Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa hasabat bilen çykyş etmek üçin söz berdi. Ol özüniň gözegçilik edýän döwleti dolandyryş ulgamynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly oňyn özgertmeleriň ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň, röwşen ertiriniň hatyrasyna gönükdirilendigini bellemek bilen, paýtagtymyzdaky möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşyny, olaryň ýokary hilli gurulmagyny we bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny mydama berk gözegçilikde saklamagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny nygtap belledi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol parlamentiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary hem-de milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hukuk özgertmelerini amala aşyrmak ugrunda alyp barýan işi barada hasabat berdi, şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek üçin, deputatlaryň ýerlerdäki işi, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, raýat jemgyýetiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi döwlet syýasatyny we ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalary hem-de oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijeli serişdesi bolup durýar diýip bellemek bilen, halkara derejesinde alyp barýan wajyp çäreleri Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamyndayk halk wekilçiliginiň aýratyn görnüşidir, ol milli ugurlary we gyzyklanmalary hem-de olaryň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändigini beýan etmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmekde milli parlamentiň wajyp orny eýeleýändigini hem-de saýlawçylaryň bildiren ynamynyň deputatlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrýandygyny ýene-de bir gezek belledi. Milli Liderimiz deputatlaryň işiniň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna we jogapkärli wezipelerine laýyk gelmelidigini, döwletimiziň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagynyň, halkymyzyň abadançylygynyň şol wezipeleriň berjaý edilmegine bagly bolup durýandygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Milli Liderimiz saparyň çäklerinde GDA-nyň Moskwada geçiriljek resmi däl duşuşygyna gatnaşar we Tatarystan Respublikasyna baryp görer. Döwlet Baştutanymyz ol ýerde Tatarystanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirer. Duşuşygyň gün tertibine uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri giriziler.
Wise-premýer hasabatynda Orta Aziýa we Hazar deňzi sebitinde ulag we üstaşyr gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine bagyşlanan Halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. Maslahat geljek hepdede Aşgabatda geçiriler. Milletiň Lideriniň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ilkinji ädime öwrüljek bu maslahata ýurtlaryň 20-siniň we halkara guramalarynyň 15-siniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň öňde durýan we döwletara derejesinde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan işjeň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen meseleleriň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz bu babatda aýtmak bilen, geljek hepdede Russiýa Federasiýasyna boljak saparyň, hususan-da, şu ýyl Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýändigini nazara almak bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan däp bolan gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, häzirki döwürde Türkmenistanyň Russiýanyň iri sebitleri bilen soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny we Orta Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk pudagy ýaly möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen ýokarda agzalan halkara çäresinde serediljek meselelere aýratyn ünsi çekdi. Ýurtda degişli düzümiň kemala gelmegi Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüş ýagdaýlaryna goşulmagyny, maýa goýum akymlaryny üpjün eder, yklymara ykdysady ýagdaýlaryň jähedinde Ýewraziýa giňişliginde netijeli gatnaşyklar üçin oňyn şertler döreder diýip,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada aýdyldy. Baýramçylyk çäreleri hökmünde nusgawy şahyryň doglan Gerkez obasynda däbe öwrülen dabara, şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça edebiýat agşamlary, teatrlaşdyrylan tomaşalar, konsertler we sergiler guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, ýaşlary ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde, ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmekde, täze taryhy eýýamyň ruhyny äşgär etmekde örän möhüm ähmiýete eýedigini belläp, türkmen halkynyň milli medeniýetiniň, onuň baý ruhy mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmeligigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany belleniljek şanly seneler barada söz açyp, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine oýlanyşykly we guramaçylykly çemeleşmegiň zererdygyny, şol seneleriň Magtymgula ählihalk söýgüsiniň we onuň döredijilik mirasyna hormat goýulmagynyň beýanyna öwrülmelidigini hem-de şonda diňe bir paýtagtymyzda däl-de, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gyzykly we täsirli çäreleriň geçirilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem milletiň Lideri baýramçylyk gününde “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny, bu merkeziň paýtagtymyzyň täze gözel künjegine hem-de aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň öz wagtyny peýdaly we täsirli geçirýän ýerine öwrüljekdigini belläp, ony ulanmaga bermek bilen bagly dabaranyň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň 29-30-njy maýynda geçiriljek “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly halkara maslahatynyň geçiilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maksada laýyk çäreleriň görülýändigini hem-de şol düzümleriň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleri berjaý etmegiň barşyna yzygiderli gözegçilik edilýändigini belledi.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary ýurdumyzyň Maliýe ministrligi we Merkezi banky tarapyndan Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky bilen bilelikde guralýan bu maslahata taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berende onuň işine iri halkara guramalarynyň we dünýäniň dürli döwletleriniň maliýe düzümleriniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şol maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk-ykdysady gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmagyny gazanmakdan, maliýe-bank ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we sebit derejesinde şu ugur boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti sazlaşykly we yzygiderli ýagdaýda ösdürmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany bellenilen ähli meýilnamalaryň gijikdirilmän ýerine ýetirilmegine göwnejaý gözegçiligiň amala aşyrylmalydygyny aýdyp, bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milletiň Lideri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagyna degişli meselelere bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyna degişli mesele barada durup geçip, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmeginiň ykdysady strategiýanyň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň saklanmagynyň, tutuş ýurdumyz we aýratynlykda her bir welaýat boýunça kabul edilen uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň we milli manadyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagynyň, serişdeler we çig mal babatda kuwwatly binýadyň bolmagynyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji bolup, gönükdirilen maýa goýumlarynyň neijeliligini kepillendirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň iş ýüzünde anyk netijäniň gazanylmagyna gönükdirilmelidigini belläp, onuň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we möwsümleýin çäreleriň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda galla oragyna taýýarlyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň taýýarlyk hataryna çykarylandygy aýdyldy. Şeýle hem gowaça meýdanlarynda ideg işleri yzygiderli alnyp barylýar diýip, wise-premýer belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýdyp, möwsümiň bellenilen möhletlerde we ýitgisiz geçirilmegi, ýygnalan dänäniň kada laýyk saklanmagy babatda häzirki döwürden alada edilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz daýhanlar bilen özara hasaplaşyga aýratyn üns berilmelidigini nygtap, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda we ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda 2012-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Mundan başga-da, gallaçylaryň iş hem-de dynç alyş şertlerini ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meselelere hem seredildi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwletiň durmuş syýasatyny hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer 14-16-njy maýda Aşgabat şäherinde “Döwletmämmet Azady we ХVIII asyrdaky türkmen durmuşy” atly halkara ylmy maslahaty geçirmegiň barşyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemledi we wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlaryň işiniň netijeliliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna degişli tabşyryklary berdi
hem-de geçiriljek halkara maslahatyna üns çekdi. Döwlet Baştutany şunuň ýaly halkara maslahatlarynyň işjeň döredijilik we ylmy gatnaşyklary, medeniýetleriň birek-biregi baýlaşdyrýan gatnaşygyny ösdürmekde hem-de türkmen halkynyň ruhy taýdan gazananlaryny wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Milletiň Lideri geçiriljek maslahata degişli meseläniň täze döwrüň türkmenleriň gadymy gymmatlyklaryna we milli taryhy tejribesiniň paýhaslylygyna esaslanýan ruhuna, şeýle hem häzirki döwürde dünýädäki ähli täze açyk başlangyçlara we oňyn ýagdaýlara laýyk gelýändigini aýdyp, bu maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy hem-de onuň Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri bilen gumanitar hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berip, ýurdumyzyň ylmynyň ösdüilmegine, ruhy taýdan sagdyn jemgyýetiň kemala getirilmegine, ýaşlaryň belent ýörelgeler we ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelenilmegine goşuljak ýene-de bir goşanda öwrüljekdigini belledi.
Soňra döwlet Baştutany wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Uniwersitetiň gurluş birlikleriniň ýolbaşçy wezipelerine işgärleri seçip almakda we bellemekde kemçiliklere ýol berendigi üçin Türkmenistanyň döwlet lukmançlyk uniwersitetiniň rektory G.Ezizowa berk käýinç yglan etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, geljekde olary ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şonda gurulýan ýa-da ýakyn wagtda ulanmaga beriljek wajyp ähmiýetli binalary we desgalary gurmakda alnyp barylýan işleriň barşy hem-de döwlet Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, döwrebap Aşgabadyň binagärlik we şäher gurluşygy bilen bagly keşbiniň ýurdumyzyň baş şäheriniň belent derejesine laýyk gelmelidigini, şu maksatlar üçin ep-esli möçberdäki serişdeleriň bölünip berilýändigini
hem-de şol serişdeleri rejeli we netijeli ulanmagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz biziň esasy maksadymyz adamlaryň ýaşaýşy we zähmeti üçin amatly ýagdaýy döretmekden ybaratdyr diýip belledi. Bu möhüm ähmiýetli işde ownuk zatlar ýokdur, täze desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline we möhletlerine, ulag ulgamyna we jemagat hojalygyna degişli düzümleriň ýagdaýyna, arassaçylygyň kadalary boýunça bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelmeginde ähli zatlar möhüm ähmiýete eýedir. Milletiň Lideri munuň häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek arkaly, halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň ýagdaýda goşulyşmagy bilen şertlendirilendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyzyň we aýratyn-da Türkmenistanyň paýtagtynyň awtoulag ýollarynyň ulgamynyň häzirki döwürde hil , ygtybarlylyk, howpuzlyk we amatly hereket babatda dünýäniň ösen ýurtlarynda kabul edilen ähli talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen wise-premýere awtoulaglaryň has köp gatnawly ýollarynyň çatryklarynda ýerasty geçelgeleri gurmak bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Hazaryň kenarynda kemala gelýän halkara derejeli şypahana zolagyny ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen taslamalar barada habar berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik maksatly binalary we desgalary gurmak hakyndaky”, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalary umuman oňlap, olara gol çekdi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda baý tebigy serişdeleri hem-de deňiz ýakasynyň amatly ýerleşmeginden gelip çykýan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilen iri möçberli gurluşyklaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Şu jähetden raýat awiasiýasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda syýahatçylygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýändigini aýtdy.
Biziň maksadymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň raýatlarynyň üçin göwnejaý dynç almaklary we saglygyny berkitmekleri üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçip, pudagyň ähli düzüm bölekleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi. Pudakda birnäçe kemçilikleriň bardygyny belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri B.Nedirowa wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, berlen tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmändigi üçin bekr käýinç yglan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryna, şol sanda Aşgabatda Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine taýýarlyk görülmegine degişli hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda hem-de şäherlerde we obalarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi. Jemagat hojalygynyň düzümini ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar amala aşyrylýar, şunda innowasion we ýokary tehnologik çözgütleriň, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlarynyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutany adamlaryň ýaşaýşy üçin göwnejaý şertleri döretmekde hem şu ugurdaky tagallalary birikdirmekde Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanda Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak üçin jogapkär düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegine degişli meselelere döwlet tarapyndan elmydama aýratyn üns berilýändigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara tomusky möwsümde has yssy howanyň bolmagy netijesinde ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak boýunça yzygiderli işiň guralmagyny, siliň akymlarynyň öňüni almak we Aşgabat şäherinde sili sowujylary göwnejaý derejede gurmak boýunça çäreleriň kabul edilmegini tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynyň milli ykdysadyýeti yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň öz içinde hem-de ulaglaryň halkara ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglylykda, awia gatnawlarynyň ähmiýetiniň artýandygyny nygtady.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine garalyp, bular boýunça degişli kararlar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, ata Watanymyzyň rowaçlygy, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.