Ï Ýalynly ýyllaryň gahrymanlaryna bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýalynly ýyllaryň gahrymanlaryna bagyşlanýar

view-icon 1222
Şu günler ata Watanymyzyň paýtagtynda, ähli welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, frontda we tylda gahrymançylyk görkezip, bu röwşen Ýeňiş baýramyny ýakynlaşdyran weteranlaryň hormatyna bagyşlanan dabaralaryň gerimi giňelýär. Bu gazaply uruşda häzirki we geljekki nesilleriň azatlygy we bagtyýar durmuşy ugrunda wepat bolanlaryň ählisiniň deňsiz-taýsyz edermenligi halkymyzyň ýadyndan çykmaýar.

Bu günki gün urşa gatnaşan şöhratly frontçular, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary we tylda zähmet çekenler ýurdumyzda şanly senä—Ýeňşiň 67 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň iň hormatly myhmanlarydyr. Şol ýalynly ýyllary başdan geçiren weteranlaryň hormatyna tutuş ýurdumyzda duşuşyklar, sahnalaşdyrylan dabaralar we konsertler geçirilýär.

Türkmenistanlylar şöhratly, gahrymançylykly ýoly geçip, ata Watanymyza yhlasly gulluk etmegiň ebedi göreldesine öwrülenleriň öňünde baş egip, ýurdumyzda uly üns berlip, aýratyn alada bilen gurşalan weteranlara we wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna çuňňur hormat goýýarlar. Şu günler ähli ýerde urşa gatnaşanaryň ählisine hem-de janaýamazakly zähmet çekip, sabyrsyzlyk bilen garaşylan Ýeňiş gününi ýakynlaşdyranlara tüýs ýürekden çykýan gutlag sözleri we ýakymly arzuwlar aýdylýar. Olar bilen geçirilýän her bir duşuşyk terbiýeçiligiň we watançylygyň belent mekdebidir.

Weteranlar öz çykyşlarynda ata Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan görlüp-eşidilmedik üstünliklerine begenýändigini we buýsanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban halkymyzy berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne ýetirendigi, urşa gatnaşanlar we wepat bolan esgerleriň maşgalalary barada alada edip, içgin üns berýändigi, olara köp sanly ýeňillikleriň we mynasyp

ýaşaýyş-durmuş şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şu gün Beýik Watançylyk urşunuň weteranlary Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Watan gerçeklerini hormatlan Ogul” atly baýramçylyk konsertine çagyryldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar orkestriniň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllaryna degişli aýdymlar hem-de dünýäniň saz sungatynyň altyn gaznasyna goşulan, şol sanda Ž.Bizeniň, A.Şatrowyň, I.Bramsyň, E.Di Kapuanyň, L.Densiň, K.Dinikunyň, A.Nowikowyň, K.Montiniň, şeýle hem türkmen kompozitorlary N.Muhadowyň, H.Amangeldiýewiň, B.Hudaýnazarowyň, R.Rejebowyň, B.Hudaýberdiýewiň we beýlekileriň eserleri ýaňlandy. Tomaşaçylaryň kalplarynyň ruhubelentlik we ýakymly duýgular bilen gurşalmagyna ýardam beren bu konsert “Ýeňiş güni” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy, şol aýdyma bu çärä gatnaşanlaryň ählisi goşuldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda tylda zähmet çekip, uruş ýyllarynyň ähli kynçylyklaryny başdan geçiren zenanlara we enelere bagyşlanan “Ýar ojagyny baky saklan gelinler” atly sahnalaşdyrylan aýdym-sazly dabara boldy. Bu dabara türkmen zenanlarynyň edermenliginiň öňünde ýene-de bir gezek baş egilmegini alamatlandyrdy, zenanlaryň bu edermenligi olaryň ýanýoldaşlarynyň, ogullarynyň we doganlarynyň gahrymançylygyna deňelýär. Şeýle hem bu dabaranyň barşynda “Hakyda” atly oýun görkezildi.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny “Edermenlik mekdebi” atly sahnalaşdyrylan dabarany görmäge çagyrdy. Teatryň artistleri goşgy okadylar, uruş ýyllarynyň aýdymlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler, şeýle hem bize parahat we bagtyýar durmuşy peşgeş beren adamlaryň gahrymançylygyny beýan edýän sahnalar bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Baky gahrymanlar” atly sahnalaşdyrylan aýdym-sazly dabara boldy. Şonda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary sahnalarda we öz çykyşlarynda Beýik Watanyçylyk urşuna gatnaşan gahrymanlaryň, olaryň eneleriniň, ýanýoldaşlarynyň we çagalarynyň keşplerini janlandyrdylar.

Aşgabadyň iň gözel we şahyrana künjekleriniň biri hasaplanýan “Ylham” seýilgähine hem köp adam ýygnandy. Bu ýerde tanymal aýdymçylaryň we sazandalaryň, ýaş estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda uly konsert boldy.

Milli senenamanyň şanly senesine bagyşlanan bu çäreleriň ählisi Ýeňiş gününde—9-njy maýda geçiriljek uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Ertir däp boýunça tutuş ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunyň Gahrymanlarynyň we Aşgabatdaky “Baky ot” ýadygärligine, bu urşa gatnaşyjylara hormatyna oturdylan ýadygärliklere gül desseleri goýlar. Agşam dabaraly çäreler paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde dowam eder, bu ýerde ýurdumyzyň tanymal aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, tans we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda konsert bolar.