Türkmenbaşy şäherine kurort derejesiniň berilmegi bilen, onuň ekologiki taýdan abadançylygyna bildirilýän talaplar ýokarlandy, degişlilikde ekologçylaryň şäheriň howasynyň arassalygyna berýän ünsleri ýokarlandy.
Türkmenbaşyda ýerleşýän „Hazarekobarlag“ ekologiki gullugy Hazaryň türkmen böleginde we kenar zolagynda daşky gurşawyň monitoringini alyp barýar. Ekologiki gullugyň köp ugurly işinde atmosfera howasynyň hapalanmagynyň öňüni alyş çärelerini geçirmeklige uly ähmiýet berilýär.
Şäheriň howasynyň üýtgemegine gözegçilik etmek işleri ilatyň gür ýaşaýan ýerlerinden we senagat toplumlarynyň täsir edýän zolaklaryndan gelýän ýelleri hasaba almak bilen oturdylan stasionar gözegçilik postlarynyň kömegi arkaly alnyp barylýar. Mundan hem başga, senagat kärhanalarynyň sanitariýa-gorag zolaklarynda, şäher etegindäki şäherçelerde, „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda we Türkmenbaşy etrap merkezinde ýerlere barlyp howa alynýar we howany hapalaýjy maddalaryň bardygy barlaghanalarda seljerilýär. Alynan netijeleriň ölçegi ortaça gije-gündiziň hasabynda toplanan esasy hapalaýjy maddalary atmosferanyň arassalygynyň bazis görkezijisi bolup durýar. Elbetde, hapalanmalaryň çeşmelerinden başga şäheriň beýleki ähli ýerlerinde howanyň arassalagynyň görkezijileri gowy bolar, zyýanly ojaklary ýok etmäge bolsa ätiýaçlyk wagt köp bolar. Şonuň üçin hem „Hazarekobarlag“ gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, howanyň hemişelik alynýan nokatlarynda howanyň düzüminde zyýanly maddalaryň aşa köp toplanan ýagdaýynda gyzyklanýan we barlaýan guramlar duýduryş çärelerini geçirýärler.
Şu ýyl döredilenine 40 ýyl bolýan „howa barlaghanasynyň“ netijeli işlemegi sebäpli şäherde howanyň hapalanmagynyň ýokary derejelere galandygyny hiç wagt hasaba alynmady.
Muňa „Hazarekobarlag“ gullugynyň barlaghanasynyň senagat we ulag kärhanalary bilen howa göýberilýän zyýanly zyňyndylary durnukly azaltmak boýunça bilelikde alyp barýan anyk işleri köp babatda itergi berýär. Öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin şäheriň kärhanalrynda tehniki we durmuş häsiýetli netijeli serişdeler ulanylýar. Muny Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hereket edýän we täze gurulýan kuwwatlyklarynda häzirki zaman galyndysyz tehnologiýalar ýokary depginlerde ornaşdyrylýar. Diňe bir dünýä ülňülerine laýyk gelýän dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş enjamynyň oturdylmagy kükürt zyňyndylaryny we onuň ýasamalaryny epesli azaltmaga şert döretdi. Ekologiki maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň senagat kärhanalarynyň öňde barjy kärhanasynda zawodlar toplumynyň ekologiki howpsuzlygyny üpjün edýän TNGIZT fakel (alaw) ulgamynyň durkuny täzelemek boýunça dürli maksatly taslama amala aşyryldy. Bu jähtden nebiti gaýtadan işleýän toplumda iň häzirki zaman senagat lagym ulgamyny we dolanyşyk suw üpjünçiligini gurmak boýunça meseleler çözülýär. TNGIZT ýangyç-ýag we nebithimiýa enjamlary goşmaça önümleri tutmak we olardan täze görnüşli harytlary öndürmek üçin ygtybarly süzgüçli ekologiki taýdan arassa enjam bilen üpjün edilýär. Şäheriň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda toplumyň çäklerinde ýerasty suwlardan nebit önümlerini almak üçin guýynyň ulanylmaga berilmegi, TNGIZT senagat zolagynyň kenarýakasynda we Kenar ilkinji nebit ammarynda rekultiwasiýa bilen senagat akymlaryny arassalaýan desganyň durkunyň täzelenmegi uly ähmiýete eýe boldy.
Golaý geljekde giň diapazon ölçegli köp ugurly gaz analizatory bu gulluga gelip gowşar. Şäherde hereket edýän stasionar nokatlaryny howa atmosferasyny durnukly awtomatik monitoring ulgamy bilen çalyşmak we özbaşdak hereket edýän ýol analizatorly göçme ekologiki nokatlaryny almak meýilleşdirilýär. „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň tebigy gurşawyny goramaklyga aýratyn üns berilýär. Bu ýerde hem ýokary tehnologiýaly monitoring ulgamlary oturdylar. Olaryň kömegi bilen hakyky wagt ýagdaýynda howanyň arassalyk ýagdaýyna gözegçilik etmek, zyýanly galyndylary ýüze çykarmak, hapalanmak boýunça maglumatlar binýadyny döretmek işleri amala aşyrylar.
Türkmen hünärmenleriniň baha bermegine hem-de belli halkara bilermenleriniň çykaran netijelerine görä Hazar deňziniň türkmen bölegi bu günki gün deňziň iň arassa bölegi bolup durýar. Bu bolsa daşky gurşawy goramak boýunça maksada gönükdirilen we köp maksatly işleriň oňaýly netijeleri bolup durýar.