Şu gün paýtagtymyzyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde uruş weteranlaryna we gurban bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 67 ýyllygynyň hormatyna pul we gymmatly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Şu günler parahat durmuşy we mähriban halkymyzyň azatlygyny gazananlara, nesilleriň geljegi, bagtyýar durmuşy üçin gaýduwsyzlyk görkezip, göreşiň ähli ýowuzlyklaryny başdan geçirenlere Ýeňiş baýramy mynasybetli tüýs ýürekden we mähirli gutlag sözleri aýdyldy, olar biziň gadyrly weteranlarymyzdyr we tylyň zähmetkeşleridir, kyn wagtda, urşuň ýalynly ýyllarynda Watanymyza mukaddes wepalylygy saklamagy hem-de edermenligiň we hakyky watançylygyň nusgasyny görkezmegi başaran ýaşululardyr we enelerdir.
Olaryň hormatyna şu gün Aşgabatda “Türkmenistan” kinokonsert merkeziniň zalynda, şeýle hem ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde baýramçylyk maksatnamasynyň iň dabaraly we tolgundyryjy çäreleriniň biri geçirildi. Ony Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşi, ýurdumyzyň Goranmak ministrligi we jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri guradylar.
Hormatlamak dabarasyna frontçular we mährem enelerimiz, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, işçi ýaşlar, okuwçylar, şol sanda ata-babalarymyzyň harby işini we şöhratyny dowam etdirijiler bolan Watanymyzyň edermen goragçylary, ýagny Harby institutyň talyplary gatnaşdylar. Sahnadan kypkynjy ýyllaryň nesillerine geljekki parahat durmuşyň hatyrasyna görkezen edermenlikleri üçin çäksiz hoşallyk sözleri ýaňlandy.
Oňa jogap edip, weteranlar we yzda galan zenanlar ýaşuly nesil barada alada edýändigi we urşa gatnaşyjylara hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler, olaryň edermenligi, batyrlygy we çäksiz sabyr-takaty ýokary hormata mynasypdyr. Milletiň Lideriniň başlangyjy bilen berlen köp sanly ýeňillikler netijesinde olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredildi.
--Biz şäherlerimiziň we obalarymyzyň gülläp ösýändigini, agtyklarymyzyň we çowluklarymyzyň bagtlydygyny, häzirki wagtda olar üçin ajaýyp mümkinçilikleriň bardygyny görýäris we şol ýowuz ýyllarda Ýeňşiň hatyrasyna ähli güýçlerimizi ýöne ýerden sarp etmändigimize düşünýäris diýip, olar buýsanç bilen söz açdylar.
Ähli weteranlara dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri gowşuryldy. Soňra bu ýere ýygnananlara iň gowy aýdym-saz, halk döredijilik we tans toparlary, meşhur aýdymçylar we ýaş artistler, başarjaň ýaş sungat işgärleri öz ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Konsert maksatnamasyna harby ýyllaryň aýdymlary, görnükli türkmen kompozitorlarynyň we häzirki zaman awtorlarynyň eserleri ýurdumyzyň meşhur şahyrlarynyň goşgulary girdi. Olar şeýle bir özüne çekiji we göwün galkyndyryjy boldy.
Elbetde, şu günki dabaranyň esasy gahrymanlary öz ýoldaşlary bilen ýene-de duşuşdylar, alysda galan uruş ýyllaryny, front durmuşynyň wakalaryny ýatladylar ... .
Biziň weteranlarymyz we gurban bolan esgerleriň ýanýoldaşlary öz ýatlamalarynda şol alysda galan ýyllara ýene we ýene-de gaýdyp gelmek bilen, umyt bilen garaşanlarynyň ählisini ýatlap, tukatlandylar, şonuň bilen bilelikde Ýeňiş baýramyna ýene-de şatlandylar, ol hemmelere parahatçylyk eçildi hem-de 67-nji gezek olaryň ýüreklerini gurşap alyp, olara ynamyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň hem-de adalatlylygyň nuruny çaýdy.
Beýik Watançylyk urşy 1418 günläp dowam etdi, bu sanyň aňyrsynda örän ýowuz synaglar, öwezini dolup bolmajak ýitgiler, millionlarça adamlaryň ýüregine salnan bitmejek ýaralar durýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda şol urşuň agyr hasratyny çekmedik öý, şonda öz dogan-garyndaşlaryny we ýakyn hossarlaryny ýitirmedik maşgala ýokdur.
Urşuň ilkinji günlerinde türkmenistanlylaryň müňlerçesi meýletinlik bilen urşa gitdiler, ýowuz söweşlerde watançylygyň hem-de edermenligiň belent nusgasyny görkezdiler. Türkmenistanlylaryň ençemesi Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin Gahrymanyň belent adyna mynasyp boldular, esgerleriň müňlerçesi ordenler we medallar bilen sylaglandylar.
Tylda galan zenanlar, gojalar we çagalar güýçlerini gaýgyrman gije we gündüz Beýik Ýeňşiň hatyrasyna zähmet çekdiler. Türkmen zenanlary ynsanperwerligiň ýokary nusgasyny görkezip, Goranyş gaznasyna dürli zergärçilik şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny, şeýle hem ýyly egin-eşikleriň 1,5 milliona golaýyny tabşyryp, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň ýokary nusgasyny görkezdiler.
Ýyllar geçer, ýöne Beýik Watançylyk urşunyň gandöküşikli söweşlerinde köp garaşylan ýeňşi gazanan gahryman türkmenistanlylaryň deňsiz-taýsyz edermenligi we öz mukaddes ojaklaryna wepaly biziň zenanlarymyzyň gaýduwsyz zähmeti hakyndaky ýatlama häzirki we geljekki nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar. Uruş we zähmet weteranlarynyň gahrymançylykly durmuş ýoly häzirki wagtda watançylygyň, mähriban topragymyza çäksiz wepalylygyň hem-de mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekli hyzmat etmegiň hakyky mekdebi bolup durýar.
Ata-babalarymyzyň edermenligine biziň hormat goýmagymyz, şöhratly Watan ogullaryna we gyzlaryna buýsanjymyz şu günler mähriban weteranlarymyza bagyşlanan eserlerde, ýurdumyzda, konsert zallarynda we kärhanalarda, mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde, teatrlarda, medeni merkezlerde, ýurdumyzyň pudak edaralarynda we guramalarynda geçirilýän çärelerde giňden beýan edilip, aýratyn güýçli ýüze çykýar.
Şu gün Ýeňiş baýramynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde “Mugallym, esger, il halar ynsan” ady bilen baýramçylyk duşuşygy hem-de konserti boldy.
Hormatly Prezidentimiziň atasy, paýhasly mugallym we edermen esger, watançy Berdimuhamet Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän bu oba mekdebi türkmen mugallymçylygynyň we milli mekdebiň ahlak taýdan terbiýe bermegiň iň oňat däpleriniň dowam etdirýän ruhy ojaga öwrüldi. Bu gün bu ýerde urşa gatnaşan weteranlar hormatly we iň gadyrly myhmanlar boldular, olar ýaş nesliň wekilleri bilen duşuşdylar.
Biziň weteranlarymyzyň söweş ýollary hakyndaky söhbetleriniň bizi oýlanmaga mejbur edýändigini hem-de ýürekdeş we mukaddes duýgulary oýarýandygyny duýan mahaly olaryň ýüzlerinde şatlyk hem-de mähirlilik nurunyň çaýylýandygyny görmek bolýar. Şular ýaly duşuşyklar olara gujur-gaýrat we ruhubelentlik eçilýär. Biziň weteranlarymyzyň ýaşlarynyň bir çene ýetendigine garamazdan, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaş watançylaryny we goragçylaryny terbiýelemekde öňküleri ýaly hatarda durýandygyny aňladýar.
Elbetde, urşa gatnaşanlaryň gözlerinde ýatlamalar zerarly köplenç halatda gözýaş peýda bolýan hem bolsa olaryň ýüzlerinde ýygy-ýygydan şatlyk öwüşginleri görünýär. Olar öz ýüreklerinde geçen ýyllaryň ýatlamasyny saklap galmak bilen öz ýurduna, parahatçylykly döwürde ýaşaýan we öz öňlerinde ajaýyp mümkinçilikler açylan ýaş nesillere buýsanýarlar. Şunuň hatyrasyna hem olar şeýle kyn düşen Beýik Ýeňşi gazanypdylar.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, dürli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan taýýarlanylan giňişleýin we baý mazmunly baýramçylyk maksatnamasy taýýarlanyldy.
6-njy maýda paýtagtymyzyň “Altyn asyr” seýilgähinde, “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde geçirilen çäreler baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy.
Diňe bir suratkeşler, şahyrlar we artistler däl, eýsem türgenler hem öz ruhubelent çykyşlaryny beýik baýramçylyga bagyşlaýarlar.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän sport bäsleşikleriniň hatarynda “Olimpiýa” sport toplumynda 6-njy maýda geçirilen ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň jemleýji tapgyryny görkezmek bolar.
7-nji maýda hormatly myhmanlar Türkmen milli konserwatoriýasynda we “Ylham” seýilgähinde bolarlar, konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary baýramçylyk konsertini taýýarladylar, “Ylham” seýilgähinde ýaş aýdymçylaryň we sazandalaryň hem-de tansçylaryň çykyşlary bolar.
Şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabadyň teatrlary hem weteranlara we Ýeňiş güni mynasybetli duşuşyklaryň şatlygyny paýlaşmak üçin paýtagtymyza gelenleriň hemmesine öz sowgatlaryny taýýarladylar.
7-nji maýda “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda uşu boýunça milli birinjilik ugurndaky ýaryşyň jemi jemlener, paýtagtymyzyň olimpiýa suw sporty toplumynda bolsa ýüzüjileriň görkezme çykyşlary geçiriler.
Esasy dabaralar 9-njy maýda bolar, şonda ähli türkmen halky dünýäniň köp halklary üçin hoşniýetliligi we mähirliligi, häzirki we geljekki günleri dabaralandyrýan baýramçylyk bolan Ýeňiş gününi garşylarlar. Şol gün Aşgabatda Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna bina edilen ýadygärlige we Baky oda, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde geçen urşy we onuň gahrymanlaryny hatyralap oturdylan ýadygärliklere däp boýunça gül goýmak dabarasy bolar.
Şol gün bütin ýurdumyzda konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, döredijilik çäreleri we köpçülikleýin gezelençleri geçiriler.
Paýtagtymyzda “Aşgabat” konsert merkezi şäheriň köp sanly ilaty we myhmanlary üçin baýramçylyk agşamynyň geçirilýän ýeri bolar, şol ýerde meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň gatnaşmagynda uly konsert bolar.
Ähli welaýatlaryň merkezi meýdançalarynda Ýeňiş gününe bagyşlanylan baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlanar. Şäherleriň we obalaryň ählisinde, okuw mekdeplerinde, medeniýet merkezlerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda edebi agşamlar, aýdym-saz çykyşlary, uruş weteranlary we gurban bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen duşuşyklar geçiriler.
Çünki olar biziň milli buýsanjymyzdar we mertebämizdir.
Olar jemgyýetimizi berkidýän, ösüşimize gujur-gaýrat, batyrgaý başlangyçlarymyza paýhas eçilýän asylly hyjuwlary oýarýan ruhy hem-de ahlak gymmatlyklarymyzdyr.
Şolar netijesinde biz ajaýyp Ýeňiş gününi baýram edýäris, bu bolsa körpeleriň millionlarçasyna parahat durmuşda dünýä inmäge mümkinçilik eçilen we häzirki wagtda türkmen topragyna täzeleniş baharyny--Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ilkinji baharyny getiren, 67 ýyllap dowam edýän tutuş durmuşdyr.