilen gutlady. Belent mertebeli myhman çalasynlygy, ýyndamlygy we owadanlygy özünde jemleýän şöhratly ahalteke atlaryna ussatlyk bilen erk etmekde başarnyklaryny görkezýän çapyksuwarlaryň çykyşlaryndan özünde galan ýatdan çykmajak täsirleri paýlaşdy.
Rustam Minnihanow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň baýramçylygyna gelen geçen gezekki saparyndan bäri köp wagt geçmedigem bolsa, Türkmenistana her gezek gelende ýurdumyzyň şäherlerindäki, senagat önümçiligindäki we beýleki ulgamlardaky ösüşleriň hakykatdanam özünde uly täsir galdyrýandygyny belledi. Muňa Köpetdagyň eteginde gurlan, halkara derejesini alan täze ajaýyp atçylyk sport toplumy hem şaýatlyk edýär.
Belent mertebeli myhmana ýakymly sözleri hem-de arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy we onuň öňdebaryjy sebitleri , şol sanda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, birek- birege hormat goýmak we özara goldaw esasynda ýola goýulýan ykdysady , medeni aragatnaşyklar baglanyşdyrýan Tatarystan bilen hemmetaraplaýyn we däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň Türkmenistan üçin has-da ähmiýetlidigini nygtady.
Mähirli we birek- birege düşünişmek ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.R. Minnihanow Tatarystanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça 26-njy aprelde Aşgabatda geçen türkmen-tatar bilelikdäki iş toparynyň birinji maslahatynyň möhümdigini bellediler. Taraplar geçirilen bu maslahatda işjeň aragatnaşyklaryň we ynsanperwer arabaglanyşyklaryň ösüşinde täze netijeli tapgyryň başyny başlajak hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlary baradaky geňeşmelere hem-de ara alyp maslahatlaşmalara ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz energetika, maşyn gurluşygy, nebit çykarmak, IT-tehnologiýa, lukmançylyk, azyk senagaty ulgamlary boýunça häzir Tatarystan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasynda durli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýatlatmak bilen, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatynyň bu ugurlaryň ählisi boýunça bilelikdäki işleriň düýpli ösdürilmegine mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň Baştutanlarynyň pikirine görä, Russiýa Federasiýasynyň beýleki iri kompaniýalary üçin nusga bolan “KamAZ” we “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetleri ýaly tatar kärhanalary bilen özara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär.
Gämi gurluşygy, syýahatçylyk, medeniýet we bilim ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. Tatarystanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleri hem biziň ýurdumyz üçin uly gyzyklanma döredýär. Russiýanyň bu sebitiniň ösen innowasion-önümçilik tehnoparklary, ýokary tehnologiýasy we ylymy boýunça tejribesi hem biziň ýurdumyz üçin örän gyzyklydyr.
Ýakynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçen Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Tatarystanyň Baştutany bu döredijilik çäresiniň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegine ýakyndan ýardam edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine ýene bir gezek mähirli hoşallygyny bildirip, onuň biziň ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň özara baýlaşýan döredijilik gatnaşyklarynyň, sungatyň gazananlarynyň ugurlary boýunça dostlugyň berkemegine özboluşly goşant bolandygyny belledi.
Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutanlary duşuşygyň dowamynda sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Bu ulgamda täze gatnaşyklary ýola goýmakda ýetginjekleriň arasynda hokkeý oýny boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda birinji orny eýelän we häzirki wagtda belli “Ak bars” hokkeý toparynyň çagalar mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik okuwyny geçip ýoren “Bürgüt” toparynyň Kazan şäherine gitmegi hem aýdyň mysal bolup biler.
Häzirki döwürde Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, sportuň häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmäge, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda Tatarystandan gelen dostlar hem-de kärdeşler bilen tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýtdy. Esasan hem bu 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylan mahalynda has-da wajypdyr.
Rustam Minnihanow Kazanyň häzirki wagtda 2013-nj ýylyň Bütindünýä tomusky uniwersiadasynyň geçirilmegine taýýarlyk görýändigini aýdyp, türkmen talyplaryny bu sport oýunlaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Respublikanyň baştutany Tatarystanyň paýtagtynda 2015-nji ýylda sportuň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionatynyň hem-de 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini aýdyp, iri halkara ýaryşlaryny guramak, şeýle hem biziň türgenlerimiziň we tälimçilerimiziň ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça türkmen hünärmenleri bilen has içgin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gös-göni ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Öz gezeginde Tatarystan Türkmenistanda aňrybaş derejeli atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça toplanan tejribe babatda gyzyklanma bildirýär. Rustam Minnihanow türkmen halkyna mahsus bolşy ýaly, taryhyň dowamynda atçylygyň tatar medeniýetiniň we milli ýörelgeleriniň bir bölegi bolandygyny belläp, häzirki wagtda respublikada atçylygy täzeden dikeltmek we degişli desgalaryň düzümini döretmek boýunça uly işleriň amala aşyrylyp ugralandygyny aýtdy. Ussat çapyksuwar, bedewlere uly sarpa goýýan hem-de ýurdumyzda atçylygyň ösdürilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz alada etmegi netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda bu pudagyň ýokary derejä ýetirilýändigini göz öňünde tutup aýdanyňda, şu ugurda-da özara peýdaly hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin oňaýly mümkinçilikler döreýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Türkmenistanyň tatarystanly hyzmatdaşlar bilen köp ugurlar boýunça bilelikdäki işi amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklap, köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk boýunça toplanan tejribäniň ýakyn wagtda milli we sebit derejesindäki, şol sanda sport we atçylyk boýunça täze, gyzykly taslamalaryň hasabyna has-da baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşler häzirki wagtda garaşsyz türkmen döwletiniň we Tatarystanyň arasynda özara arkalaşykly hereket etmegiň netijeli nusgasynyň döredilendigini hem-de onuň Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde çalt depgin bilen ösdürilýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda milletiň Lideri baýramçylyk dabaralaryna gatnaşandygy hem-de türkmen we tatar halklarynyň arasynda köp asyrlaryň dowamynda dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgeleriň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna örän uly şahsy goşandyny goşýandygy üçin Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rustam Minnihanow Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk we üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna hem-de taraplaryň uzak möhletleýin bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine çuňňur gyzyklanma bildirilýändigini ýene-de bir gezek tassykladylar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan belent mertebeli myhmanyň hormatyna öýlänlik resmi nahar berildi.
Şol gün Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabatdan ugrady.