Ï Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 621
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary hem-de diwanynyň işgärleri we Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen işçi toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmäge degişli meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça saýlaw okruglaryny döretmek, şeýle hem etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň çäklerinde uçastok saýlaw toparlaryny döretmek baradaky meselä garaldy. Ozal habar berlişi ýaly, saýlaw toparlarynyň düzümlerine dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirilipdi. Saýlaw toparlarynyň agzalygyna dalaşgärler-milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet işgärleri jemgyýetçilik guramalary hem-de birleşmeleri, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we beýlekiler, şeýle hem milli saýlaw kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler netijesinde döwletiň syýasy durmuşyna has işjeň gatnaşýan raýat toparlary tarapyndan hödürlendiler. Bu bolsa ýurdumyzyň demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklaýar.

Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen Merkezi saýlaw topary etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň uçastok saýlaw toparlary üçin gollanmany we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we synçylar üçin ýatlama kitapçasyny tassyklady.

Şeýle hem uçastok saýlaw toparlaryna wekilleri hem-de Geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleriň we ýygnaklaryň teswirnamalarynyň nusgalary tassyklanyldy.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň diwanynyň işgärleriniň täzeden döredilen saýlaw uçastoklarynyň agzalary üçin okuw maslahatlarynyň geçirilişi baradaky hasabatlary diňlenildi. Şol okuw maslahatlary oňa gatnaşanlara milli saýlaw kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler, has takygy bolsa “Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakyndaky” täze Kanun bilen, öz wezipe borçlary we saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen has doly tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Maslahatyň barşynda Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň geljekki Geňeş agzalarynyň we iki okrug boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde meýilnama laýyklykda saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler hakyndaky maglumatlary diňlenildi. Şunda saýlawlara taýýarlyk görmekde ýerli häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýokary işjeňligi bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda saýlaw uçastoklaryny döretmek bilen, bir wagtda olary zerur bolan tehniki serişdeler, içi görünýän ýörite gutular, maglumat we usulyýet edebiýaty, aragatnaşyk serişdeleri we beýlekiler bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, täze taryhy şertlerde ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralary bolan Geňeşlere ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri we iri möçberli ösüş maksatnamalaryny, ilkinji nobatda bolsa, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmakda uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda, Geňeşler öz garamagyndaky çäkleriň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýärler, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri geçirýärler hem-de kanuna laýyklykda özlerine berlen ygtyýarlyklaryň çäginde beýleki meseleleri çözýärler. Geljekki saýlawlara çynlakaý we jogapkärli taýýarlyk görmäge uly ähmiýet berilýändigi hem şular bilen şertlendirilendir.

Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlar “Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda guralýar. Şol Kanunda döwlet syýasatynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen saýlawlary geçirmegiň ähli taraplary beýan edilendir. Şunuň bilen birlikde, bu jemgyýetçilik-syýasy çäresinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki özgertmeler syýasatynyň esasy edilip alnan milletimiziň hakyky demokratik däpleri mynasyp dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde halk häkimiýetliliginiň asyl ýörelgelerini pugtalandyrmak, giň halk köpçüligini jemgyýetçilik işlerine çekmek, raýatlaryň Watanyň ykbaly üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şunuň bilen baglylykda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek meseleleri döwlet Baştutanynyň üns merkezinde bolmagynda galýar.

Merkezi saýlaw toparynyň agzalary öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösdürilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ygtybarly binýat we demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda beýleki guramaçylyk meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.