Ï Ata Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary

view-icon 565
Şu gün ulanmaga berlen täze desga welaýat merkeziniň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirdi. “Nowruz” etrapçasynda “Ömür” hususy kärhanasynyň işgärleri tarapyndan 2020-nji ýyla çenli döwür üçin welaýatlary özgertmegiň Milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen köp öýli täze ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Asylly däbe görä, dürli öwüşginli baýramçylyga öwrülen dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşyp, täze öýleriň eýelerini we gurluşykçylary bu şanly waka bilen gutladylar. Dabarada edilen çykyşlarda we ýerine ýetirilen aýdymlarda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýetilen beýik sepgitler wasp edildi.

Täze ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany bir ýarym müň inedördül metre deňdir. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan üç gatly binada üç we dört otagly giň öýleriň 12-si bolup, olarda geçirilen timarlaýyş işlerinde häzirki zaman gurluşyk materiallary ulanyldy. Täze ýaşaýyş jaýynda rahat ýaşamak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin ýörite meýdança gurnaldy.

Soňky ýyllarda bu şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy mese-mälim işjeňleşdi. Şu ýyl “Nowruz-2” etrapçasynda we şäheriň beýleki ýerlerinde otaglarynyň ýereşdirilişi gowulandyrylan köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurlyşygyna başlanyldy.

Köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da 30 ýyllyk möhlet bilen berilýän ýeňillikli karz serişdeleriň hasabyna gurulýan kottež görnüşli hususy ýaşaýyş jaýlary tutuş köçeleri emele getirýär. Ýurdumyzyň iri şäherleriniň birinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň şunuň ýaly ýokary depginleri ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Täze binanyň ulanmaga berilmeginiň şanyna we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.