Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işgärleri üçin “Saýlaw işini edara etmek we onuň tehniki kadalary: halkara we milli tejribe” atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkez topar bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny we işini pugtalandyrmak” boýunça bilelikdäki taslamanyň çäklerinde geçirilýän maslahata dürli derejedäki saýlaw kompaniýalaryna taýýarlyk we olary geçirmek boýunça öňdebaryjy halkara geňeşçiler jenap Georgiý Şarabidze we hanym Natiýa Kaşakaşwili gatnaşdylar.
Halkara bilermenleriniň saparynyň maksady Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyna saýlaw işini edara etmek we onuň tehniki kadalarynyň meselesi boýunça saýlaw toparlarynyň hünärmenleri hem-de olaryň agzalary üçin okuwlary geçirmek boýunça, şeýle hem 2012-nji ýyl üçin her ýyllyk bilelikdäki iş meýilnamanyň çäklerinde ýerli derejedäki saýlawlara taýýarlyk işlerine geňeşmeleri geçirmäge goldaw bermekden ybaratdyr.
Halkara geňeşçiler şu günki maslahatyň çäklerinde ses bermegiň tertibi we saýlawlaryň jemlerini jemlemek, şeýle hem saýlaw ulgamynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly tehniki kadalar, ýagny ses bermegiň wagty, onuň geçirilýän ýeri, saýlaw býulletenleri taýýarlamak, ses bermegi guramak, ses bermegiň kadalary, saýlaw uçastoklarynda sesleri sanamak we uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalaryny düzmegiň tertibi boýunça birnäçe döwletleriň saýlaw toparlarynyň iş tejribelerini görkezdiler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar saýlaw möwsümine taýýarlyk we ony geçirmegiň, saýlawlaryň jemi boýunça hasabatlary ýokary hilli düzmegiň, maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň hilini üpjün etmegiň we maglumatlary seljermegiň, saýlawyň işini hem-de kadalaryny kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça uçastok saýlaw toparlarynyň ýerli işgärleri üçin maslahatlary geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Ertir maslahat öz işini dowam eder. Onuň netijeleri boýunça halkara geňeşçiler Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara halkara hukuk saýlaw ülňülerini we milli kanunçylygy hasaba almak bilen ýerli saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça usulyýet gollanmalary taýýarlarlar hem-de hödürlärler.