Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Milli aňtaw guramasynyň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Milli aňtaw guramasynyň başlygyny kabul etdi

view-icon 784
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Milli aňtaw guramasynyň başlygy Hakan Fidany kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we Türkiýe Respublikasynyň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen dogaýy salamyny ýetirdi. Jenap Hakan Fidanyň belleýşi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen ýola goýulýan doly möçberli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki iki halky asyrlara uzap gidýän dostluk we taryhy-medeni aragatnaşyklar baglanyşdyrýar. Milli Liderimizi Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen mähirli gutlap, myzman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutuş türkmen halkyna parahatçylygyň, döredijiligiň we rowaçlygyň ýolunda uly üstünlikler, belent sepgitler arzuw etdi.

Jenap Hakan Fidanyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynda sebitde geosyýasy deňeçerligiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynda möhüm ýagdaý bolup durýan Bitarap Türkmenistanyň milli Lideriniň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýär. Häzirki döwürde ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegi we ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar diýip bellemek bilen, jenap Hakan Fidan Türkiýäniň özüniň oňyn daşary syýasaty bilen tutuş sebitiň halklarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini şertlendirýän doganlyk türkmen döwleti bilen köpugurly özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türkiýeli kärdeşine mähirli sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň Türkiýe Respublkasy bilen däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge uly üns berýändigini belledi. Şu jähetden milli Liderimiz netijeli syýasy gepleşikleri, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini öz içine alýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigini we onuň işjeň häsiýetde alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşugyň barşynda birek-birege ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda okgunly ösdürilýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy pikire görä, soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk babatda uly ösüşler gazanyldy, taraplar ynanyşmak, açyklyk esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Hususan-da, dürli derejelerde wekiliýetleri alyşmak işjeňleşdi, işewürlik, ylmy we medeni gatnaşyklar ýola goýuldy, milli we sebitleýin ähmiýetli birnäçe bilelikdäki möhüm taslamalar dumuşa geçirildi we olar yzygiderli amala aşyrylýar.

Özara söhbetdeşligiň barşynda sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe meselelerine degip geçmek bilen, milli Liderimiz we myhman Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy durmak babatdaky hyzmatdaşlyga ygrarldydygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Milli aňtaw guramasynyň başlygy iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin we berk dostluk, doganlyk gatnaşyklary esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň türkmen hem-de türk halklarynyň abadançylygynyň, tutuş sebitiň rowaçlygynyň hatyrasyna mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.