Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 703
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Nobatdaky maslahatyň gün tertibine ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň barşy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli göz öňünde tutulýan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk, şeýle hem welaýatlaryň senagat düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna görülýän taýýarlyk, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatda Konstitusiýamyzyň kabul edilen güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, galla oragyna öz wagtynda başlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, şeýle hem orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň göwnejaý guralmagyny ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyklary, täze obany döretmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow göni aragatnaşyga çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gowaçalara toplumlaýyn ideg etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Balkan welaýatynda bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, galla oragyna guramaçylykly girişmek we gowaçalara agrotehnikanyň görkezmelerine laýyk ideg etmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň depginini ýokarlandyrmak hakynda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Öňde boljak baýramçylyk çäreleri barada aýdylanda bolsa, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi baş talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyň barşynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde sebitde galla oragyna taýýarlyk, gowaçalara ideg etmek bilen baglanyşykly işleriň barşy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitde gurulýan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ilatyň maddy-ruhy taýdan has-da baýlaşmagyny üpjün edýän ähli medeni çäreleriň, hususan-da, şanly senelerimiz mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary derejede bolmalydygy barada aýdyp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ulgamynda derwaýys möwsüm bolan galla oragyna girişmek bilen baglanyşykly ähli çärelere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz maý aýynyň ahyrynda ähli orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli guralýan dabaralara ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow häzirki döwürde welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we galla oragyna ykjam taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýyl kabul edilmeginiň şanly 20 ýyllygy dabaraly belleniljek Konstitusiýamyzyň baýramçylygy mynasybetli göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi, galla oragyna hemmetaraplaýyn göwnejaý taýarlyk görülmegi, gowaçalara ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleriň talaba laýyk alnyp barylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, sebitiň senagat pudagyny ösdürmekde birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny belledi.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 2008—2011-nji ýyllarda welaýatda 169 sany medeni-durmuş maksatly desgany gurmak we durkuny täzelemek göz öňünde tutulypdyr diýip, milli Liderimiz söze başlady, häzire çenli bu desgalaryň bary-ýogy 55-sinde gurluşyk işleri tamamlanypdyr. Ulanmaga berilmeli möhletiniň geçendigine garamazdan, 110 desgada gurluşyk işleri henizem dowam edýär, galan 4-siniň bolsa gurluşygyna häzire çenli hem başlanmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Welaýatda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksady bilen, 152 sany dik guýyny gurmak göz öňünde tutulypdyr, ýöne häzire çenli olaryň bary-ýogy 33-si gurlupdyr, möhletiniň geçendigine garamazdan 12 sany dik guýynyň gurluşygy heniz hem dowam edýär. Galan 107 sany dik guýynyň bolsa, gurluşygyna entek başlanmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mundan başga-da welaýatda inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň depginleri örän pes, häzire çenli inženerçilik ulgamlarynyň diňe 64 göteriiminiň gurlyşygy tamamlanypdyr, möhletiniň geçendigine garamazdan bu ulgamlaryň 29 göteriminde gurluşyk işleri heniz hem dowam edýär, olaryň 7 göteriminde bolsa gurluşyk işlerine başlanmandyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Işleriň pes derejede ýerine ýetirilendigi sebäpli welaýatda suw ulgamlarynyň 39 şöterimi, awtomobil ýollarynyň 17 göterimi, elektrik geçirijileriň 28 göterimi, gaz geçirijileriniň bolsa 81 göterimi çeklipdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Lebap welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça welaýatda 2011-2012-nji ýyllarda 22 sany senagat kärhanasyny gurmak we 7 kärhananyň durkuny täzelemek göz öňünde tutupdyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz häzir olardan bary-ýogy 9 kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar, galan 20 desganyň bolsa gurluşygyna başlanmandygyny aýtdy.

Welaýatda oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek we senagat pudagyny ösdürmek boýunça işleriň depgininiň pes bolmagy desgalaryň taslama resminamalaryny taýýarlamak, döwlet edaralary bilen ylalaşmak we netijenamalary almak boýunça işler 20 aýa çenli dowam etdirilýändigi, welaýatda elektrik geçirijileriň taslama işleriniň pesdigine garamazdan, bu ugurda häzirki wagta çenli taslama edaralarynyň döredilmeýändigi, şeýle hem pudaklardaky işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň geçirilmeýändigi sebäplidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, teplowozlaryň we ýük daşaýan wagonlaryň ýeterlik mukdarda bardygyna garamazdan, Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan welaýatda gurluşyk materiallaryny demir ýol arkaly daşamak ýola goýulmandyr, bu bolsa gurluşyk materiallarynyň esasy görnüşleriniň ýetmezçiligini emele getirýär.

Welaýatda magdan däl gurluşyk materiallary Kötendag etrabynda öndürilip, sebetiň beýleki etraplaryna uzaýan demir ýollaryň bardygyna garamzadan awtoulaglar bilen daşalýar, bu bolsa binalaryň we desgalaryň haýal guralmagyna, olaryň bahalarynyň gymmatlamagyna we ýollaryň tiz zaýalanmagyna getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentmiz welaýatda Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň we welaýat häkimliginiň söwda merkezlerini ýeterlik mukdarda döretmek we olarda gurluşyk materiallarynyň söwdasyny guramak, welaýat häkimliginiň garamagyndaky Düýpli gurluşyk müdirliginiň işini talaba laýyk ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we welaýatyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde goýberilen kemçilikleriň ýene bir esasy sebäbi aýry-aýry ýolbaşçylaryň öz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmeýändigi we işleri talaba laýyk gurap bilmeýändigi bolup durýar diýip belledi. Şoňa görä-de alnyp barylýan işleri düýpli seljerip, şu aýdylanlardan netije çykarmagy hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamada kesgitlenen sebiti ösdürmegiň möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek, galla oragyna taýýarlyk we gowaçalara ideg etmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri we welaýatyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda wajyp möwsüm bolan galla oragy barada durup geçmek bilen, häkimden orak möwsüminiň bellenen möhletinde we ýitgisiz geçirilmegini üpjün edýän ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy we olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi häzirki döwürde möhüm wezipe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli kanunçylygymyzyň esasy, hukuk ulgamynyň binýady bolmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlygyny goramagyň kepili bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň syýasy binýatlarynyň berkidilmeginde, jemgyýetimiziň demokratik ýol bilen öňe gitmeginde Esasy Kanunymyzyň ähmiýeti ýokarydyr, hut şonuň üçin hem bu şanly sene mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeldidigini belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hem hasabaty diňlenildi. Häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şol sanda paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli açyljak desgalarda alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz sazlaşykly ösýän paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmagyň baş mesele bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli inženerçilik ulgamlarynyň, desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň, paýtagtymyzyň şäher gurluşyk-binagärlik ulgamyna häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäheriň abadançylygyna, arassaçylygyna, ekilen baglaryň idegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak hakynda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyň barşynda bolan düýpli gürrüňdeşligiň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak öňde duran baramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek, olarda halkymyzyň baý ruhy mirasynyň giňden açylyp görkezilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.