Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna bolan resmi sapary dowam etdi. Ozal habar berlişi ýaly, saparyň birinji gününde Minsk şäherinde iki döwletiň we halklarynyň dostluk gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn meýilleri tassyk eden ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri üstünlikli geçdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny netijeli ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Şeýle hem düýn günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurduň iri ylym-bilim merkezleriniň biri bolan Belarusyň döwlet uniwersitetine baryp gördi. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Belarus döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory” diýen derejäni gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka milli Liderimiziň halkara abraýynyň belende galýandygynyň we hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesindäki köp taraply işiniň hem-de ylmy, bilimi we bu möhüm ulgamdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümet toparynyň agzalary Minsk şäherinde özleriniň belarus kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparlaryna başlyklyk edijileriň duşuşygy boldy. Onda ozal bar bolan ylalaşyklaryň jähedinde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meseleleri, şeýle hem ileri tutulýan ugurlardaky özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi gepleşiklerde geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz “Zaslawl” kabulhanasyndan Garaşsyzlyk köçesinde ýerleşýän Ýeňiş meýdançasyna tarap ugramazyndan öňürti bu töwerekleriň tebigy gözelligini synlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda syýahatçylygyň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň giňden ornaşdyrylmagy babatda ýanynda bolýan degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Minskiniň Ýeňiş meýdançasyna tarap ugrady. Şol meýdançanyň merkezinde 1954-nji ýylda faşizm bilen bolan söweşlerde wepat bolan esgerleriň, partizanlaryň gahrymançylygyny, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda belarus halkynyň edermenligini beýan edýän Ýeňiş Binasy oturdyldy. Çal granit daşy bilen örtülen, beýikligi 40 metre barabar bolan bu bina Ýeňiş ordeniniň şekilini janlandyrýar. Onuň dört tarapynda bürünçden edilen şekiller oturdylypdyr. 1961-nji ýylyň 3-nji iýulynda ýadygärligiň binýadynda Baky ot alawlady. Binanyň asty halkalaýyn zal bilen gurşalypdyr. Onuň merkezinde içinden ýagtylandyrylýan aýnadan edilen wenok bar. Ol hakydadaky Baky ody alamatlandyrýar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi belarusyň resmi adamlary we Minsk şäheriniň edara ediş gullugynyň wekilleri garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bina tarap barýar. Oňa barýan ýoluň iki gyrasynda hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülipdir. Döwlet Baştutanymyz belarus halkynyň edermenligini hatyralaýar. Milli Liderimiz Ýeňiş Binasynyň etegine ajaýyp gül dessesini goýýar. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçip gidýärler, harby orkestr dabara sazyny çalýar.
Şeýle hem bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň hökümet toparynyň agzalary we Belarus Respublikasynyň resmi wekilleri gatnaşýarlar.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni “Minsk-2” Belarus Milli howa menziline barýar we ol ýerden Watanymyza tarap ugur alýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçaryna tarap ugradylar. Iki döwletiň Baştutanlary Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň ýanynda saklandylar. Olar milli Liderimizi ugratmaga Minskiniň howa menziline gelipdirler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň okuwlary biolen içgin gyzyklanyp, olara bilimler dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, Watanymyza ussat hünärmenler bolup dolanmaklary hem-de mähriban ýurdumyzyň mnudan beýläk-de gülläp ösmekleri hakynda atalyk sargydyny etdi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko öz gezeginde, Belarusda dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly ýaşlaryň bilim alýandygyny aýdyp, türkmenistanlylaryň mähriban Watanyna bolan arassa söýgüsi, döwrebap terbiýesi, bilim almaga bolan höwesleri bioen tapawutlanýandyklaryny aýratyn belledi. Türkmen talyplary öz ýurduna mynasyp wekilçilik etek bilen, daşary ýurtly deň-duşlaryna görelde bolýarlar diýip, Belarus Respublikasynyň Prezidenti aýtdy.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko uçaryň bortuna galdylar we şol ýerde mäzirli hoşlaşdylar. Türkmenistanyň we Belarusyň Liderleri ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemlerine çuňňur kanagatlanma bildirip, taraplaryň iki dowtlukly döwletiň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini mälim etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary asmana göterildi we Aşgabada tarap ugur aldy.
Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň “Boingi” paýtagtymyzdaky Halkara howa menzilinde gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary mähirli garşyladylar we milli Liderimizi Belarus Respublikasyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy we hormatly Prezidentimize “Belarus döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory” diýen belent derejäniň berilmegi, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutladylar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan köptaraply işinde egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikler arzuw etdiler.