Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk we özara peýdaly esaslara, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň arasyndaky gadymy dostluk hem-de ynanyşmak däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň arasynda bolan gepleşigiň barşynda ikitaraplaýyn hoşniýetli erkiň netijesinde soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän we ikitaraplaýyn bolşy ýaly köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda sebitleýin we halkara guramalaryň, hususan-da, GDA-nyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şu jähetden Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegine, hususan-da, şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýlek-de ösdürmek barada aýdyp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly we netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Şunuň ýaly hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha bermek bilen, taraplar Russiýanyň dürli sebitleriniň işewür toparlarynyň eýýäm bu ýurduň birnäçe belli kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barýan türkmen bazaryndaky ornuny giňeltimäge bolan meýillerini goldamak barada aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew hoşlaşanlarynda birek-birege berk jan saglyk we üstünlik arzuw edip, türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli we sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdiler.