Ï Watanymyzyň welaýatlarynda täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda täze jaý toýlary

view-icon 518
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda dürli maksatly täze desgalar işjeň gurulýar. Dürli pudaklaryň işgärleriniň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň zähmet we durmuş şertlerini häzirki döwrüň talaplarynyň derejesine çykarmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda bolan göçme mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda şu gün Daşoguzda welaýat kazyýetiniň täze binasy ulanylmaga berildi.

Üç gatly ak mermere örtülen bina “Daşoguznebitgazgurluşyk” müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan guruldy, onuň ähli iş otaglary zerur edara enjamlary we mebel bilen üpjün edildi, has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu binada ýylylyk we energiýa üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary, hojalyk toplumy, gulluk awtoulaglary üçin garaž bar. Töweregindäki çäkler doly abadanlaşdyryldy we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi.

Täze binanyň açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, sebitiň hukuk goraýjy düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Çykyş edenler hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda edýän aladasy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şanly wakanyň hormatyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine we Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna toý sadakasy berildi.