Ï Ýeňiş gününe bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňiş gününe bagyşlanýar

view-icon 826
Toý dabaralarynyň merkezi bolan „Bagt köşgünde“ Ýeňiş güni mynasybetli „Eneler – siz wepadarlygyň nusgasysyňyz“ ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşygy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri guradylar.

Dabaraly ýagdaýda guralan bu baýramçylyk çäresine Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanalar, söweş meýdanlaryndan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýanýoldaşlary, medeniýet we sungat ussatlary, paýtagtyň zenanlar guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýörite taýýarlanan baýramçylyk çäresinde aýdym-saz bilen „Şatlyk“ çagalar aýdym-saz topary we „Aşgabat“ tans topary aýdym-saz, tans bilen çykyş etdiler.

Ýoldaşlaryny urşa ugradan zenanlar bilen duşuşmak elmydama tolgundyryrjy hem-de ýürek gopduryjy bolýar, gözüňe ýaş aýlananyny duýman galýarsyň. Saçlary agaran, eýýäm ýaşlary segsenden geçen bu zenanlar iň golaý adamlarynyň wepat bolandyklaryna ynanaslary gelenok, olar häzirki güne çenli ýoldaşlaryna garaşyp, özleriniň wepadarlygyny görkezip gelýärler. Duşuşyga gatnaşýan Ene Öwlýakowa, Bibi Çaryýewa, Hally Muhammetdurdyýewa dagylar hem edil beýleki öz deň-duşlary ýaly, ýoldaşlary bilen bir ýyl hem ýaşaşmadylar. Şol wagtlar uly maşgala barada arzuw eden olaryň ýaş hem-de gujurly jigitleri ýüregiň emri bilen urşuň ilkinji günlerinden watan goragyna ugradylar.

- Meniň adamym Soltan Atageldiýew 1941-nji ýylyň dekabr aýynda urşa gitdi hem-de Türkmen diwiziýasynyň düzüminde söweşdi. Uruşdan bary-ýogy onuň suraty ýerleşdirilen ýekeje hat gelip gowuşdy. Adamym barada başga hiç-hili habar bolmady. Bu suraty bolsa, ondan galan ýeke-täk ýadigärlik we iň gymmatly zat hökmünde häzirki güne çenli aýawly saklap gelýärin.

Hally Muhammetdurdyýewa hem, edil Ene Öwlýakowa ýaly, uruş zerarly adamsy bilen bir ýyl hem ýaşaşmady. Hudaýberdiniň nirede we nähili ýagdaýda wepat bolandygyny Hally daýza bilenok. Ýalňyz galan zat – ol hem esger Hudaýberdi Mämmetdurdyýewiň dereksiz ýitendigi baradaky habar. Şonuň üçin hem Hally daýza Hudaýberdä häzirki güne çenli geler diýip, uly umyt bilen garaşyp otyr.

Şeýle agyr duýgulary başdan geçirmek bu dabara gatnaşan we beýleki türkmen zenanlarynyň başyna düşdi. Maşgala bagtynyň dowam eden sanlyja günlerini olar indi onlarça ýyl bäri kalplarynda göterip gelýärler. Ruhy taýdan güýçli we kalplary wepadarlyga beslenen bu eneleriň öňünde biz başlarymyzy egýäris.

Ýyllar, onlarça ýyllar geçdi. Biz eýýäm Beýik Ýeňşiň 67 ýyllygyny belleýäris. Ýöne wagt diýlen zat ynsan duýgysyndan gowşak gelýär. Biziň halkymyz uruşda gahrymanlarça söweşen esgerleri, ekin meýdanlarynda we kärhanalarda öz ýoldaşlarynyň ornunda durup, gaýratly zähmet çeken zenanlary, uruşyň kynçylykly döwürlerini başyndan geçiren uruş ýyllarynyň çagalaryny we ýetginjeklerini hiç-haçan ýatlaryndan çykarmazlar. Çünki olaryň ählisi – urşuň gahrymanlarydyr.