Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 625
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Olar döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işler, hususan-da, welaýatyň oba hojalyk toplumynda galla oragyna taýýarlyk işleriniň barşy, orak möwsüminde işlediljek ähli tehnikalaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň taýýarlyk hataryna çykarylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, gowaça ekişine ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz welaýaty ähli ugurlar boýunça ösdürmek babatda öňde durýan meseleleri hemişe üns merkezinde saklamalydygyny aýdyp, obasenagat toplumynda derwaýys bolan galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oragyň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty diňlenildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan dürli maksatly işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlygy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreler we galla skklanyljak ammarlary, elewatorlary möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Mundan başga-da, hakim “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatyň beýleki ýerlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýörite iş meýilnamany işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ekinlere zyýan berýän mör-möjekleriň garşysyna göreşmek üçin zerur bolan tehnikalary hem-de himiki serişdeleri irgözinden taýýarlamagy tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, sebitde bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň galla oragyna taýýarlygy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hakim welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişi hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalar barada aýtdy.

Milli Liderimiz sebitiň howa şertlerini nazarda tutup, galla oragyna bellenilen möhletlerde girişmek barada aýtdy we orak möwsüminde işlediljek tehnikalaryň we tehniki taýdan hyzmat toparlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Bu işler bilen bir hatarda gowaçalara ideg etmek boýunça agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilmelidigini, ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýok edilmegi ugrunda degişli işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz demirgazyk welaýaty ösdürmek meselesini dowam edip we häkime ýüzlenip, ozal berlen tabşyryga laýyklykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Goçyýew bilen A.Ýegeleýewiň Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde we welaýatyň senagat pudagyny ösdürmekde alnyp barylýan işlere geçiren barlaglarynyň netijeleriniň üstünde durup geçdi. Şol saparyň barşynda oba ilatynyň zähmet we durmuş şertleriniň täze ülňülerini üpjün etmeli Milli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça birnäçe kemçilikler ýüze çykaryldy. Welaýatda bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça işler haýal alnyp barylýar, 2008-2011-nji ýyllarda sebitde 143 sany medeni-durmuş maksatly binany gurmak we olaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulypdyr. Ýöne häzire çenli desgalaryň bary-ýogy 65-sinde /45 göterim/ gurluşyk işleri tamamlanypdyr, möhletiniň geçendigine garamazdan, 61 /43 göterim/ binada gurluşyk işleri henizem dowam edýär. Galan 17-siniň /12 göterim/ bolsa gurluşygyna başlanmandyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Welaýatda inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy 50 göterim ýerine ýetirilipdir. Möhletiniň geçendigine garamazdan, bu ulgamlaryň 17 göteriminde gurluşyk işleri dowam edýär, galan 33 göteriminde bolsa, gurluşyk işlerine heniz başlanmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Işleriň pes derejede ýerine ýetirilýändigi sebäpli, welaýatda suw ulgamlarynyň 33 göterimi, awtomobil ýollarynyň 35 göterimi, elektrik geçirijileriniň 36 göterimi, gaz geçirijileriniň 66 göterimi we telefon ulgamynyň 92 göterimi gurlupdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Daşoguz welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda welaýatda 2011-2012-nji ýyllarda 13 sany kärhanany gurmak we bir kärhananyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulypdyr. Häzir olardan bary-ýogy 1 kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar, galan 13 sany desganyň bolsa gurluşyk işlerine asla başlanmandyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek we senagat pudagyny ösdürmek boýunça işleriň pes derejede alnyp barylýandygynyň esasy sebäpleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýaramaz guralandygyny belledi, netijede gurluşyk üçin ýer bölekleri öz wagtynda bölünip berilmändir. Mundan başga-da, welaýatda taslama edaralarynyň mümkinçilikleriniň pesdigi sebäpli, desgalaryň taslama resminamalaryny taýýarlamak we ylalaşmak işleri haýal ýerine ýetirilip, 16-20 aýa çenli dowam edipdir. Şol sebäpleriň ýene-de biri – welaýatda gurluşyk boýunça ýokary derejeli hünärmenler ýetmezçilik edýär, olaryň hünär derejesini ýoekarlandyrmak boýunça okuwlar geçirilmeýär.

Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, teplowozlaryň we ýük daşaýan wagonlaryň ýeterlik mukdarda bardygyna garamazdan, Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan welaýata zerur bolan gurluşyk materiallaryny daşamak işi ýola goýulmandyr. Bu bolsa welaýatda gurluşyk materiallarynyň esasy görnüşleriniň ýetmezçilik etmegine getirýär. Bu öz gezeginde welaýatda gurluşyk işlerini göwnejaý alyp barmakda we desgalary öz wagtynda tabşyrmakda bökdençlikleri döredýär. Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi tarapyndan welaýatda gurluşyk materiallarynyň söwdasyny edýän merkezler ýeterlik mukdarda döredilmändir we olaryň işi talabalaýyk guralmandyr. Gurluşyk materiallaryny daşamak bilen bagly meselä gaýdyp gelmek bilen milli Liderimiz gurluşyk materiallarynyň awtoulaglar bilen daşalmagynyň desgalaryň bahalarynyň gymmatlamagyna we welaýatyň ýollarynyň tiz zaýalanmagyna getirýär diýip belledi. Welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdürliginiň işine häkimlik tarapyndan talabalaýyk gözegçilik edilmeýär.

Bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin döwlet Baştutany degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde birnäçe işleri ýerine ýetirmegi, hususan-da, binalaryň we desgalaryň bir görnüşli nusgalyk taslamalany taýýarlamagy we işe girizmegi talap etdi. Taslama işleriniň döwlet edaralary bilen kesgitlenen wagtyň dowamynda ylalaşylmagyny we netijenamalaryň gysga möhletde alynmagyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu meseleleriň gös-göni welaýatyň ýolbaşçylarynyň gözegçiliginde saklanmalydygyny belledi. Welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň işini talabalaýyk ýola goýmagy talap edip, döwlet Baştutany ýokary taýýarlykly hünärmenleri çekmek arkaly, welaýatda gurluşyk boýunça işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Gurluşyk işleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, etrap häkimliklerinde Düýpli gurluşyk bölümlerini döretmegi tabşyryp, hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň gurluşyklaryny zerur bolan gurluşyk materiallary, şol sanda magdan däl materiallar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylyklda bu ýerde Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň we welaýat häkimliginiň üpjünçilik merkezlerini ýeterlik mukdarda döretmek we olarda gurluşyk materiallarynyň söwdasyny guramak gerekdir. Olaryň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan bökdençsiz daşalmagyny ýola goýmaly.

Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we welaýatyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde goýberilen kemçilikleriň esasy sebäpleriniň hatarynda döwlet Baştutany şeýle hem aýry-aýry ýolbaşçylaryň öz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeýändigini we işleriň talabalaýyk guralmaýandygyny mysal getirdi. Şunuň bilen baglylykda holrmatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara alnyp barylýan işleri düýpli seljerip, aýdylanlardan netije çykarmagy hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, Maksatnama laýyklykda göz öňünde tutulan işleri bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat bilen çykyş etdi. Häkim welaýatyň oba hojalyk toplumynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri hakynda habar berdi. Şeýle hem hakim welaýatda gurulýan desgalaryň ýagdaýy hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş we senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi ugrunda ähli çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz gallaçy daýhanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak bilen baglanyşykly işlere görülýän taýýarlygyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeldigini belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gowaça ekinlerine ideg etmek işleri bilen bir hatarda ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmazlygy ugrunda ähli tagallalary görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işleriniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda işledilýän tehnikalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeli bolmagyny üpjün etmek we gowaçalara ideg işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz milli maksatnamanyň çäklerinde Mary welaýatynda gurulýan desgalaryň öz möhletinde we ýokary hilli gurulmagy, sebitiň senagat düzüminde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk derejede ýerine ýetirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda iň bir derwaýys möwsümleriň biri bolan galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdylanda bolsa, oraga dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde Mary welaýatynda gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagy, welaýatyň senagat pudagynda amala aşyrylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem ol gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň barşy hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini, daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetleri netijesinde türkmen topragyndan bereketli hasylyň alynýandygyny belledi. Milli Liderimiz gallaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm we jogapkärli döwrüň—orak möwsüminiň golaýlap gelendigini aýdyp, nobatdaky gezek oragy bellenilen möhletlerde we guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly ähli wezipeleriň ýokary derejede çözülmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň durmuşynda şanly seneleriň biri bolan Ýeňiş baýramyny dabaraly belläp geçmek baradaky meselä ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimize mähriban Watanymyzy söýmegiň ajaýyp göreldesi bolan weteranlarymyza hem-de mukaddes ojagyna wepaly bolup galan ak saçly mährem enelerimize ähli sylag-hormatlaryň edilmelidigi barada aýratyn nygtamak bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bu baýramyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň binagärlik keşbini özgertmek we ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň düzülen meýilnamasy, şäheri durmuş-senagat taýdan ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň alnyp barlyşy we Ýeňiş baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülik çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda degişli düzümleritň sazlaşykly işini ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäher desgalaryny, seýilgähleri ýokary derejede saklamak, arassaçylygyň, tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere ünsi çekip, Ýeňiş baýramyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýeňiş baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmegi tabşyryp, hormatly Prezidentimiz bu şanly senäniň paýtagtymyzda mynasyp bellenilmelidigini aýtdy.



Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow özüniň hasabatynda gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şeýle hem ministr demir ýol ulgamynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak bilen baglanyşykly işleriň depginini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan Demir ýol ulaglary ministrliginiň degişli düzümlerinde sazlaşykly işiň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine uzaýan we üstaşyr geçýän “polat ýollaryň” netijeli peýdalanylmagy, olaryň ýokary derejede saklanmagy ugrunda zerur tagallalary etmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz döwletimiziň bu ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek, bu ugurda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ministrligiň tehniki parkynyň üstüni yzygiderli ýetirmek babatda ähli zerur tagallalary etjekdigini belledi we demirýolçularyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

SoňraTürkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça çykyş etdi, ol ýurdumyzyň parlamentiniň işi, şeýle hem döwlet Baştutany tarapyndan başy başlanan we welaýatlarda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşmak maksadynda, Ahal welaýatyna iş saparynyň netijeleri hakynda habar berdi. Mejlisiň baştutanynyň habar berşi ýaly, saparyň çäklerinde ýerlerde saýlawçylar bilen geçirilen duşuşyklarda täze taryhy eýýämda adamlaryň durmuşynyň möhüm meseleleri we gündelik zerurlyklary barada aç-açan söhbetdeşlikler boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar, mähriban halkymyzyň, her bir maşgalanyň, her bir raýatyň abadançylygy hem-de bagty hakyndaky aladanyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny nygtap, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge täze itergi berjek, türkmenistanlylaryň durmuşyny hil taýdan ýokary derejä çykarjak özgertmeler Milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi. Milletiň Lideri bu barada söz açyp, Mejlisiň deputatlarynyň öz saýlawçylary bilen yzygiderli duşuşyklary geçirmeginiň möhümdigini nygtady, munuň özi parlamentarilere işleriň ýagdaýy bilen hemişe habarly bolmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, deputatlar türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen, Mejlis tarapyndan kabul edilen Kanunlaryň hem-de beýleki kanunçylyk-hukuk resminamalarynyň maksatlaryny we düýp mazmunyny has doly açyp görkezmek üçin ýerlerde we habar beriş serişdelerinde düşündiriş işlerini işjeň geçirmelidirler.

Soňra milletiň Lideri wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, maý aýynda geçirilýän umumymilli baýramçylyklaryna bagyşlanylan medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baharyň soňky aýynyň uly taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan şanly senelere hem-de wakalara baýdygyny belledi. Olaryň hatarynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününe gabat gelýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Watanymyzyň okgunly ösüşiniň we abadançylygynyň ygtybarly kepillendirmesi bolup durýan ýurdumyzyň Baş Kanunynyň kabul edilen gününe 20 ýyl dolýar. Şu mynasybetli döwlet Baştutany baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramagy hem-de geçirmegi tabşyryp, olar öz gerimi we mazmuny boýunça berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk gelmelidir diýip nygtady. Milletiň Lideri bu mesele bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etdirmek bilen, möhüm jebisleşdiriji ähmiýeti bolan bu dabaralaryň hemmesiniň habar beriş serişdelerinde mynasyp we giňden beýan edilmelidigini hem belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bilen “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy O.Işangulyýewa çykyş etdi, ol pudagyň işine degişli meseleler boýunça we bu babatda Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi, bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda däp boýunça maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen toýuna mahsus röwüşde çäksiz dabaralara beslenip geçirilýär. Baýramçylyk çäreleriniň hatarynda türkmen el halylaryna sarpa goýýanlaryň bütindünýä assosasiýasynyň nobatdaky halkara maslahaty we beýleki dürli ähmiýetli çäreler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halylarynyň biziň halkymyzyň hakyky baýlygy bolup durýandygyny, asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan türkmen halyçylyk sungatynyň bolsa milli we umumadamzat medeni gymmatlyklarynda aýratyn orny eýeleýändigini nygtap, Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy, şol dabaralar geçirilen mahaly ýurdumyz däp boýunça öz başarjaň ussatlaryny, ýagny ene-mamalarymyzdan biziň nesillerimize miras galan ajaýyp el halylaryny dokaýan gelin-gyzlaryny hormatlar. Döwletimiz geljekde-de pudagy ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge, türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň göwnejaý döredijilikli we ruhubelent zähmet we durmuş şertlerini döretmäge çynlakaý üns berer diýip aýtmak bilen, milletiň Lideri şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda geçirilýän işler hakynda Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi, ol hususan-da, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de çagalaryň göwnejaý dynç alşyny we wagtlaryny peýdaly geçirmegini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dynç alyş döwründe çagalaryň oňat dynç almaklary we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri hem-de geljekki okuw ýylyna güýç toplamaklary üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Aşgabadyň etegindäki şypahana ýeri bolan Gökderede we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şu ýyl 25 müňden gowrak çagalar dynç alarlar diýip belledi. Şu maksat bilen bu merkezleri tomusky möwsüme hemmetaraplaýyn göwnejaý taýýarlamak barada görkezme berdi, olar basym bütin ýurdumyzda ýaşajyk dynç alýanlaryň müňlerçesini kabul eder.

Öz nobatynda Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Mämmedowa

Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri geçirmek meselesi boýunça hasabat berdi. Ministriň habar berşi ýaly, 30-njy aprelde Maryda bu şanly waka bagyşlanan dabara boldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakanyň we beýleki meýilleşdirilen çäreleriň özara ruhy baýlaşmaga, GDA ýurtlarynyň halklarynyň arasynda dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, türkmen halkynyň baý taryhy – medeni mirasyny, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek babatda hem olaryň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutany bu barada söz açyp, däp bolan medeni gatnaşyklary we tutuşlygyna alnanda, bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga dokma senagaty ministri A.Babaýewa çagyryldy. Ol öz garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy, hususan-da, täze dokma toplumlarynyň işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, dokma önümleriniň öndürilişiniň hem-de daşarky bazarlara iberlişiniň depgini barha ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, şeýle hem öndürilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, dünýä bazarynda dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, pudagy mundan buýana-da hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri görmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz fabrikleri gurmak bilen bagly maksatnamany amala aşyrmak babatda degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.