Ï Halas edijileriň bilelikdäki okuwlary geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halas edijileriň bilelikdäki okuwlary geçirildi

view-icon 954
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň şäher tipli Kaka şäherçesinde geçirilen halas edijileriň bilelikdäki okuwlaryna umumylykda gulluklaryň 16-sy gatnaşdy. Okuwlar öňünden düzülen meýilnama esasynda dört tapgyrda geçirildi. Onuň dowamynda ýurdyň ähli kärhanalarynda diýen ýaly döredilen halas ediş gulluklarynyň hakyky ýagdaýda nähili hereket etmelidigi barada halas ediş okuwlary işlenilip düzüldi.


Ýurdyň senagat desgalarynda eýýäm birnäçe ýyl bäri ýerli okuw-türgenleşik okuwlary we iri okuwlar geçirilýär. Onda meýletin gatnaşýanlar hem hünärine ussatlar bilen deň hatarda uly jogapkärçilik bilen çemeleşmegi öwrendiler.

Raýat goranyş we halas ediş boýunça welaýat ýolbaşçyasyna – häkime okuw geçmäge gulluklaryň taýýardygy baradaky hasabat berilýär. Bu okuwlara jemgyýet düzgünini goramak gullugy, çalt täsir edişli ýörite tehnikasy bilen Ahal welaýatynyň raýat goranyş we halas ediş müdirligi, hünärmenler gelýänçä adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji bolup täsir etmage borçly bolan fabrigiň işgärlerinden düzülen halas edijileriň harby däl düzümleri, Kaka etrabynyň keselhanasynyň, arassaçylyk we kesela garşy göreş gullugynyň binýadynda döredilen saglygy goraýyş boýunça lukmançylyk gullugy gatnaşdylar. Gaz üpjünçilik gullugyna bolsa halas ediş işleri geçirilýän ýerlerinde bolup biläýjek heläkçilgi we gaz üpjünçiligini ýatyrmak wezipesi berildi. Bu gulluga „Ahalenergonyň“ etrap bölümi, „Obahyzmat“ önümçilik birleşigi, suw desgalaryny, guýulary we beýleki suw howdanlaryny, şlýuzlary, suw arassalaýjy kärhanalary, ýagny ýaşaýşyň esasy çeşmesi bolan agyz suwuny hapalanmakdan we awylanmakdan goraýan – zaýalanan ýerlerde suw üpjünçiligini ýola goýýan gullyk goşuldy. „Türkmennebitönümlerinden“ ýangyç-çalgy ýaglar bilen ýörite tehnika bilen üpjün edýän gullugy, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda döredilen „Türkmenawtoýollarynyň“ etrap awtoulag kärhanasynyň gullugy, „Obahyzmatyň“ etrap kömekçi abatlaýyş-tehniki gullugy, ýerli ýaşaýjylar üçin birnäçe günüň dowamynda oňaýly bolar ýaly aňrybaş goraglyly jaýlar bilen üpjün etmek we çadyrly lageriň gurluşyny döretmek üçin inženerçilik gullugy taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy.


Türgenleşikler Kakanyň „Serdar“ pagta egiriji kärhanasynyň taýýar önümler ammarynda ýüze çykan şertleýin ýangyjy „ýok etmekden“ başlandy. Ýangyn söndürijiler ýangyn bolýan ýere ähli duýduruş berýän enjamlaryny işledip, ýokary tizlik bilen gitdiler. Soňra heläk bolanlary tapan aňtawçylar we halas edijiler işe girişdiler, lukmançylykda öňki kömegi bermegi öwredilen kärhanalaryň wekilleri lukmanlar gelýänçä ýananlara, zäherlenenlere we açyk döwüklere sezewar bolanlara ilkinji zerur bolan kömekleri berdiler. Okuwlaryň iň bir kyny, täsirlisi we üns bilen seredileni „heläk bolany“ jaýyň üçeginden düşürmek üçin birnäçe usullaryň görkezilmegi boldy.

Şeýleik bilen okuwlar nobatma nobat dowam etdirildi. Hemme kişi kuwwatly „Komasu“ we „Katerpiller“ tehnikalarynyň güýji bilen gapdala sowulan şäherçä „ýakynlaşip gelýän“ sil akymyny ýok etmä ge çalyşdylar. Kakanyň „Ahalawtoulaglary“ önümçilik birleşiginiň we „Türkmenawtoýollarynyň“ 13-nji ýol gurluşyk müdirliginiň, 7-nji gurluşyk guramasynyň müdirliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Kaka etrap 2-nji awtoulag kärhanasynyň ýer tekizleýjileriniň, ekskwatorlarynyň, awtogreýderleriniň onlarçasynyň täze zeýakabasyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak bilen, agzybirlikli işleýändiklerini görmek boldy.

Aýlawly zeýakabasy – jar guruldy. Ol sil akymyny golaýda ýerleşýän ekin meýdanlaryna gönükdirer. Soňra bolsa bu suw oba hojalyk ekinlerini suwarmakda peýdalanylar. Şeýle hem akýan suwlary we sil suwlaryny ýygnamak üçin ýakynda „Gozgançaý“ daýhan birleşiginiň ýakynynda umumy göwrümi 5,2 mln. kub m. we 500 müň kub m. bolan iki sany suw howdany guruldy. Bu bolsa suwarym işlerini geçirmek üçin ýene-de bir ätiýaçlyk suwlardyr. Häzirki wagtda bu ýerde emeli köli çuňlaşdyrmak we onuň raýyşlaryny tekizlemek boýunça suw gurluşyk işleri dowam etdirilýär.


Soňra zeýakabasynyň dürli ýerlerinde adamy halas etmek, şeýle hem öň ulanyşdan galan ulagyň bu ýere gaçmagy zerarly emele gelen dykyny aýyrmak boýunça çäreler geçirildi. Bu ýere ýygnan şäherçäniň ilaty halas edijileriň hereketlerine duýgudaşlyk bildirip, olary ahlak taýdan goldadylar. Ir ertirden öýläne çenli dowam eden okuwlaryň tamamlaýjy tapgyrynda şäherçäniň çagalar bagynda okuw tapgyry geçirildi. Bu ýerde raýatlar ilkinji lukmançylyk gözden geçirilişini we hasaba almakdan geçmek bilen, sil akymyndan uzakda halas edijiler tarapyndan belentlikde gurulan çadyrly lagere awtobusalar arkaly göçürmek işleri guraldy. Bu ýerde ýaşalaýan çadyrlaryň arasynda şäherçäniň ýaşaýjylaryna egin-eşikli we iýmitli lukmanlar, durmaş taýdan hyzmat ediş gullugyň işgärleri, ýerli häkimýetiň wekilleri we Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Merkezi diwanynyň adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň işgärleri şular ýaly guralýan okuwlara we çärelere halas edijiler bilen gatnaşýan NOKPT –yň welaýan we etrap bölümleriniň meýletinleri bilen bile garaşýardylar.


NOKPT-ň wekilleri bu ýere ýygnan ýaşlara we hünärmen lukmanlara lukmanlar gelýänçä berilýan gyssagly kömekleri bermegiň birnäçe usullaryny görkezdiler. NOKPT adamlatr anyk kömekleri bermekden başga hem adatdan daşady ýagdaý ýüze çykan ýagdaýynda heläkçilige tiz kömek berýän Milli topary döredýär, ýagdaýlara baha bermek işlerini geçirýär, heläk bolanlaryň sany we gerek bolan azyk we suw barada maglumatlary ýygnaýar, maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek meseleleri boýunça meşgullanýar. Bu meselä bagyşlanyp maý aýynda Aşgabatda maslahat geçiriler.

Okuwlar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş müdirligi tarapyndan şu ýyl üçin niýetlenilen iş we okuw çäreleriniň umumy maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu okuwlar şu ýyl geçirilen ilkinji okuw däldir. Şeýle okuwlar öň Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda geçirilipdi. Onda Amyderýada bolup biläýjek ýazky suw joşmalary özleşdirildi. Şeýle okuwlar Mary we Daşoguz şäherleriniň senagat kärhanalarynda hem geçirildi.