Ï Gün tertibinde- zyýanly endik bilen göreş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gün tertibinde- zyýanly endik bilen göreş

view-icon 664
Aşgabatda geçirilen temmäkä garşy göreş boýunça utgaşdyryjy komitetiň II edadarara maslahatyna gatnaşyjylar temmäkä garşy göreşmek milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Onuň işine ýurdumyzyň edaralarynyň we ministrlikleriniň ýigrimi sanysynyň wekilleri , jemgyýetçilik guramalarynyň we Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Geçen ýylyň ýaz aýlarynda Türkmenistan „Temmäkini gözegçilikde saklamak boýunça Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň çarçuwaly konwensiýasyna“ goşuldy. 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow „Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky “ karara gol çekdi. Öňüni alyş çäreleri gurnamaklygy kämilleşdirmek, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk binýadyny döretmek maksady bilen temmäkä garşy göreş boýunça utgaşdyryjy komiteti döredildi.

Konwensiýa gol çekişilmeziden öň ýurdumyzda onuň köp punktlary eýýäm durmuşa geçirilipdi. Beýleki puktlar bolsa şu günlerden başlap, milli maksatnama laýyklykda umumy ugur bilen bir wagtyň özünde her bir adama aýratyn çemeleşmek görnüşinde çäreler göz öňünde tutulýar. Hususan-da bu işler öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş gulluklarynyň üsti bilen erbet endikden saplanmak we ony dolulygyna ret etmek üçin ynamy berkitmekden ybaratdyr. Milli maksatnama birnäçe ykdysady tapgyrlary, şeýle-de türkmenistanlylaryň temmäkiniň zyýany baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek tapgyrlaryny öz içine alýar.

Utgaşdyryjy komitetiň agzalary bolan edaralarynyň we ministrlikleriniň wekilleri öz çykyşlarynda durmuşa geçirilen işleri barada aýtdylar. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar geljekde bu ugurda alnyp baryljak işler boýunça ugurlary kesgitlediler.