Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministrini kabul etdi

view-icon 676
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri Jewdet Ýylmazy kabul etdi.

Myhman söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülden we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogandan mähirli salamy, ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn daşary syýasata we uly möçberli özgertmelere ýokary baha berýändigi bellenildi, iki doganlyk ýurtlary bolsa umumy taryh we medeniýet baglanyşdyrýar, şeýle hem türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen, parahatçylygy, durnuklylygy we ählumumy abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary goldanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, iki döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi, şol gatnaşyklary ösdürmegiň okgunly häsiýeti köp babatda mizemez dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen taryhy taýdan bagly bolan iki doganlyk halklary asyrlaryň dowamynda baglanyşdyrýan ynanyşmak hem-de özara düşünişmek arkaly kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy Türkmenistana we Türkiýe Respublikasyna iri halkara düzümleriniň we guramalarynyň çäklerinde, şol sanda ynsanperwer häsiýetdäki meseleler boýunça ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respukblikasynyň ösüş ministri duşuşygyň barşynda özara gatnaşyk etmegiň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmegiň wajyp ugurlarynyň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan tejribesini nazara almak bilen döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de gyşarnyksyz we hemmetaraplaýyn ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildrilýän halkara we sebitleýin syýasatyň birnäçe meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Myhman hakykatdan hem deňsiz-taýsyz gerime eýe bolan, türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere tüýs ýürekden haýran galýandygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz halkynyň bagtynyň we abadançylygynyň hatyrasyna türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri Aşgabatda şu gün açylýan hem-de adamlaryň abadançylygynyň bähbidine oňyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyza şunuň ýaly iri halkara çäresiniň Garaşsyz Türkmenistanda geçirilmegi baradaky başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda, türkmen we türk halklarynyň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.