Ï Türkmenistan GDA-nyň ýurtlaryna hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan GDA-nyň ýurtlaryna hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär

view-icon 911
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl mejlisine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen resmi däl mejlisine gatnaşdy.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa şäheriniň “Wnukowo-2” halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde GDA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Bu ýerde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy

kabul edýän tarapyň resmi adamlary garşyladylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany howa menzilinden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine –Uly Kreml Koşgüne ugraýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Köşgüň Ýaşyl zalyna barýar, bu ýerde duşuşyga gatnaşyjylar-Arkalaşyga girýän döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde resmi däl mejlisiň başlamagyna garaşýarlar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylaýar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň GDA-nyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň öz daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmagynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şol sanda iri halkara we sebitleýin guramalaryň we düzümleriň çäklerinde gatnaşyklar onuň esasy ugrudyr. GDA-nyň erkin agzasy bolmak bilen Türkmenistan Arkalaşygyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklaryň ilerlemegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Başlygy bolup durýar. Türkmenistan bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde düýpli we jogapkärçilikli çemeleşmäni görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy umumy bähbitlere gabat gelip, GDA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir. GDA ugry boýunça hyzmatdaşlyga öz daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garamak bilen, Türkmenistan erk-islegiň, özara ynanyşmagyň we deň hukukly oňyn gatnaşyklaryň ýörelgeleriniň esasynda Arkalaşygyň döwletleri bilen özara gatnaşyklaryny ýola goýýar.

Şunuň bilen baglylykda biziň, ýurdumyzyň soňky ýyllarda GDA-nyň çärelerine giňden gatnaşyp, şunda köp ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady ulgamy, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk, ekologiýa, gumanitar-medeni ugurlary gurşap alýan hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga aýratyn üns berýändigini bellemek gerek. Geçen ýylyň tomsunda Türkmenistan “GDA-nyň 20 ýyllygy: hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap” atly halkara sergisine gatnaşandygyny ýatlap geçeliň. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanda Arkalaşygyň möhüm duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi. Olaryň arasynda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherinde 2009-njy ýylyň noýabrynda geçirilen GDA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň birinji maslahaty bar. Geçen ýyl hem türkmen paýtagtynda GDA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 65-nji mejlisi geçirildi.

Şu ýyl barada aýdylanda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy dürli iri çäreleriň birnäçesiniň, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagyny göz öňünde tutýar. Ozal habar berlişi ýaly, ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini, şeýle hem Arkalaşygyň Elektroenergetika Geňeşiniň mejlisini geçirmek bellenildi.

GDA-nyň Moskwadaky resmi däl duşuşygyna Arkalaşygyň agzasy bolan döwletleriň—Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Ukrainanyň Baştutanlary, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary gatnaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň duşuşygyuly Kreml Köşgüniň Keramatly Ýekaterina ordeni zalynda geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mejlisi açyp, belent mertebeli myhmanlary bu duşuşygyň geçirilmegi mynasybetli mähirli gutlady we öz daşary ýurtly kärdeşlerine bu duşuşyga gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Russiýanyň Lideri Arkalaşygyň ýurtlarynyň biri-birine ýakyn hyzmatdaşlar bolup durýandygyny belläp, Russiýanyň GDA döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Arkalaşygyň ýurtlaryny köp zatlar birleşdirýär, bu umumy geçmişimiz we ýakyn taryhymyz, şol sanda faşizme garşy urşuň taryhy bilen baglydyr. Biz ýakynda Beýik Ýeňşiň 67 ýyllygyny belläp geçdik. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda köptaraplaýyn gatnaşyklar saklanyp galdy diýip, Prezident Wladimir Putin sözüni dowam etdi. Köpugurly hyzmatdaşlygyň berk binýadyna daýanmak bilen, köp işler edildi, ýöne entek etmeli işler hem köpdür.

Arkalaşyk ykdysady, gumanitar we beýleki meseleleriň köpüsini çözmelidigini belläp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti şu günki duşuşygyň işewür, dostlukly ýagdaýda geçjekdigine ynam bildirdi, munuň özi umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli gatnaşyklara ýardam berer.

Soňra Russiýanyň Lideri şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurduň -- Türkmenistanyň Prezidentine söz berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen Lideri öz russiýaly kärdeşi Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen ýene bir gezek gutlady we oňa jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan GDA-nyň döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýar we bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda giňeldilmegine we berkidilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi mynasybetli onuň türkmen döwleti üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz GDA-nyň agza - döwletleriniň baştutanlaryna türkmen tarapynyň biziň ýurdumyzda, şeýle hem Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynda dürli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan başlangyçlaryny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Biz Türkmenistanda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň usuly hökmünde GDA-nyň tejribesine oňyn baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmegi ýa-da birmeňzeşligi halkara syýasy giňişliginde Arkalaşygyň döwletleriniň hyzmatdaşlygynda esasy orny eýeleýär diýip belledi. Şeýle düýpli esasda amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ähmiýeti dünýä bileleşiginiň bähbitlerini nazara almak bilen, global ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady. Bu aýratyn-da, umumyadamzat ähmiýetine eýe bolan we parahatçylykda we hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamak, biziň halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, daşky gurşawa aýawly garamak, mynasyp ýaş nesli terbiýelemek ýaly däplerimiz bilen bagly bolan meselelere çemeleşmeler işlenip düzülende aýratyn möhümdir.

Bu babatda biziň ileri tutýan ugurlarymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen çäklenmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzir hyzmatdaşlygyň has giň görnüşleri hem zerur bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň ösmegine oňyn täsir edip biljek söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça teklipler öňe sürülende şeýle garaýyş biz üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu barada aýtmak bilen, türkmen Lideri şu günler Türkmenistan Orta Aziýada we Hazar sebitinde ulag we üstaşyr ugurlaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iri maslahata gatnaşyjylary kabul edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz daşary ýurtly kärdeşlerine—GDA döwletleriniň baştutanlaryna geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden beýan edilen bu maslahaty guramak babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam edip, geljekde dünýä bazarynyň iri böleklerine çykýan köpugurly täze ulag ýollaryny Arkalaşygyň giňişliginde döretmek pikirine garamagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.”Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça häzir amala aşyrylýan taslamalaryň uly mümkinçiliklerini, şeýle hem Ýakyn we Orta Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň ulag düzümi şeýle ugurlaryň möhüm halkasy bolup bilerdi.

Daşky gurşawy goramagy we ekologiýanyň ýokary derejesini üpjün etmegi häzirki zaman dünýäniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde atlandyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda GDA-nyň ähli döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Türkmenistan 2013-nji ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Ekologiýa medeniýetiniň we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýip yglan etmek baradaky pikiri gollaýar diýip belledi. Biziň ýurdumyz ekologiýa babatda öz tejribesini paýlaşmaga we bu ugurda GDA boýunça hyzmatdaşlary bilen geljegi uly meýtlnamalary alyşmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Hususan-da, häzir Bütindünýä “Rio+20” sammitine taýýarlyk görülýän mahaly Türkmenistan energetika ulgamynda täze “ýaşyl tehnologiýalary” ulanmak babatda anyk teklipleriň üstünde işleýär. Şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany taýýarlamak bilen biz degişli sebitleýin ýa-da goşmaça sebitleýin merkezini döretmek bilen baglylykda iri halkara guramalary bilen bu meselä işjeň garaýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Hazaryň ekologiýa meseleleri GDA-nyň birnäçe ýurtlary üçin aýratyn möhümligine galýar diýip belledi.

Gol çekilýän resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmagyň derejesi we gazanylan ylalaşyklaryň täsirliligi ýaly meseleleriň Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň aýratynlygy bolup durýandygyny belläp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň anyk jähetleriniň şu ýyl GDA-nyň tertipnamalaýyn guramalarynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň ýurtlarynyň premýer-ministrlerini Aşgabat şäherinde 30-njy maýda geçiriljek GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga resmi taýdan çagyrdy. Şeýle hem türkmen Lideri pursatdan peýdalanyp, Arkalaşygyň ýurtlarynyň Prezidentlerini şu ýylyň 2-nji noýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny jemläp, Türkmenistan GDA döwletleriniň arasyndaky deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlary goldaýar diýip belledi we şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek ýolunda möhüm tapgyrlaryň ýene-de biri boljakdygyna ynam bildirdi.

Mejlis tamamlanandan soň belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna “Gyş bagy” zalynda resmi däl agşamlyk nahary berildi. Onuň çäklerinde GDA-ny ösdürmegiň we netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan esasy ugurlary we geljegi boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy, şonda Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady taýdan goşulyşmak proseslerini çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Däbe öwrülen oňyn gatnaşyklara ygrarlydyklaryny beýan etmek bilen, GDA ýurtlarynyň Liderleri deňhukukly, uzakmöhletleýin we özara bähbitli esasda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge hyjuwlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Uly Kreml Köşgünden çykyp, Moskwa şäheriniň “Wnukowo-2” halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna tarap ugur aldy.

Bir sagatdan gowrak wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary “Kazan” halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny şeýle hem Tatarystanyň Premýer-ministri Ildar Halikow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Milli lybasly gyzlar asylly däbe görä türkmen döwletiniň Baştutanyna duz-çörek we milli tatar tagamlaryny hödür etdiler.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Tatarystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra türkmen Lideri Tatarystan Respublikasynyň baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini şeýle hem Tatarystan Pespublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylar bilen söhbetdeşlikde olara okuwda üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, täze taryhy eýýamda döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistana dürli ulgamlarda ýurduň öňünde goýlan möhüm wezipeleri netijeli çözmäge ukyply ýokary hünärli hünärmenleriň gerekdigini aýtdy. Talyplar öz gezeginde döwlet Baştutanyna ýaş nesil barada edýän atalyk aladasy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler we saýlap alan hünärlerine eýe bolmakda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdylar. Bu gün ýaşlara halkara standartlarynyň derejesinde bilim almak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen bilelikde howa menzilinden özi üçin bellenilen kabulhana-Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Myhmanlar öýüne tarap ugraýar.

Ertir Kazanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçiriler. Onuň gün tertibine soňky ýyllarda öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giriziler. Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2012-2014-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda Hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.