Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hökümetiniň käbir agzalarynyň, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Nobatdaky maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, ilkinji nobatda galla oragyna görülýän taýýarlygyň barşy, welaýatlarda we paýtagtymyzda durmuş we senagat ulgamlaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, nobatdaky baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyk, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan käbir meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz bu iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow bilen göni aragatnaşykda söhbetdeş boldy. Ol şu ýyl welaýatyň ak ekin meýdanlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini hem-de galla oragyna doly taýýarlyk görlendigini habar berdi.
Hasabatyň çäklerinde gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda göwnejaý ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda habar berildi. Welaýatyň häkimi türkmen halkynyň kalbynyň gözelliginiň beýany bolup durýan Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýtdy.
Oba hojalygynda iň bir jogapkärli möwsümleriň biri bolan galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutany galla oragynda işlediljek kombaýnlar, hasyly daşamak üçin gerek boljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edilmelidir diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz bu barada anyk wezipeleri öňde goýup, jogapkärli işde işlejek adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtady. Milletiň Lideri galla oragynda daýhanlar bilen özara hasaplaşyga içgin üns berilmelidigini, kärendeçi gallaçylaryň zähmet haklarynyň öz wagtynda we bökdençsiz tölenmeginiň üpjün edilmelidigini belledi.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralar bilen bagly meselä degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada zerur tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim döwlet Baştutanyna welaýatyň ilatynyň hal – ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýan desgalaryň açylyş dabarasyny guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýtdy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumat häkimiň hasabatynyň esasyny düzdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybektli göz öňünde tutulýan ähli çäreleriň ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutany galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri babatda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ýerlerde galla oragyny guramaçylykly alyp barmagyň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, sebitde ekin dolanyşygyny kada laýyk ýerine ýetirmek, oba hojalyk ekinlerini suwarmak, olara ideg etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Balkan welaýatynda gurulýan iri desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, milletiň Lideri gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi talap etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli göni aragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Häkim öz hasabatyny welaýatda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky habar bilen başlady. Ol hususan-da, welaýatyň ähli daýhan hojalyklarynda galla oragyna doly taýýarlyk görülýändigini, orak möwsüminde kuwwatly tehnikalaryň bökdençsiz işini üpjün edýän ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, möwsümde işlejek tehnikalara hyzmat etmek üçin ýöriteleşdirilen toparlaryň döredilýändigini habar berdi. Şeýle hem häkim Haly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Döwlet Baştutany welaýatyň çäginde ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin, her bir etrapda galla oragyny guramaçylykly alyp barmagyň anyk meýilnamasynyň düzülmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz galla oragynda işlediljek ähli görnüşli tehnikalaryň sanynyň kesgitlenmelidigini we olaryň möwsüme doly taýýar edilmelidigini, galla oragynda işleriň gije-gündiziň dowamynda guralmagy babatda ähli zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tabşyrylan galla hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ünsi çekdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň hasabatyny diňledi. Häkim öňi bilen sebitde gurulýan täze desgalarda işleriň ýagdaýy dogrusynda habar berdi. Häkim öz hasabatynda şeýle hem Haly baýramçylygynyň göwnejaý derejede geçirilmegi ugrunda görülýän taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.
Şeýle hem welaýatyň ähli daýhan hojalyklarynda galla oragyna taýýarlyk işleriniň doly derejede berjaý edilendigi, orak möwsüminde işlediljek ähli tehnikalaryň taýýarlyk hataryna çykarylandygy barada hem habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelýän derejede ýerine ýetirilmegi, hususan-da, ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz welaýatyň senagat düzümini ösdürmek, medeni-durmuş ähmiýetli desgalary gurmak bilen baglanyşykly ähli işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Ol welaýatda alnyp barylýan işler dogrusynda hasabat berdi. Hasabatda hususan-da, orak möwsümine görlen taýýarlyk işleri, tehnikalaryň guratlyk derejesi, olaryň ýangyç-çalgy ýag bilen üpjünçiligi bilen bagly meseleler barada aýdyldy. Welaýatyň ýolbaşçysy şeýle hem sebitde ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de Türkmen halysynyň baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagy, ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda ýygnamak üçin göz öňünde tutulan taýýarlyk işleri babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany obalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek we ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyna aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2008-2011-nji ýyllarda welaýatda 182 sany medeni-durmuş maksatly desgany gurmak we durkuny täzelemek göz öňünde tutulypdyr, häzire çenli bu desgalaryň käbirinde gurluşyk işleri tamamlanypdyr. Ulanmaga berilmeli möhletiniň geçendigine garamazdan, 123 desgada gurluşyk işleri heniz hem dowam edýär, 13 desganyň bolsa gurluşygyna başlanmandyr.
Welaýatda inženerçilik desgalarynyň gurluşygy hem pes depginde alnyp barylýar. Häzire çenli şeýle ulgamlaryň diňe 46 göteriminde gurluşyk işleri tamamlanypdyr, möhletiniň geçendigine garamazdan, inženerçilik ulgamlarynyň 19 göteriminde gurluşyk işleri henizem dowam edýär. Galan 35 göteriminiň bolsa gurluşygyna başlanmandyram diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Geçirilen barlaglaryň barşynda sebitde işleriň pes derejede guralandygy sebäpli, awtomobil ýollarynyň 30 göteriminiň, elektrik geçirijileriniň 30 göteriminiň, suw ulgamlarynyň 34 göteriminiň, gaz geçirijileriň bolsa 78 göteriminiň ýerine ýetirilendigi ýüze çykaryldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan, Mary welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, welaýatda 2012-nji ýylda 24 sany senagat kärhanasynyň gurluşygyna başlamak göz öňünde tutulypdyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz häzir olardan bary-ýogy 11 kärhanada gurluşyk işleri dowam edýär, galan 13 desganyň gurluşygyna bolsa girişilmändigini aýtdy.
Mary welaýatynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň we senagat pudagyny ösdürmegiň pes derejede alnyp barylýandygynyň esasy sebäpleri desgalaryň taslama resminamalaryny taýýarlamak, döwlet edaralary bilen ylalaşmak hem-de netijenamalary almak boýunça işleriň 20 aýa golaý çekdirilýändiginden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutany kemçilikleri mysal getirdi. Olaryň hatarynda elektrik geçirijileriniň taslama işleriniň pes derejede alnyp barylmagy, häzire çenli elektrik geçirijileriň taslama işlerini alyp barýan welaýat edaralaryň döredilmezligi ýaly sebäpler bar diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärler meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda welaýat häkimliginiň garamagyndaky düýpli gurluşyk müdirliginiň boş duran wezipe birliklerini taýýarlykly hünärmenleri işe kabul etmek arkaly doldurmak babatda zerur çäreleriň geçirilmeýändigi aýdyldy. Taslama işlerini öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin binagärlik, inženerçilik we gurluşyk hünärleri boýunça hünärmenleriň ýetmezçiligi äşgär duýulýar.
Ähli mümkinçilikleriň bardygyna garamazdan, Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan welaýatda gurluşyk materiallaryny demir ýol arkaly daşamak ýola goýulmandyr, magdan däl gurluşyk materiallary uzak aralyga awtoulaglar bilen daşalýar, munuň özi binalaryň we desgalaryň haýal gurulmagyna, olaryň bahalarynyň gymmatlamagyna getiripdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we welaýatyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde goýberilen kemçilikleriň käbir ýolbaşçylaryň öz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işleri talabalaýyk gurap bilmeýändiginden gelip çykýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleri düýpli seljerip, şu aýdylanlardan degerli netije çykarmak hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler şu günki günüň talabyna doly laýyk gelmelidir diýip bellemek bilen, bu işde degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň zerurdygyny ýene bir ýola nygtady. Döwleti dolandyrmak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen çözmekde degişli ýolbaşçylaryň örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutany wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi çagyrdy. Wise-premýer
gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, welaýatlara iş saparlarynyň netijeleri hakynda habar berildi. Şol saparlaryň barşynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" amala aşyrylmagyna hem-de welaýatlarda senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna seljerme geçirildi. Barlaglaryň barşynda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, bar bolan kärhanalaryň durkuny täzelemäge we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna goýberilýän býujet serişdeleriniň sarp edilmegi bilen bagly meseleler jikme-jik öwrenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, obalaryň durmuş we inženerçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça işleri dowam etmek we ähli bellenilen meýilnamalaryň öz möhletinde ýerine ýetirilmegi bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamak zerur bolup durýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylan iş saparlarynyň barşynda geçirilen barlagyň netijelerini seljerip, ýüze çykarylan kemçilikleri gaýra goýman düzetmek maksady bilen, geljekde durmuşa geçirmeli işleriň meýilnamasyny gysga möhletde taýýarlamak hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. Bu ugurda oňyn netijeleri gazanmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere býujet serişdelerini maksatlaýyn ulanylyşyna seljerme geçirmek we ýüze çykarylan ähli kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Degişli edaralarda maliýe-işgärler düzgün-nyzamynyň berjaý edilmegine hem yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy T.Japarowyň hasabaty bilen dowam etdi, ol “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we onuň durnukly ösüşiniň sebitara ölçegleri” atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlygyň barşy hakynda hasabat berdi, şol maslahaty paýtagtymyzda şu ýylyň 29-30-nji maýynda geçirmek bellenildi. Bu maslahatyň işine iri halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň, dürli döwletleriň milli banklarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar. Dünýädäki maliýe-ykdysady ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň gün tertibine giriziler. Hususan-da, dünýäniň ykdysady-maliýe ulgamyndaky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň ykdysady ösüşe ýetirýän täsirleri barada ýurdumyzyň tejribesi öwreniler hem-de telekeçiligi goldamak boýunça pikir alşylar. Maslahatyň aýry-aýry mejlisleri Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyna hem-de tejribesine we milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmäge bagyşlanylar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň meselelerine bagyşlanylan wajyp halkara maslahatyň ähmiýetini belläp, wekilçilikli duşuşygyň geçiriljek ýeri diýlip türkmen paýtagtynyň seçilip alynmagy Türkmenistan döwletimize uly hormat goýulýandygynyň, halkara hyzmatdaşlygynda biziň ýöredýän açyklyk syýasatymyzyň ykrar edilmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyna eýe bolan biziň ýurdumyzda barha artýan gyzyklanmasynyň subutnamasydyr diýip nygtady. Öňde boljak wekilçilikli maslahat özara bähbitli işewür gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orny eýelemek bilen bir hatarda, eýsem, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine hem ýardam eder diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, bu çäräniň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady hem-de bu halkara maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde guramak üçin ähli zerur çäreleri görmek barada görkezme berdi.
Gözegçilik edýän nebitgaz, himiýa pudaklary we balyk hojalygy pudaklarynda geçirilýän işler barada hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orknbasary B.Hojamuhammedow çykyş etdi. Wise-premýer, hususan-da, 23-25-nji mayda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek III Halkara gaz kongresine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Kongresiň çäklerinde pudaklaýyn sergi guralyp, oňa nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem iri halkara guramalaryň, dünýäniň 15 ýurdundan degişli ministrlikleriň we beýleki düzümleriň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisini gurmak boýunça taslama gatnaşýan döwletleriň wekilleri gatnaşar.
Türkmenistanda gaz forumlaryny geçirmek indi däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu waka Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornunyň giňelýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär diýip belledi.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutany wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi çagyrdy. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde 25-nji maýda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen bagly meseläniň üstünde durup geçdi. Bu wezipe biziň ýurdumyz üçin hormatly borç bolmak bilen birlikde, biziň üstümize uly jogapkärçiligi, şol sanda GDA-nyň göz öňünde tutulan ähli çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça jogapkärçiligi ýükleýär diýip belledi.
Soňra döwlet Baştutany elektroenergetika ulgamy ýaly möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etjek halkara maslahatyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Arkalaşykda başlyklyk edýän döwrüniň dowamynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda GDA-nyň ähli döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlgy has-da berkitmäge we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi çagyrdy. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, 23-27-nji maýda Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny we gözelliklerini düýpli öwrenmek üçin halkara ylmy ekspedisiýany guramaga hem-de 28-29-njy maýda “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Köýtendagyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, onuň täsin tebigatyny we gadymy ýadygärliklerini, şol sanda dinozawrlaryň aýak yzlaryny, dag gowaklarynyň, jülgeleriniň, dereleriniň, kölleriniň gözelligini, jana şypaly çeşmelerini we beýlekileri dünýä ýaýmakda halkara ekspedisiýasynyň ähmiýetini belledi. Munuň özi ýakyn geljekde bu sebiti ýurdumyzda halkara syýahatçylygynyň iri merkezleriniň birine öwürmek üçin amatly şertleri döreder. Mundan başga-da, bu täsin tebigaty gorap saklamak, şeýle hem onuň mümkinçiliklerini ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde peýdalanmaga ylmy taýdan çemeleşmek nukdaýnazaryndan hem aýratyn möhümdir diýip, milletiň Lideri bu işe has abraýly we tejribeli daşary ýurtly hünärmenleri çekmegiň möhümdigini belledi hem-de öňde boljak ylmy-ekspedisiýa işleriniň we halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli boýunça iş maslahatyna çagyrylan Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa bu ulgamda işleriň ýagdaýy - ýurdumyzyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” mynasybetli dabaraly çäreleriň meýilnamasy we olary geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy, bu dabara mynasybetli göz öňünde tutulan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň konsert meýdançalarynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary hakynda jikme-jik hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen döwletiniň ýaş nesliň intellektual kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek, onuň iň oňat ruhy hil-sypatlaryny açyp görkezmek hem-de bilimleri yzygiderli baýlaşdyrmak üçin ähli şertleri döretmäge mümkinçilik berýän milli bilim ulgamyny özgertmek hem-de kämilleşdirmek boýunça yzygiderli we netijeli çäreleri mundan beýläk-de görjekdigini nygtady. Uçurymlaryň mekdebi tamamlandygynyň buşlukçysy bolan “Soňky jaň” dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň olaryň hakydasynda hemişelik galýan örän täsirli hem-de unudylmaz mekdep baýramçylygynyň bolmalydygy barada aýratyn nygtap bellemek bilen, milletiň Lideri şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň Bilim ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy we “Älem” medeni dynç alyş merkezinde guramaçylyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, bu mekeziň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat geldi. Häkimiň habar berşi ýaly, hazire çenli bu täze toplumda köp sanly adamlary kabul etmek üçin ähli zatlar taýýar edildi. Geljek çarşenbe gününden başlap bolsa, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary bu ýerde öz wagtlaryny gyzykly geçirip bilerler.
Türkmen paýtagtynyň ajaýyplyklarynyň birine öwrülen bu täze häzirki zaman merkezde çagalaryň we ulularyň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr, “Älem” merkezi dynç alyş wezipesinden başga-da, medeni-aň-bilim işlerini ýerine ýetirmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Tomus dynç alyş möwsümi ýetip gelýär, merkeze köp sanly çagalar barar. Diýmek, “Älem muzeýiniň” we XD-kinozallarynyň, oýun zallary we elbetde, ägirt uly hiňňilligiň çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň ünsüni özüne çekjekligi ikuçsyzdyp diýip, milletiň Lideri aýtdy. Şunda “Älem” dynç alyş merkezinde oturdylan häzirki zamanyň döwrebap enjamlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalaryny çagalaryň gözýetimini giňeltmek, olaryň bilime bolan gyzyklanmasyny artdyrmak üçin giňden ulanmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwletimiz geljekde hem adamlaryň medeniýetli dynç almak meselelerine uly üns berer diiýp, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine degişli tabşyryklary, şol sanda “Älem” dynç alyş merkeziniň işini ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.