Ï Çagalaryň dynç almaklary üçin täze merkez
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň dynç almaklary üçin täze merkez

view-icon 983
Arçabil etrabynyň Gökdere diýen ýerinde „Nesil“ çagalar sagaldyş merkeziniň gurluşygy ahyrky tapgyrlarda alnyp barylýar. Taslamanyň awtory – arhitektor Batyr Gurbanlyýew we „Türkmenkommuntaslamanyň“ taslaýjylary sagaldyş merkeziniň bu ajaýyp deräniň tebigy landşaftyna laýyk getirmegi başarypdyrlar. Bu merkez daglyk ýerde ýerleşip, erteki

şäherçesini ýadyňa salýar. Bu ýerde pawilýonlar, aýlanaýan hiňňillikler we oýun meýdançalary, suwa düşülýän howuzlar we körpeler üçin akwaparklar, tennis korty we futbol meýdany, basketbol we woleýbol meýdançalary, amfiteatr we beýleki desgalar çagalaryň hyzmatynda bolarlar.


Häzirki zaman köp ugurly, bir bada müňlerçe dynç aljaklara niýetlenen bu toplumyň gurluşyk işlerini „Türkmengazakdyryş“ birleşiginiň buýurmasy boýunça „Türkmennebitgazgurluşyk“ Döwlet konserniniň „Daşoguznebitgazgurluşyk“ edarasy „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna alyp barýar. Häzirki wagtda bu merkeziň çagalaryň ýatýan binalarynda, adminstratiw-durmuş binalarynda, naharhanada we beýleki binalarynda timarlaýyş, şeýle hem kömekçi binalarda enjamlary oturtmak we ýatylýan otaglara mebel goýmak işleri alnyp barylýar. Toplumyň çäklerinde boýy ýeten agaç nahallaryny we gülleri oturtmak işleri tamamlandy, baglary we gülleri suwarmak üçin niýetlenen ulgam gurnaldy, ýodajyklar çekildi we olaryň gyralaryna yşyklandyryjylar goýuldy. Bu çagalar sagaldyş merkezi Çagalary goramagyň halkara gününiň -1-nji iýunyň öňisyrasynda öz gapylaryny giňden açar.

Baş binada oýnalýan enjamly wagtyňy hoş geçirýän merkez, sport we mejlisler jaýlary, kompýuter otaglary ýerleşer. Şeýle hem bu ýerde oýnawaçlar, gurnak otaglary, dynç alynýan umumy otaglar çagalaryň ygtyýarynda bolar. Iki howuzdan ybarat bolan owadan akwapark ünsüňi özüne çekýär. Hiňňillikler, çagalar oýun we sport meýdançalary, 600 orunlyk amfiteatr we beýleki desgalar bolsa çagalaryň gowy dynç almaklary we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklary döreder.

Adminstrasiýanyň ygtyýarynda enjamlar bilen üpjün edilen uly 1200 adama niýetlenen naharhana binasy, hyzmat ediş we gap-gaç ýuwulýan jaý, sowadyjy enjamlar, goş saklanylýan jaýlar bar.


Baş we ýatylýan binalarynyň jaýlarynyň ählisi howany sazlaýjylara, sowadyp - ýyladýan ulgama birikdirilendir. Esasy binalar habar beriş we ýangyn söndüriji akustiki enjamlar bilen üpjün ediler, mejlisler jaýynda we amfiteatrda häzirki zaman audio we wideogörnüş ulgamlary oturdylar. Çagalar merkeziniň durmuş maksatly binalary kir ýuwmagyň, guratmagyň we ütüklemegiň awtomatiki usullary bilen üpjün ediler. Eýýäm bu ýerde ene-atalar üçin myhmanhana we merkeziň işgärleri üçin kottejleriň üçüsi guruldy.

„Nesil“ dynç alyş merkezi doly görnüşde özbaşdakdyr. Iki sany elektrik podstansiýasyndan başga hem bu ýerde kuwwatly ätiýaçlyk elektrik generatory gurnaldy, suw üçin uly göwrümli suw gaplary bar, çagalaryň gowy dynç almaklary üçin zerur bolan şertler bilen üpjün edilendir.


„Nesil“ dynç aljaklary diňe bir tomus möwsüminde kabul etmän, eýsem gyş aýlarynda hem kabul etmäge niýetlenendir. Bu merkez eýýäm ýurdyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň çagalary üçin gurlan çagalar sagaldyş merkeziniň dördünjisidir. Indi bu ajaýyp jülgede bir wagtyň özünde çagalaryň 2,5 müňden gowragy dynç alyp bilerler. Eýýäm Gökderede häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezleriniň ondan gowragy guruldy, täze sagaldyş merkezleriniň düýbi tutulýar.