Ï Saýlaw toparlaryny döretmek işi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saýlaw toparlaryny döretmek işi başlandy

view-icon 588
Şu günler Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 26-njy, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 99-njy saýlaw okruglarynda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde etraplardaky şäherlerde, şäherçelerde, geňeşliklerde saýlaw toparlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny saýlamak boýunça okgrug toparlarynyň düzümini döretmek işi başlady.

Senenama görä şu saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda, häzirki wagtda welaýatlarda saýlaw toparlarynyň düzümlerine dalaşgärleri görkezmek bilen bagly ýygnaklar geçirilýär. Toparlaryň agazalygyna dalaşgärler – milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bilim we saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri jemgyýetçilik guramalary we birleşikler, şol sanda Türkmenistanyň Demokrtaik partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we beýlekiler, şol sanda saýlaw boýunça kanunçylyga üýtgetmeler girizilmegi netijesinde döwletiň durmuşyna gatnaşygyny has-da işjeňleşdiren raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenýär, munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň, saýlaw toparlarynyň, Türkmenistanyň Mejlsiniň deputatalrynyň saýlawlary boýunça okrug saýlaw toparlarynyň agzalaryna dalaşgärleri görmkezmek çäresi tamamlandansoň, olaryň sanawy tassyklamak üçin degişlilikde etrap we welaýat saýlaw toparlaryna iberiler.

Täze düzülen saýlaw toparlary bellenilen möhletlerde saýlaw okgruglaryny, saýlaw uçastoklaryny we olaryň düzümlerini döretmäge hem-de resminamalary taýýarlamaga girişerler.

Ýakyn wagtda milli synçylaryň we saýlawçylaryň sanawyny düzmek işi başlanar.

Saýlaw toparlaryň agzalaryna we synçylara tälim berýän okuw maslahatlary geçiriler, şonda olara gatnaşyjylara saýlaw boýunça milli kanunçylyga girizilen üýtgetmeler, şeýle hem “Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakyndaky” täze Kanun bilen has doly tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Milli parlamentiň deputatlygyna we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri görkezmek şu ýylyň 5-nji iýulynda başlanar.

Türkmenistanlylaryň habardarlygy, olaryň ýurudymzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan taryhy özgertmelere dahyllydygyna düşünmegi saýlawlaryň üstünlikli geçirilmeginiň möhüm şerti bolupdy we şeýleligine galýar, şol saýlawlaryň barşynda halkyň mynasyp wekilleri kesgitlener, olar birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynda we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynda zähmet çekmek arkaly saýlawçylaryň ynamyny ödemeli bolar.

Şunda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar arkaly döwlet we rus dillerinde kitapça görnüşinde neşir edilen Türkmenistanyň kanunlary, ýatlatmalar we gollanmalar degerli kömek berer, şonda saýlawçylar özlerini gyzyklandyrýan köp sanly meseleler babatda jogap alyp bilerler.