Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

view-icon 582
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Eržan Kazyhanowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň döwlet Baştutanymyza aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Gazagystanyň ähli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, şu ýyl iki dostlukly döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýylyň dolýandygyny belledi. Gazagystanda Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar diýip bellemek bilen, jenap Erjan Kazyhanow bu üstünlikler Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň netijeleridigini nygtady.

Milli Liderimiz öz gezeginde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine hoşniýetli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklaryny köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy-medeni umumylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip belledi we munuň täze taryhy eýýamda işjeň döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda däp bolan dostlukly we uzak möhletleýin häsiýetdäki türkmen-gazak gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu jähetden söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly geljegiň, şeýle hem energetika we ulag ulgamy ýaly strategik ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmenistan—Özbegistan—Gazagystan—Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça ýerine ýetirilen ägirt uly taslama, şeýle hem sebitleýin we yklymara möçberindäki özara peýdaly ykdysady gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen Demirgazyk-Günorta demir ýol ulgamynyň iri möçberli taslamasy hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz we Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy gumanitar ulgamda ýola goýulýan gatnaşyklar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellediler we bu ugurda ýola goýulýan özara peýdaly gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz we Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri duşuşygyň ahyrynda taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan we iki ýurduň hem-de halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýulýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ashat Orazbaý gatnaşdy.