Türkmenistanyň Prezidenti “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün irden paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň mejlisler zalynda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň resmi açylyşy boldy. Ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guraldy. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, bu iri maslahaty Aşgabatda geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe sürüldi we dünýä bileleşigi tarapyndan ägirt uly joşgun bilen kabul edildi. Düýn eýýäm türkmen paýtagtyna Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolan ýurtlardan wekiliýetler, 40-a golaý halkara we hökümetara guramalaryň wekilleri, 21 döwletden, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden synçylar, şeýle hem esasy daşary ýurt habarlar gulluklarynyň wekilleri gelip başladylar. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň möçberlerini we häsiýetini seljermek, olary çözmekde halkara guramalarynyň eýeleýän ornuny kesgitlemek, degişli ugurda köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, bosgunlaryň öz watanyna meýletin gaýdyp barmagy ýaly meseleler boýunça pikir alyşmak bu maslahatyň esasy maksady bolup durýar. Masalahatyň gün tertibi şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda toplan oňyn tejribesine bagyşlanan aýratyn mejlisiň geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmen paýtagtynda şeýle ähmiýetli maslahatyň geçirilmegi halkara giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň günsaýyn artmagynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleýin we umumydunýä ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň giňden ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Şu günki duşuşygy tutuş musulman dünýäsi üçin şanly waka diýip atlandyrmak bolar, sebäbi gyzyklanma bildiren ähli taraplar ilkinji gezek bosgunlaryň goralmagyny bütin dünýä möçberinde üpjün etmek we bar bolan meseleleri çözmek üçin netijeli çäreleri işläp düzmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän içeri we daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri bilen, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça wezipeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşmak bilen, türkmen döwleti häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezip, giň halkara hyzmatdaşylk nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän hem-de dünýä bileleşiginiň doly goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan oňyn başlangyçlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşup, bosgunlara kömek bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar we bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Bosgunlaryň derejesi hakyndaky Konwensiýa we oňa Teswirnama goşulmak bilen, biziň ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna, döwlet syýasatynyň binýadynda goýlan hakyky ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Apatritleriň derejesi hakynda konwensiýa goşulan ilkinji döwlet bolandygyny hem bellemek gerek.
Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz belli sebäplere we ýagdaýlara görä öz watanlaryny terk edip, öýsiz-öwzarsyz galan adamlar üçin ikinji öýlerine öwrüldi. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda 2011-nji ýylyň iýul we oktýabr aýlarynda 3300-den gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldylar.
Bosgunlaryň meseleleri boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň BMG-niň yglan eden Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryny gazanmagyň hatyrasyna halkara gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boljakdygy şübhesizdir.
Ir ertir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wakanyň bolup geçýän ýerine – Sergi köşgüne pyýadalap geldi. Bu ýerde maslahat başlanmazdan öň türkmen döwletiniň Baştutany wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy. Olar türkmen Liderine bu möhüm çäräni Aşgabatda guramak başlangyjy, şeýle hem myhmansöýerlik üçin ägirt uly hoşallyk bildirdiler. Söhbetdeşlik tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Sergi köşgüniň mejlisler zalynda halkara maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylar bilen mejlisler zalyna girýär, bu ýerde türkmen Liderini dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, olary halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylaryna, BMG-niň bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissary jenap Antonio Guterreşe, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna we onuň Baş sekretary, professor Ekmeleddin Yhsanogluna şu maslahaty geçirmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny goldandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen tarapy Aşgabatda geçirilýän duşuşyga ozaly bilen onuň syýasatynyň ykrar edilmegi, halkara hyzmatdaşlygyna açyklygy, Bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesiniň dünýäde uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasy hökmünde baha berýär.
Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnuklylygy berkitmek biziň halkara gatnaşyklarynda dünýä ýurtlary bilen bilelikde alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlary bolup durýar.
Bu mesele barada aýdylanda, dünýä ýurtlarynyň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ösdürmegiň, hemme döwletler tarapyndan ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgeleriniň yzygiderli berjaý edilmeginiň häzirki döwürde düýbünden täze many-mazmuna eýe bolýandygyny bellemek gerek diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň häzir aýratyn möhümdigini belledi. Dünýä bileleşiginiň bu ugurda alyp barýan bilelikdäki işleri, ilkinji nobatda ählumumy wehimlere we howplara garşy göreşmek zerurlygyndan gelip çykýar. Şol wehimleriň we howplaryň hatarynda Ýer ýüzüniň aýry-aýry sebitleriniň durnuksyzlygyny, döwletleriň deň ösmeýändigini, maliýe-ykdysady çökgünligiň ýaramaz netijelerini görkezmek bolar, şeýle ýagdaýlar adamlary ýaşaýan ýerlerini üýtgetmäge mejbur edýän esasy sebäpler bolup durýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.
Dünýädäki geosyýasy ýagdaýyň üýtgemegine täsir eden, XX asyryň ahyrynda – ХХI asyryň başynda bolup geçen taryhy wakalar bosgunlar bilen bagly meseleleriň möhüm ähmiýete eýe bolmagyna getirdi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy .
Bosgunlaryň ýagdaýy seljerilende häzir bu meseläniň halkara durmuşynyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygyny görmek boýlar. Bosgunlar bilen bagly ýagdaýlarda diňe ynsanperwerlik boýunça däl-de, eýsem, syýasy we ykdysady ugurlary öz içine alýan, köp taraply hyzmatdaşlygyň zerurdygy ýüze çykýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Häzirki döwürde bosgunlaryň aglaba böleginiň musulman dünýäsiniň ýurtlarynda ýerleşýändigine aýratyn üns bermek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň orny, onuň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýe bolýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Şoňa görä-de, biz şu maslahata bosgunlar bilen bagly meseleleri sebitde we bütin dünýäde çözmek boýunça düýpli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýarys.
Maslahatyň iş maksatnamasynda Türkmenistanyň bosgunlar bilen bagly meselelerde toplan oňyn tejribesine bagyşlanan aýratyn mejlisi geçirmegi göz öňünde tutandyklary üçin, şu maslahaty guraýjylara minnetdarlyk bildirip, milletiň Lideri biziň ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny hemişe pugta berjaý edýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy hökmünde biziň ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, belent ynsanperwerlik maksatlaryny we gymatlyklaryny ykrar etmek boýunça amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmak bilen, bu meselelere degişli köp sanly halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky” Konwensiýasyna hem goşuldy.
2011-nji ýylda biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň “Raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky” Konwensiýasyna goşuldy, häzirki wagtda bolsa, “Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky” Konwensiýa goşulmak bilen bagly zerur işleri tamamlap barýar. Halkara hukuknamalarynyň düzgünlerini milli kanunçylygymyza girizmek maksady bilen, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda bosgunlaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän, olaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirýän milli kanunçylygyň berk binýady döredildi.
Türkmenistan ynsanperwerlik meseleleri bilen bagly iş alyp barýan halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. 1995-nji ýyldan bäri biziň ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň wekilhanasy işläp gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Geçen ýyllaryň dowamynda şol wekilhana bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek netijesinde, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini iş ýüzünde çözmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasynyň amala aşyrylandygyny bellemek gerek diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň sebitde ilkinjileriň biri bolup, bosgunlar bilen bagly meselelere aýratyn üns berendigine we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, bu ugurda göz öňüne tutulan işleri amala aşyryp başlandygyna çekdi. Alyp barýan ynsanperwer syýasatymyzyň netijesinde, biziň ýurdumyz birnäçe goňşy ýurtlaryň we beýleki döwletleriň dürli sebäplere görä ýaşaýan ýerlerini taşlamaga we öz ýurtlarynyň çäklerinden çykyp gitmäge mejbur bolan raýatlarynyň ikinji Watanyna öwrüldi diýip, milletiň Lideri belledi.
Halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryna we türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de myhmansöýerlik ýaly gadymdan gelýän milli däplerine eýermek bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bu adamlary mynasyp garşy aldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany olaryň oňat şertlerde, kadaly ýaşamagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi diýip aýtdy. Hususan-da, ýurdumyza gelen adamlara ýaşaýyş jaýlary berildi, olar iş bilen üpjün edildi, oba ýerlerinde bolsa, olara ýer bölünip berildi. Şeýle hem bu adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen bagly meseleler doly derejede çözüldi diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adam meýletinlik esasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, olaryň 9500-e golaýy bolsa bosgunlardyr. Mundan başga-da, 3 müňden gowrak adama ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi, bu ygtyýarnama berlen adamlaryň hem 1800-si bosgunlardyr.
Ýurdumyzda raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülmegi Türkmenistanyň halkara ynsanperwer guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyry boldy. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bu ugurda oňyn tejribe toplady. Türkmenistan 2011-nji ýylda döwletimiziň çäklerinde ýaşaýan 3 müňden gowrak adama öz raýatlygyny berdi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, geçirilen bu çäreler häzirki döwürde dünýä bileleşigini gyzyklandyrýan, özboluşly halkara tejribesine öwrüldi.
Öňümizdäki iki günüň dowamynda maslahata gatnaşyjylar döwletleriň we halkara guramalaryň bu ugurda alyp barýan işlerini utgaşdyrmak bilen bagly, musulman dünýäsinde bosgunlara degişli möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşarlar diýip, döwlet Baştutany belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wekilçilikli maslahatyň barşynda sebitde we bütin dünýäde bosgunlar bilen bagly meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gymmatly teklipleriň öňe sürüljekdigine berk ynam bildirdi. Bu çözgütleriň esasy mazmunynyň şu maslahatyň jemleýji resminamasy boljak Aşgabat Jarnamasynda beýan ediljekdigine ynanýaryn diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny jemläp, bu maslahatyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň gatnaşmagynda geçirilmegi bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary halkara derejesinde goramakda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň ornuny we ähmiýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berer diýip belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns berlip diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra çykyş etmek üçin Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, professor Ekmeleddin Yhsanogluna söz berildi.
Belent mertebeli myhman maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna şu maslahatyň guralandygy üçin hoşallyk bildirdi. YHG-niň baştutany döwlet Baştutanynyň bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly meseleleri çözmek maksady bilen Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary hakynda möhüm maglumatlary öz içine alan çykyşy üçin hoşallygyny beýan etdi.
Şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissaryna we onuň kärdeşlerine minnetdarlyk bildirip, jenap Ekmeleddin Yhsanoglu şu günki maslahatyň çäklerinde göze ilýän netijeli hyzmatdaşlykdan çuňňur kanagatlanýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, YHG-niň agzasy bolan ähli ýurtlara we degişli edaralara, şeýle hem bu taryhy maslahatda möhüm wezipäni çözmek maksady bilen uly goşant goşan ähli hyzmatdaşlara hoşallyk bildirildi.
YHG-niň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, BMG-niň BÝKM bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk belent maksatlaryň hatyrasyna ynsanperwer tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir we bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça döwletleriň anyk hereketlerini işläp taýýarlamaga ýardam etmelidir.
Şeýle çäreleriň görülmegi, bosgunlara gaçybatalga berilmegi we hemmetaraplaýyn goldanylmagy yslam dininiň esaslyk binýady bolup durýar diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Uýýan dinlerine, jynsyna we etniki degişliligine garamazdan, bosgunlara kömek bermek we goramak -- bu diňe biziň hukuk borjumyz däl-de, eýsem, musulman dünýäsiniň tutuş taryhynyň dowamynda okuwlarda we işlerde beýan edilen ahlak we dini borjumyzdyr diýip, YHG-niň baştutany aýtdy. “Almustamin” -- gaçybatalga gözleýän adamlary goramak ýörelgesi şol okuwlarda we işlerde beýan edilipdi. Şeýlelikde, musulmançylyk ýörelgelerine “Almustamini” bermek gadagan edildi we henize bu güne çenli gadagan edilýär hem-de soňraky taryhy döwürde bu halkara iş tejribesiniň ýörelgesinde beýan edildi, ol gaýdyp gelmezlik diýen manyny aňladýar, munuň özi bosgunlaryň meseleleri boýunça häzirki zaman kanunçylygynda ýiti meseledir. Şeýlelikde, yslamda bosgunlara bolan garaýşyň ýörelgeleri bilen bosgunlar barada häzirki zaman halkara hukugynyň arasynda kämil gabat gelmeler bardyr diýip aýtmak bolar. Bu esas, bu doktrina diňe bir biziň döwlet gatnaşyklarymyzyň çäklerinde däl-de, eýsem, dünýä iş tejribesinde ähli ynsanperwer tagallalarynyň hereketlendiriji güýji bolup durýar diýip, jenap Ekmeleddin Yhsanoglu belledi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan ýurtlarda bosgunlaryň we ondan-oňa göçýän adamlaryň 17 milliondan gowragy bar diýip, belent mertebeli myhman bar bolan meseleleri çözmekde işjeň gatnaşyklaryň möhümdigine ünsi çekdi. Bosgunlara hukuk goragyny bermegiň wajypdygy barada aýtmak bilen, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bu ýagdaýy çözmek, parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek we durnukly ösüş üçin şertleri döretmek maksady bilen, uzakmöhletleýin çäreleri işläp düzmek üçin ähli hökümetler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň ähmiýetini belledi. Biziň umumy syýasy wezipämiz we utgaşykly tagallalarymyz bu maksatlary gazanmagyň girewi bolup durýar, bosgunlar meselesi tutuş dünýä bileleşigi üçin möhümdir diýip, jenap Ekmeleddin Yhsanogly aýtdy.
YHG-niň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şu günki maslahatyň esasy wezipesi musulman dünýäsinde bosgunlar bilen bagly meseleleri çözmegiň, bu ynsanperwer wezipäni çözmek üçin bilelikdäki tagallalary bir ýere jemlemegiň we degişli ugurda işleri kämilleşdirmegiň taryhy mümkinçiligi hökmünde garalýar, munuň özi umumy bähbitlere gabat gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, YHG-niň ýolbaşçysy özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň umumy çemeleşmäniň esasynda bosgunlara kömek bermek üçin uly tagallalary edýär we BMG-niň BÝKM we bu ugurdaky beýleki ynsanperwer guramalary bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy dowam etmegi göz öňünde tutýar diýip belledi.
Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda şanly waka bolup durýan şu günki maslahatyň ähmiýetini ýene bir gezek belledi we BMG-niň BÝKM bilen strategik hyzmatdaşlygyň bu möhüm gumanitar wezipäni çözmek maksady bilen zerur bolan ugurlary we usullary işläp düzmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Aşgabat Jarnamasy diýlip atlandyrylan maslahatyň jemleýji resminamasy bu işde möhüm waka bolar diýip, jenap Ekmeleddin Yhsanoglu maslahatyň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mazmunly çykyşy üçin YHG-niň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirip, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy uly we has täsirli resmi hökümet musulman halkara guramasy bolup durýar diýip belledi. YHG-niň dünýä bileleşiginde bosgunlaryň meselelerini çözmek boýunça geçirýän işleriniň ähmiýetini belläp, döwlet Baştutany bu möhüm meselä bagyşlanan şu günki duşuşygy geçirmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyny goldandyklary we ony taýýarlamakda berlen ýardam üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra maslahata gatnaşyjylaryň öňünde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary jenap Antonio Guterreş çykyş etdi. Ol Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde geçirýän Aşgabat maslahatynyň taryhy ähmiýetini nygtady. YHG we bu guramanyň agzasy bolan ýurtlar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga ýokary baha bermek bilen, BMG-niň BÝKM-niň baştutany häzirki zaman dünýede bu gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.
Antoniýo Guterreşiň nygtaýşy ýaly, 2011-nji ýylda YHG-niň agzasy bolan döwletleriň 57-si BMG-niň BÝKM-niň mandatyna degişli bolan adamlaryň 50 göterimini kabul etdi, olaryň 17,6 milliony diňe bir bosgunlar däl-de, eýsem, raýatlygy ýok adamlardyr we beýlekilerdir. Häzir YHG-niň agzasy bolan ýurtlar dünýäniň dürli sebitlerinde zorluk bilen göçürilen adamlaryň meselelerini çözmegiň çäklerinde iş alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda belent mertebeli myhman şu maslahatyň öz wagtynda geçirilýändigini belledi we bosgunlaryň hem-de raýatlygy ýok adamlaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga umumy tagallalary gönükdirmek bilen hyzmatdaşlygyň we özara goldaw bermek ruhunda bilelikdäki işleri geçirmegiň zerurdygy hakynda aýtdy.
Bosgunlaryň 80 göterimden gowragynyň öz gelip çykýan sebitlerinde, köplenç ösýän ýurtlarda galýandygyny belläp, BMG-niň Ýokary Komissary bosgunlary kabul edýän döwletlere netijeli goldaw bermekde tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Bu raýdaşlyk bosgunlaryň ýerleşdirilýän etraplarynda oňaýly şertleri döretmek, şol sanda durnukly goşulmak üçin gelip çykýan ýurtlarynda iş orunlaryny döretmek babatda işleriň görnüşine eýe bolup biler diýip, BMG-niň BÝKM-niň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi.
Owganystan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetleriniň owgan bosgunlarynyň meselelerini çözmegiň strategiýasyny taýýarlamak, olary öz erkine Watanyna dolanmagyny goldamak, durnukly gaýtadan goşulyşmagyna ýardam etmek we kabul edýän taraplara kömek bermek maksady bilen özara gatnaşyklaryny mysal getirip, jenap Antonio Guterreş musulman dünýäsinde bosgunlaryň meseleleri bilen bagly ýagdaýlary çözmekde düzümleýin gatnaşyklar üçin beýleki mümkinçilikleriň bardygyny hem belledi.
Şu maslahatyň diňe bosgunlaryň meselelerine däl-de, eýsem, zorluk bilen göçürilen we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerine bagyşlanandygyny belläp, Ýokary Komissar raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde oňyn tejribe toplan Türkmenistanyň syýasatyna ýokary baha berdi we bu tejribäniň YHG-niň ýurtlarynda we beýleki döwletlerde ulanyljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, bosgunlaryň töwereginde ýagdaýlary parahatçylykly çözmekde we dawalaryň öňüni almakda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esasy orny bellenildi.
BMG-niň BÝKM-niň baştutany sözüni dowam edip, yslam ylmynda esas edilip goýlan ýörelgeler bosgunlary goramagyň häzirki zaman ýörelgeleriniň esaslaryny şöhlelendirýär, hususan-da, bosgunlaryň derejesi hakynda 1951-nji ýylda kabul edilen BMG-niň Konwensiýasynda we 1967-nji ýylda kabul edilen Teswirnamada öz beýanyny tapýar. Bu ugurda halkara hukugynyň esasy düzgünleri yslam hukugynda, şeýle hem arap däplerinde, afrikan dessurlarynda we Latyn Amerikasynyň iş tejribesinde öz çeşmelerine eýedir. 1990-njy ýylda YHG tarapyndan kabul edilen Adam hukuklarynyň Yslam jarnamasynda beýan edilen bosgunlaryň hukuklary ýene bir mysal hökmünde getirildi.
BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissary öz çykyşyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine maslahatyň guralandygy we BMG-niň BÝKM-ne we onuň işine yzygiderli berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ýokary Komissaryna ýüzlenip, onuň mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda BMG-niň Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolup durýar diýip belledi.
Şu günki duşuşyk biziň ýurdumyzyň BMG-niň BÝKM bilen ysnyşykly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümiň ýolbaşçylarynyň adyna belent we ynsanperwer maksatlaryň hatyrasyna, hususan-da, bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goldamak we goramak babatda berilýän goldaw we hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelýändigini kanagatlanmak bilen belläp, milletiň Lideri BMG-niň ähli düzümleri, şol sanda ynsanperwer ugra ýöriteleşen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekçidigini aýtdy. BMG-niň BÝKM-niň baştutanyna jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna we bu guramanyň ähli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ýolbaşçylaryna ägirt uly taýýarlyk işleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu maslahatyň guramaçylarynyň biri bolmak bilen, biz öz gezegimizde myhmansöýerligiň gadymdan gelýän milli däplerinden ugur almak bilen, bu iri halkara maslahatyny üstünlikli we netijeli geçirmek üçin zerur bolan şertleri döretmekde ähli tagallalary etdik diýip, döwlet Baştutany belledi. “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň jemleriniň bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Dabaraly çäre tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşdy we maslahata gatnaşyjylara üstünlikli, netijeli işlemegi arzuw etdi.
* * *
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň mejlisler zalynda maslahatyň çäklerinde “Musulman dünýäsindäki bosgunlar: häzirki zaman ýagdaýynyň seljerişi” diýen mesele boýunça birinji umumy mejlis geçirildi. Onuň barşynda bosgunlaryň hukugyny goramak we bar bolan meseleleriň çözgüdini tapmak meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.
Mejlisde çykyş eden Saud Arabystany Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Bangladeşiň, Palestinanyň daşary syýasat edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyňy içeri işler ministri, Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri we beýlekiler sebitde we tutuş dünýäde abadançylygyň, durnukly ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna gabat gelýän oňyn gatnaşyklary has-da giňeltmekde şu maslahatyň aýratyn ähmiýetini we eýeleýän ornuny bellediler.
Türkmen döwletiniň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge goşan uly goşandy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň bosgunlaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek we goramak babatda halkara tagallalaryny birleşdirmegiň işjeň tarapdary bolup durýandygyny belläp, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berdiler we biziň ýurdumyzyň degişli meseleleri çözmek boýunça toplan tejribesiniň zerurdygyny nygtadylar.
Agşam “Mizan” işewürler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar üçin dabaraly kabul edişlik guraldy.
Ertir maslahat öz işini dowam eder. Maslahatyň ikinji gününiň tertibine laýyklykda bosgunlary goramak boýunça işleri kämilleşdirmek we doktor Ahmed Abu Al-Wafyň “Yslamda we bosgunlar babatyndaky halkara hukugynda gaçybatalga meselesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boýunça umumy mejlisleriň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri boýunça Türkmenistanyň iş tejribesine bagyşlanan aýratyn mejlisiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Halkara maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.