Ï Gahrymanlary gözlemek işleri dowam etdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahrymanlary gözlemek işleri dowam etdirilýär

view-icon 983
Iki ýyl mundan ozal, Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanmagynyň 65 ýyllygynyň öňisyrasynda, köp jiltlik „Şöhrat“ kitabynyň bäşinjisi, ahyrkysy, neşir edildi. Ondan öň neşir edilen „Hatyra“ kitaby ýaly, bu kitapda hem ikinji jahan urşy ýyllarynda Watanyny goran türkmenistanly esgerleriň görkezen gahrymançylyklary barada maglumatlar berilýär. Olaryň arasynda söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolanlary-da, urşuň ýalynly ýollaryny üstünlikli geçip, öz mähriban ojaklaryna dolanyp gelenleri-de bardy. Olaryň gahrymançylykly söweşmekleri netijesinde uly ýeňiş gazanyldy. Türkmenistanyň Döwlet arhiwinde şol wagtlar döredilen „Hatyra“ we „Şöhrat“ ylmy-gözleg toparlarynyň çeken ýadawsyz zähmetleri netijesinde ýubileý ýylynyň öňisyrasynda ýadigärlik kitaplarynyň tamamlanmagy geçen urşuň gahrymanlarynyň gözleg işleriniň bes edilendigini aňlatmaýar.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň gahrymanlary barada maglumatlary ýygnamak we olary ulgamlaşdyrmak boýunça geçirilen depginli işlere garamazdan, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan biziň ildeşlerimiziň atlarynyň bir bölegi bu neşirlere girmedi. Onuň hem – ondan bäri köp wagtyşň geçmegi, saklanyp galan maglumatlaryň ýeterlik bolmazlygy, 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýer yranmasy sebäpli köp resminamalaryň ýitmegi ýaly özüne ýetik sebäpleri bar. Meselem, uruş ýyllarynda köp sanly harby gullukçylaryň atlary we olaryň atalarynyň atlary bolşy ýaly ýazylmandyr, olaryň atlary we olaryň atalarynyň atlary harby komissarlyklaryň, harby ştablaryň, hassanalaryň işgärleri tarapyndan eşdilşi ýaly ýazylypdyr. Netijede bolsa esgerleriň we harby gullukçylaryň atlary we olaryň atalarynyň atlary tanalmaz ýaly derejede ýoýulypdyr. Olar ýaly bolsa müňlerçedi. „Şöhrat“ kitabynyň jemleýji jildiniň tamamlanylýan wagtynda urşa gatnaşanlaryň sanawynyň we fotosuratlarynyň soňra gelip gowuşmgy sebäpli „Hatyra“ we „Şöhrat“ kitaplarynyň öňki neşir edilen bäş kitabynyň sanawyna goşulmadyklar „Şöhrat“ kitabynda olar barada goşmaça maglumatlar berildi.

Geçen urşuň gahrymanlarynyň atlaryny ebedileşdirmek boýunça işler şu günler hem dowam etdirilýär. Uruş ýyllarynyň köp sahypalary we dereksiz ýiten müňlerçe esgerleriň atlary häzirki güne çenli ýazylman galýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasynyň işgärleri ildeşlerimiziň atlaryny dikeltmek boýunça uly işleri alyp barmak bilen, boş duran atlaryň ýerlerini günsaýyn doldurýarlar. Olar barada maglumatlar dürli çeşmelerden gelip gowuşýar. Haýsydyr bir sebäplere görä söweşjeň ýollaryny kesgitläp bolmadyklaryň maglumatlarynyň bir bölegi urşa gatnaşanlaryň hossarlaryndan gelip gowuşýar, maglumatlaryň beýleki bir bölegi Türkmenistanyň Merkezi arhiwine daşary ýurtlardan gelip gowuşýan Beýik Watançylyk urşy baradaky neşirlerden alynýar. Meselem, kommersiýa gurluşlar tarapyndan Tatarystan Respublikasynda neşir edilýän „Gurban bolanalar barada maglumatlar“ atly kitapdan arhiw işgärleri tarapyndan wepat bolan türkmenistanly esgerleriň birnäçesi barada maglumatlar tapyldy. Olar barada maglumatlar ozal „Hatyra“ kitabynda berilipdi, ýöne olaryň nirede jaýlanandygy näbellidi. Indi biz olaryň Kazan şäherindäki Arsk gonamçylygynda doganlyk mazarynda jaýlanandygyny bilýäris. Şeýle hem wepat bolan Türkmenistanly esgerleriň ikisiniň ykballary barada arhiw işgärleine öň belli bolmadyk maglumatlar bu ýerden tapyldy. Gazagystanda neşir edielen kitapdan hem biziň ildeşlerimiziň atlary tapyldy. 2009-njy ýylda Moskwada „Olar Moskwanyň eteginde 1941-1942-nji ýyllarda bolup geçen söweşde wepat boldylar“ atly iki kitap neşir edildi. Bu kitaplaryň ikisinde türkmenistanly esgerleriň 40-sy barada maglumatlar berilýär, 0laryň 28-si „Hatyra“ kitabynda atlandyrylyp geçilýär, galanlaryň atlary bolsa ilkinji sapar berilýär.

Urşuň ýetiren zyýanlaryny öwrenmek boýunça Awstriýanyň Lýudwig Bolsman adyndaky institutynyň russiýanyň gözleýjileri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi netijesnde 2010-njy ýylda bir müň sahypalyk „Ikinji jahan urşy ýyllarynda Awstriýada wepat bolan sowet raýatlary we olaryň jaýlanan ýerleri“ atly kitap neşir edildi. Bu kitapda wepat bolan we Awstriýanyň gonamçylyklarynyň 216-ynda jaýlanan sowet raýatlarynyň 60 müňüne golaýy barada resmi maglumatlar ýygnalypdyr. Olar gitlerçi basybalyjylardan Awstriýany azat etmek ugrunda söweşen Gyzyl Goşunyň esgerleri, harby ýesirler, SSSR-iň basylyp alynan oblastlaryndan mejbury işler üçin faşistler tarapyndan alynyp gidilen raýatlar, konsentrasion lagerleriň ýesirleri bolup durýarlar. Ýüze çykarylan müňlerçe atlaryň arasynda Türkmenistanda dogulan ýa-da urşa çenli Türkmenistanda ýaşan we uruşda Awstriýada wepat bolan we ol ýerde jaýlananlaryň 77-siniň ady ýüze çykaryldy. Biziň ildeşlerimiziň diňe ikisiniň nirede jaýlanandygy näbelli boldy. Beýlekileriň ählisi, şol sanda gitlerçileriň konsentrasion lagerleriniň tikenekli simleriniň aňyrsynda wepat bolanlaryň hem, Awstriýanyň dürli şäherleriniň gonamçylyklarynyň 29-nda jaýlanylypdyr. Faşistler tarapyndan horluk çeken türkmen esgeriniň ählisinden 16-sy faşistik konsentrasion lagerleriniň iň aýlyganjy bolan Mauthauzende jaýlanylypdyr.

Arhiw işgärlerine gözleg işlerini geçirmäge internet uly kömek berýär. Öz Watanynyň taryhy, ony goran ildeşlerimiziň ykbaly bilen gyzyklanýan biziň ýurdymyzyň ýaşaýjylary gözleg saýtlarynda tapylan maglumatlary deň paýlaşýarlar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet arhiwine russiýanyň gözleg toparlarynyň biriniň agzalaryndan Wýazmadaky DULAG-184 konsentrasion lagerde wepat bolan türkmen esgerleriniň jaýlanan ýeriniň tapylandygy barada habar gelip gowuşdy. Arhiw işgärlerine internet-maglumatlar arkaly ýakyndan kömek berýänleriň biri hem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Lýubow Wladimirowna Detoçenkodyr. Onuň ýakyndan alada etmegi netijesinde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan biziň ildeşlerimiziň öň näbelli bolan täze atlar bilen üsti ýetirildi.

Türkmenistanly esgerleriň täze tapylan atlary „Türkmen arhiwi“ žurnalynda yzygiderli çap edilýär. Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň işgärleri ýene birnäçe wagtdan parahatçylyk, biziň azatlygymyz we garaşsyzlygymyz üçin göreşen Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň täze tapylan atlarynyň we suratlarynyň täze ýörite kitap bolup çykjakdygyna ynanýarlar.