Türkmenistan-GDA: dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine eýerip
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlanýar, bu ýerde milletiň Lideri GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň Moskwada geçirilýän resmi däl mejlisine gatnaşar hem-de Tatarystan Respublikasyna barar.
Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Başlygy bolup durýar. Geçen ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen GDA-nyň Sammitinde kabul edilen bu karar
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän we döwletara, şeýle hem abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn syýasatynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigini görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, GDA we onuň düzümine girýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biridir, çünki şol döwletleriň halklary bilen türkmen halkynyň taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýar, munuň özi ilkinji nobatda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen şertlendirilendir. Türkmenistan GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça işjeň ugra eýerýändigini iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy hem açyk we deňhukukly gatnaşyklara esaslanýan şol ugra kybap gelýär. Bu Konsepsiýa GDA-nyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan oňyn tejribäniň baýlaşdyrylmagyna, netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ýagdaýda ösdürilmegine gönükdirilendr. Şunda söwda-ykdysady toplum, energetika, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlary we beýlekiler boýunça özara arkalaşykly hereket edilmegini mundan beýläk-de diwersifikasiýa etmek we ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikler döreýär. Galyberse-de, däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryň, şol sanda bilim, ylym we medeniýet boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýeri gelende aýtsak, 2012-nji ýylda Mary şäheri GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi, 30-njy aprelde bu şanly waka gabatlanyp, şol ýerde resmi dabara geçirildi.
Şu meselä degişli gürrüňimizi dowam edip, soňky döwürde Türkmenistanyň birnäçe gezek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň möhüm ähmiýetli duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň geçirilen ýerine öwrülendigini aýtmak gerek. Şu ýylda Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda, amatly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlar boýunça özara bähitli hyzmatdaşlyga ýardam edilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini geçirmegi maksat edinýär. Hususan-da, ýakyn wagtda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini, şeýle hem GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň ikinji gününde Tatarystan Respublikasyna barar. Kazanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda geçiriljek gepleşikler uzakmöhletleýin esasda guralýan we örän oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täzeden kuwwatly itergi bermelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary Türkmenistanyň Russiýanyň iri sebitleri bilen ýola goýlan ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara üstünlikli hereket etmegiň göreldesi hökmünde görkezmek bolar, şol gatnaşyklar däbe öwrülen dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy we onuň gerimini giňeltd. Şunda Türkmenistanyň Tatarystanyň “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti ýaly esasy kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýändigini hem-de taraplaryň geljekde-de şol hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda ösdürmegi maksat edinýändigini aýtmak bolar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň öňki duşuşygy apreliň ahyrynda geçirilip, şonda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada jikme-jik pikir alşyldy. Tatarystanyň Prezidentiniň hökümetiň wekiliýetine baştutanlyk edip, biziň ýurdumyza Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýörite gelendigini bellemek gerek. Şonda Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem geçirilip, bu çäre türkmen we tatar halklaryny baglanyşdyrýan dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki türkmen-tatar iş sapary döredildi, onuň ilkinji mejlisi şu ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda geçirildi. Ýylsaýyn gerimini giňeldýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurly mümkinçiliklerini we häzirki döwürdäki ýagdaýlary göz öňünde tutup aýdanyňda, syýahatçylyk we sport ulgamynda-da tagallalary netijeli birikdirmek üçin oňaýly şertleriň döreýändigini bellemek gerek.
Bir söz bilen aýdanyňda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda bilelikde netijeli işlemek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy aýdyň görünýär, bu dostlukly ýurduň iri sebitleri hem-de esasy senagat, ylym-bilim we medeni merkezleri bilen gatnaşyklaryň şol hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýandygyny şübhesizdir.