Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki binalar toplumyny gözden geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki binalar toplumyny gözden geçirdi

view-icon 700
Şu gün ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň binasyna tarap pyýadalap ugrady, ýol ugrunda milli Liderimiz merkezi köçeleriň birine ýanaşýan dürli maksatly desgalaryň ýagdaýyny gözden geçirdi.

Goranmak ministrliginiň garamagyndaky binalar toplumynyň ýanynda Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimize raport berdi. Döwlet Baştutanymyz raporty kabul edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow we Türkmenistanyň goranmak ministri bilen ýöräp barşyna olaryň ünsüni bu ýerde ýerleşýän binalaryň ulanyş mümkinçilikleriniň, olaryň abadanlaşdyrylmagynyň we bezelişiniň halkara standartlarynyň ýokary talaplaryna gabat gelmeginiň möhümdigine çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň goranmak ministrine paýtagtymyzyň bu künjeginde bina edilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümlerine degişli binalar toplumynyň göwnejaý derejede saklanmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň hemişe beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny bellemek bilen, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň halkymyzyň şöhratly ata-babalarymyzyň şol beýik ýörelgelerine wepalydygyny, hut şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy bähbitlere kybap gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýandygyny aýtdy. Şu jähetden ýurdumyzyň Harby doktrinasy ata Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, türkmen halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan Milli Goşunymyzyň ýokary goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen goranyş häsiýetine eýedir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmelerde harby gullukçylaryň gulluklary we olaryň magşgala agzalarynyň ýaşaýyş durmuşy üçin zerur şertleri döretmek boýunça ähli çäreleri görer diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýoluny dowam edip, hususan-da, Ruhyýet Köşgüniň durkuny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklanyp, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de binanyň durkuny täzelemek işiniň bellenilen möhletde tamamlanmagy babatda ähli zerur tagallalary görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň resmi-işewürlik merkezindäki desgalar we binalar barada aýtmak bilen, bu ýerde häzirki zaman eýýamda gurulýan binalaryň bezelişi nusga alarlyk derejede amala aşyrylmalydyr diýip belledi. Şunda milletiň Lideri bu ýerde netijeli işlemek üçin oňaýly şertleri döretmegiň, şeýle hem binalar gurlanda şähergurluşygynyň dünýä tejribesinde ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň milli şäher gurluşygynyň däpleri bilen sazlaşykly utgaşmagynyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz dünýäniň işewürlik merkezine hem-de dürli derejedäki halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyz her bir babatda ýokary dünýä ülňülerini özünde jemlemelidir diýip aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň binasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Bu ýerde milli Liderimiz musulman dünýäsinde bosgunlar meselesine bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen myhmanlaryň biri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz ady agzalan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzyň Sergi köşgüne tarap ugrady.