Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara toparyň mejlisiniň gün tertibine degişli düzümiň işiniň esasy ugurlary bilen bagly meseleler girizildi.
Mejlisiň barşynda toparyň agzalary Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň “Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky” Konwensiýasyna goşulmagy babatda teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, belent ynsanperwer maksatlary we gymmatlyklary berkarar etmäge işjeň gatnaşmagy öz öňünde maksat edip goýýan ýurdumyzyň BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde gumanitar meseleleri boýunça halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň köpüsine gatnaşýandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, degişli konwensiýanyň tassyklanylmagy we onuň düzgünleriniň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik ýörelgelerini has-da berkitmäge, biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam eder.
Mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem bar. Mälim bolşy ýaly, bu gurama ýurdumyzyň çäginde özbaşdak jemgyýetçilik gurama bolup durýar, ol öz işini Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrýar.
Mejlisiň çäklerinde, BMG-niň Adam hukuklary baradaky komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalaryny amala aşyrmagy bilen baglylykda ýurdumyzda geçirilýän yzygiderli işleri hakynda milli hasabata garamagynyň jemleri barada hasabat diňlenildi. Biziň ýurdumyz şol pakta 1996-njy ýyldan bäri gatnaşýar.
Pudagara toparyň agzalaryna şeýle hem “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berildi. 2011-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan bu maksatnama ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy – ÝUNISEF bilen bilelikde bu ugurda geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny nazara almak bilen taýýarlanyldy. Türkmenistanlylaryň ýaş neslini milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek bu resminamanyň esasy maksady bolup durýar.
Pudagara toparyň nobatdaky mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hukuk ulgamynda esasy halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.