Ï Ekologiki deňagramlygy sazlaýjylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiki deňagramlygy sazlaýjylar

view-icon 682
Ynsan – tebigatyň bir bölegi. Onuň bütin ömri tebigat bilen özara sazlaşykly bolup, onuň eşretlerinden we baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp bilse, şonça hem oňaýly bolýar. Aýratyn goralýan tebigy ýerler (AGTÝ) „Sagdyn“ ekologiki landşaftyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu goralýan ýerler gury ýer ýa-da deňziň akwatoriýasy, ýa-da kanuny esasda dolandyrylýan biologiki dürliligi saklamak we goldamak üçin ýörite bölünip berilen ýerli aýratyn hukuk derejesine eýe bolan deňizdir, muňa Milli seýilgähleri hem goşmak bolar. Indi, ýurtda „Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ täze Kanunyň kabul edilmegi bilen, Milli seýilgähler aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyna mynasyp derejede goşular. Olar tebigaty goramak, ekologiki taýdan bilim beriş, ylmy, syýahatçylyk we rekreasion maksatlar üçin niýetlenendir.

Tebigaty goramagyň Halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen AGTÝ dünýä ulgamyndaky derejeleriniň arasynda Milli seýilgählerden başga dolandyrylýan tebigy serişdeleri bilen goralýan ýerleri hem-de çäklendirilen goraghanalary tapawutlandyryp bolar. Milli seýilgähler bu hatarda özleriniň meňzeş tejribe ugurlary: syýahatçylyk we rekreasiýa, ekologiki gulluklar kämilleşdimek boýunça birinji orny eýeleýärler.

„Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ Türkmenistanyň täze Kanunyna laýyklykda, ýurdyň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň Milli ulgamy 40-dan gowrak ýerleri öz içine alýar (goraghanalar, çäklenidirilen goraghanalar, tebigy ýadygärlikler, botanika bagy, janly tebigatyň milli muzeýi), bu ýerlerde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň genofondynyň hemmesi diýen ýaly – ýurdyň çäklerinde gabat gelýän biologiki dürli-dürlilikleriň 80 göterimi yerleşýär. AGTÝ ösen toruna laýyklykda, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolup durýan we döwletiň aýratyn üns bermegi netijesinde Türkmenistanda tebigatyň aýak basylmadyk künjekleri saklanyp galypdyr.

AGTÝ işi tebigatyň görnüşini, landşaft biologiki dürli-dürliligi öwrenmek boýunça ylmy gözlegleri geçirmäge, biologiki tehniki çäreleriň geçirilmegi üçin döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we gymmatly görnüşlerini köpeltmek üçin nahalhanadyr mal ýataklaryny döretmäge, ýangyna garşy tomusky çäreleri we ýylyň amatsyz döwürlerinde goraghanalardaky haýwanlar üçin iým taýýarlamak işlerini geçirmek, ekologiki taýdan bilim bermek işlerini geçirmäge gönükdirilendir.

„Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ Türkmenistanyň täze Kanuny goraghana ekologiki ulgamlarynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirirlendir. Bu Kanun MSOP-ň halkara toparlar derejesini nazara almak bilen işlenilip taýýarlanylandyr hem-de milli tebigy seýilgähler, botanika baglary, haýwanat baglary ýaly möhüm derejeler bilen üsti ýetirildi. Kanunda aýratyn goralýan tebigat ýerleriň desgalaryny gurmagy we işlemegini hukuk taýdan sazlamak boýunça maddalar girizildi. Täze Kanun milli we halkara kanunçylygynyň kadalaryna laýyk getirilen mümkinçiliklerini nazara almak bilen, AGTÝ milli ulgamyny ösdürmek ýörelgelerini, şeýle hem Türkmenistanyň kabul eden Suw, Ýer, Tokaý kodekslerini mundan beýläk hem berkitmäge şert döredýär. Kanunyň täze redaksiýasy aýratyn goralýan tebigy ýerlere degişli ätiýaçlyk ýerleriň işlerini, bu zolaklary goramagyň hukuk kadalaryny, goralýan ýerleriň täze derejelerini alyp barmagyň we ygtyýarlyklarynyň predmetlerini çäklendirmek, tebigaty goramak boýunça geçirilýän çäreleri maliýeleşdirmek, tebigy zolaklaryň çäklerini üýtgetmegiň düzgünlerini we ş.m. öz içine alýar.

Täze kanunyň kabul edilmegi durmuşa geçirilýän uly göwrümli özgertmeler, türkmen halkynyň ykdysady, durmuş ulgamlarynyň çalt depginler bilen özgerdilmegi bilen şertlendirilendir. Ol jemgyýeti tebigata has hem ýakynlaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň bähbitlerini sazlaşykly alyp barmaga we hojalygy alyp barmagyň ekologiki kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilendir.