Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz maslahaty ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyny, welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri amala aşyrmak we welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyklar baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan başlap, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Olar gowaça edilýän idegiň barşy, ýakynlaşyp gelýän galla oragyna görülýän taýýarlyk, gurulýan möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy we welaýatlary ösdürmegiň beýleki ugurlary boýunça hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany ýetişdirilen gallany ýygnamak babatda her bir etrap üçin galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň anyk meýilnamasyny taýýarlamagy hem-de häzirden başlap bu möhüm oba hojalyk möwsüminde ulanyljak kombaýnlaryň, däne daşamak üçin awtoulaglaryň we beýleki tehnikanyň möçberini takyk kesgitlemegi, daýhanlary ähli serişdeler, şeýle hem gös-göni meýdanlarda gyzgyn nahar bilen zerur bolan möçberde doly üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem oba hojalyk zyýan berijilerine garşy göreşmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we ýygnalan dänäni aýawly saklamagy, ony gaýtadan işlemegi üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri çözmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häkimlere bu işi guramaçylykly alyp barmak barada görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda geçirilen barlagyň netijeleriniň üstünde durup geçdi, onuň barşynda birnäçe kemçilikler ýüze çykaryldy. Döwlet Baştutany welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obalaryň durmuş şertlerini özgertmek we ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça işleriň ýaramaz gurnalandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz welaýatda alnyp barylýan işlere geçirilen barlagyň jemleri boýunça hasabatdan birnäçe sanlary mysal getirdi. Hususan-da, 2008-2011-nji ýyllarda welaýat boýunça 123 sany medeni-durmuş maksatly desgany gurmak we durkuny täzelemek meýilleşdirilipdir, hazire çenli bu desgalaryň bary-ýogy 43-sinde gurluşyk işleri tamamlanypdyr, ulanmaga bermeli möhletiniň geçendigine garamazdan, 51 sany desgada gurluşyk işleri häzir hem dowam edýär. Galan 29 desganyň bolsa gurluşygyna başlanmandyram diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy pes depginler bilen alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzire çenli ýaşaýyş jaýlarynyň diňe 9 göteriminde gurluşyk işleri tamamlanypdyr. Möhletiniň geçendigine garamazdan, ýaşaýyş jaýlarynyň 17 göteriminde gurluşyk işleri heniz hem dowam edýär. Galan 74 göteriminde bolsa gurluşyk işlerine asla başlanmandyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Welaýatda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin 341 sany dik guýyny gurmak göz öňünde tutulypdyr. Ýöne hazier çenli olaryň diňe 52 sanysynyň gurluşygy tamamlanypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Möhletiniň geçendigine garamazdan, 32 sany dik guýynyň gurluşygy häzir hem dowam edýär. Galan 257 sany dik guýynyň bolsa, gurluşyk işlerine hazier çenli hem başlanmandyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Welaýatda inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy hem pes depginlerde alnyp barylýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şu döwürde inženerçilik ulgamlarynyň diňe 52 göteriminde gurluşyk işleri tamamlanandygyny, möhletiniň geçendigine garamazdan, bu ulgamlaryň 13 göteriminde gurluşyk işleri henizem dowam edýändigini, galan 35 göteriminde bolsa gurluşyk işleriniň başlanmandygyny aýtdy.
Işleriň pes derejede ýerine ýetirilendigi sebäpli welaýatda elektrik geçirijileriniň 26 göterimi, suw ulgamlarynyň 34 göterimi, awtomobil ýollarynyň 54 göterimi, gaz geçirijileriň bolsa 85 göterimi gurlupdyr diýip, hormatly Prezidentimiz barlagyň netijelerinden mysallary getirdi.
Beýleki maksatly binalaryň gurluşyk işleriniň depgininiň pesdigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu işleriň Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine böwet bolýandygyny nygtady. Şeýle hem welaýatdaky edara kärhanalaryň orta we ýolbaşçy wezipelerine ýokary hünärli, başarjaň işgärler çekilmändir, bar bolan boş iş orunlaryna başarjaň we ökde hünärmenleri işe almak boýunça zerur işler geçirilmändir, welaýatda taslama işlerini öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan binagärçilik, inženerçilik we gurluşyk hünärleri boýunça işgärler ýetmezçilik edýär.
Şeýlelikde, ýol berlen şunuň ýaly kemçilikler welaýatda desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň haýal alnyp barylmagyna getiripdir, desgalaryň taslama resminamalaryny taýýarlamak we döwlet edaralary bilen ylalaşmak işleri uzaga çekdirilip, 14-20 aýa çenli dowam edipdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Serdar şäherinde multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen 600 orunlyk iki sany mekdebi gurmak göz öňünde tutulypdyr diýip, mili Liderimiz sözüni dowam etdi. Ulanmaga bermeli möhletiniň 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda geçendigine garamazdan, henize çenli hem bu mekdepleriň gurluşyk işleri tamamlanmandyr. Olaryň birinde bolsa häzirki wagtda gurluşyk işleri asla alnyp barylmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz häkimden bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi we welaýatyň durmuş-ykdysady ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen degişli ministrlikler, pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde sazlaşykly iş alyp barmagy, welaýat häkimliginiň garamagyndaky Düýpli gurluşyk müdirliginiň işini talaba laýyk guramagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe görkezmeleri berip, hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda ýerli hususy kompaniýalary gurluşyk işlerine giňden çekmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işler, bu ýerde gurulýan desgalaryň ýagdaýy, şäherde arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda, şeýle hem şanly seneleri baýram etmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häkimden Aşgabady abadanlaşdyrmaga aýratyn üns bermegi, şäherde yşyklandyryşa degişli ähli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi talap etdi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, 9-njy mayday bellenjek Ýeňiş gününde we Galkynyş, agzybirlik hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylan baýramçylyk dabaralarynyň jemlenýän ýeri boljak paýtagtymyzyň şol çärelere mynasyp taýýarlanylmagy üçin ähli çäreleri görmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlanan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny hem belledi.
Soňra döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahata saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowy çagyrdy, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitine girýän döwletleriniň saglygy goraýyş ministrleriniň gatnaşmagyndaky mejlisini şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçirmek bilen bagly meseleler boýunça Daniýa Patyşalygyna amala aşyrylan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we bu hyzmatdaşlyk geljekde hem halkara gatnaşyklarynyň strategik ugurlarynyň biri bolmagynda galar diýip belledi. Bu mejlisiň ýokary guramçylyk derejesinde geçirilmegi üpjün etmek maksady bilen, oňa häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, Türkmenistayň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň çykyşy bilen dowam etdi, ol bilimi, saglygy goraýyşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet durmuş syýasatyny hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bilim, ýaşlary terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ýaly jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan ulgamlar durmuş ugra gönükdirilen syýasaty ýöredýän hem-de adamlaryň mynasyp durmuş şertlerini döretmegi, olaryň mümkinçiliklerini hem-de ukyplaryny açmagy maksat edinýän döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolar diýip nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem sport-sagaldyş ulgamyň döwrebaplaşdyrylan maddy enjamlaýyn binýadyny has netijeli ulanmagyň möhümdigini belledi.
Soňra göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çagyryldy, ol Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek, dürli derejede, şol sanda şu aýda Aşgabat şäherinde “Musulman dünýäsinde bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meseleleri” atly halkara maslahatyny geçirmäge, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyş Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde halkara duşuşyklaryna taýýarlyk görmek boýunça DIM-iň işi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde ýola goýulýan oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar diýip belledi. Soňra milletiň Lideri öňümizdäki halkara maslahaty barada durup geçip, biziň döwletimiziň BMG we onuň iri düzümleri bilen köp ugurlarda, şol sanda ynsanperwer häsiýetli meselelerde netijeli hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz ösdürýändigini kanagatlanma bilen nygtapdy.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň bosgunlara kömek bermek boýunça anyk ädimleri ätmäge we dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmak arkaly bu ulgamda toplanan tejribäni paýlaşmaga taýýardygyny belledi. Milletiň Lideri Bitaraplyk derejesi bilen şertlenen hem-de ähli döwletler bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýän biziň ýurdumyzyň daşary syýasat bähbitlerini we ýörelgelerini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça ähli zerur bolan çäreleri gyşarnyksyz durmuşa geçirjekdigini aýtdy. Türkmenistan goňşy we alysdaky döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň girewi boljak göwnejaý çözgütleri işläp taýýarlamakda hut şunuň ýaly çemeleşmäni görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew milletiň Liderine gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň maýa goýum we eksport kuwwatyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýakyn wagtlara meýilleşdirilýän çäreler hakynda, şol sanda 12-nji maýda Koreýanyň Ýosu şäherinde açylýan Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna iberilmegi üçin oýlanyşykly strategiýanyň möhümdigi hakynda söz açyp, innowasion ugurlarda ýurdumyzyň ykdysady durmuşyny işjeňleşdirmek üçin halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Bütindünýä EKSPO-2012 gözden geçirilişinde Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklerini uly möçberde tanyşdyrmagyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezme berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, maliýe-bank edaralarynda amala aşyrylýan wajyp çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de bu ulgama halkara kadalaryny we standartlaryny ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hojalyk işiniň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri, şeýle hem häzirki zaman dünýäsiniň ösen isleglerini nazara almak bilen, milli maliýe-bank ulgamynyň üýtgäp durýan ykdysady gurşawyň şertlerine uýgunlaşmagynyň ylmy taýdan möhümdigini we iş ýüzünde ähmiýetiniň uludygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetde maliýe serişdeleriniň netijeli paýlanylmagyna, daşary we içeri maýa goýumlaryny çekmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, häzirki zaman maliýe edaralarynyň ösdürilmegine, şeýle hem ykdysady ösüşe we türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ylmy taýdan çemeleşmäniň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew çagyryldy. Ol gözegçilik edýän pudaklarynyň işleri we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Şol işler ýurdumyzyň ýaşaýyş-durmuş we senagat düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şertnamalarda göz öňünde tutulan gurluşygyň möhletleriniň we hiliniň berk berjaý edilmeginiň gurulýan ähli desgalaryň potratçylaryna bildirilýän esasy we üýtgewsiz talap bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary standartlaryny üpjün etjek toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga çuňňur oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, iş tejribesine innowasion tehnologiýalary, özboluşly ideýalary hem-de binagärlik we inžener-tehniki pikiriniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, wise-premýere Aşgabat şäherini mundan beýläk-de gurmak we abadanlaşdyrmak bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ol ähli görkezijiler boýunça ýurdumyzyň paýtagtynyň belent derejesine gabat gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany çagyrdy, ol gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler, şeýle hem şu aýyň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy, şol sanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli geçiriljek dabaralar hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany öňde boljak baýramçylyklaryň ähmiýeti hakynda söz açyp, Ýeňiş gününiň mazmuny boýunça tutuş halkymyz, häzirki we geljekki nesiller üçin, ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen şanly seneler mynasybetli dabaralaryň hemme ýerde ýokary derejede geçirilmelidigini belledi. Şol çäreleriň barşynda bu şanly bahar baýramlarynyň düýp many-mazmuny açylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz bellemek bilen degişli tabşyryklary berdi.
Maslahatda berlen hasabatlary umumylaşdyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ýolbaşçylara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamany üstünlikli amala aşyrmak, dürli pudaklaryň ministrlikleriň we edaralaryň öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, guramaçylyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.