Ï “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 683
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan neşir edilýän, her çärýekde çykýan “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň dykgatyna türkmen, iňlis we rus dillerinde

täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy meselelerine bagyşlanan makalalar hödürlenilýär.

Neşir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň başynda geçirilen mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Onda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşiniň esasy ugry beýan edilýär.


Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň başy türkmen döwletiniň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka beslendi. Şu ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şol gün ýurdumyzyň taryhynyň ýyl ýazgysyna Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ýolunda täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde girdi. Şunuň bilen baglylykda, žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözi çap edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, öňde goýlan belent maksatlara ýetilmegi her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary – ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň hatyrasyna edilen saýlaw” atly makalada açyklyk, aýanlyk we giň bäsdeşlik esasynda geçen saýlaw çäresi barada jikme-jik gürrüň berilýär. Makalada nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna saýlaw hukugy bolan her bir raýatyň işjeň ýagdaýda ses bermäge gatnaşmagy, halkymyzyň gadymdan gelýän agzybirlik, jebislik we watansöýüjilik häsiýetleriniň ýene-de bir ýola bütindünýä dabaralanmasy boldy.

Dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm meseleleriniň biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Narine Saakýanyň makalasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli gatnaşyklarynyň esasy ugurlary barada gürrüň berilýär.

Okyjylaryň dykgatyna şeýle hem Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň esasy düzgünleri beýan edilýän makala hödürlenilýär. Makalada bellenilişi ýaly, maşgalanyň belent sosial derejesi, maşgala ojagynyň mukaddesligi, enelere we çagalara goýulýan çäksiz hormat we mähir türkmen halkyna mahsusdyr. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň milli gurluşynyň barşy, ýurduň hukuk ulgamynyň, şol sanda maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylygyň esasy ýörelgeleri köp derejede şolaryň çuňňur many-mazmunyna esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny 2012-nji ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Ykdysady ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy L.Amannyýazowanyň makalasynda bu çäräniň ähmiýeti we aýratynlyklary barada gürrüň berilýär. Awtoryň nygtaýşy ýaly, statistiki maglumatlar ykdysady çaklamalar, iş üpjünçiligi babatda syýasaty kesgitlemek, beýleki sosial maksatnamalary işläp düzmek, şeýle hem döwlet häkimiýeti guramalarynyň wezipelerini, ylmyň we tutuş jemgyýetiň maglumat üpjünçiligini ýerine ýetirmek üçin zerurdyr.

“Telekeçilik işini hukuk taýdan düzgünleşdirmekde toplumlaýyn çemeleşmeler” atly makala milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ykdysady özgertmelere bagyşlanýar. Makalada bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek şol özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň üstünlikli hereket etmegi ykdysady ösüşe ýardam edýär.

Neşiriň ahyrynda şu ýylyň birinji çärýeginiň esasy wakalarynyň toplumy berilýär, şolarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň köp ugurly işi senenama laýyk yzygiderlilikde beýan edilýär.