Şu gün Halkara atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki bahar günlerinde däp boýunça ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň daşky gurşaw ministri Abdulla bin Mubarak Al Moadadi bilen duşuşyk geçirdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Kataryň Emiri Hamad bin Halif Al Taniniň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi we hormatly Prezidentimizi ähli halk baýramy bilen gutlady we bu senäniň türkmen bedewiniň hormatyna geçirilýän baýramçylyk hökmünde milli senenama girizilmegi ady rowaýata öwrülen, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy we milletiň aýratyn buýsanjy bolan “behişdi bedewlere” türkmen halkynyň çäksiz gadyr goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Şeýle hem myhmanyň aýdyşy ýaly, bu ýerde bolup, türkmen doganlarynyň egsilmez şatlygyny deň paýlaşmak we dünýäniň ähli künjeklerinde şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň gözelligine ýene bir gezek syn etmek özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Katar Döwletiniň baştutanyna we dostlukly ýurduň tutuş halkyna mähirli sözlerini aýtdy hem-de biz döwrüň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlarymyzy Türkmenistanda görmäge hemişe şatdyrys diýip belledi. Aýdylyşy ýaly, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, çuňlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda bar bolan ägirt uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, milli gyzyklanmalary we iki dolstlukly döwletiň gazananlaryny nazara almak arkaly köp ýyllyk döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşmalar boldy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady pudakdaky, nebitgaz , ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky türkmen-katar gatnaşyklaryndan başga-da, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň derwaýysdygyny bellediler.
Köp asyrlyk milli däpleri nazara almak arkaly Türkmenistanda we Katarda atçylygy ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi baradaky meseleler söhbetdeşligiň esasyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň alada etmegi we ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde wagyz edilmegi barada döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirýän anyk işleri, hususan-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzda döwrebap aýlawlaryň we iri atçylyk-sport toplumlarynyň giň gerim bilen gurulmagy, abraýly bäsleşikleriň döredilmegi netijesinde, “behişdi bedewleriň” köp asyrlyk şöhratynyň belende göterilmegine we dünýä ýüzünde ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň artmagyny ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda birek-birege ýagşy arzuwlary aýdyp, deňhukuklylyk we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.