Ï Türkmenistanyň Prezidenti binagärlik taslamalary we paýtagtymyzdaky binalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti binagärlik taslamalary we paýtagtymyzdaky binalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy

view-icon 688
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe binagärlik taslamalary, paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan binalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz säher bilen “Oguzhan” Köşkler toplumyndan çykyp, Galkynyş şaýoluna tarap pyýadalap ugrady we ýolugruna bu ýerdäki dürli binalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli binalar toplumynyň ýanynyda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B. Gündogdyýew hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýegeleýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýew bilen bilelikde ýoluny dowam etdi we olaryň ünsüni durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işler nusgalyk derejede bolmalydyr hem-de häzirki zaman binagärlik ulgamynyň öňdebaryjy gazananalaryny, bezeg we inženerçilik-tehniki çözgütleri, şol bir wagtyň özünde bolsa gadymy şöhratly ussalaryň däplerini, milli binagärlik we bezeg ýörelgelerini özünde jemlemelidir diýip aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň täze, toplumlaýyn çemeleşmeleriň we Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de bu pudakdaky inoowasiýalary ulanmagy ugur edinýän şähergurluşyk maksatnamasyny öňe sürmek bilen, täze binalarda adamlaryň oňaýly durmuşy, döredijilikli zähmeti we doly derejede dynç alşy üçin ähli amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Paýtagtymyzda alnyp barylýan iri möçberli işleriň netijesinde, Aşgabat özüniň kaşaň binagärlik toplumlary bilen dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň birine öwrüldi.

Bu ýerdäki ýörite gurnalan meýdançada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan we tekliplerinden gelip çykýan wezipeleriň çözgüdini özünde jemleýän taslamalar ýaýbaňlandyryldy. Ony şäher gurluşyk boýunça biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy taýýarlapdyr.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze iri ýadygärlikler toplumynyň dürli görnüşleri görkezildi. Toplumyň çäginde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde gahrymanlarça wepat bolan türkmenistanly esgerler we 1948-nji ýylda weýrançylykly Aşgabat ýer titremesi baradaky hakydany ebedileşdirýän ýadygärlikler oturdylar. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça olar bir-birinden uzakda bolman, halkymyzyň şöhratly gahrymanlaryna, türkmen halkynyň beýik geçmişine bolan hakydasyny alamatlandyrar.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň hödürlän teklipleri bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz taslamalaryň awtorlaryna taryhy ýagdaý nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan we türkmen halkynyň öz gahrymanlaryna belent hormat goýmak we pederlerimiziň ýadygärligini hatyralamak ýaly asylly däplerini özünde jemleýän toplumyň binagärlik çözgüdi we onuň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler babatda birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi.

Milletimiziň gahrymanlaryna çuňňur hormat goýmak türkmen halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän şöhratly däpleriniň biridir. Häzirki döwürde tutuş türkmen topragynda giňden ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şöhratly pederlerimiziň beýik ynsanperwerlik we döredijilik däplerine esaslanýan döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbini özgerdýän, paýtagtymyzdaky ak mermere beslenýän täze binalar, amatly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, şypahanalar, medeni merkezler, sport desgalary, senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar. Bu işler biziň gaýduwsyz watandaşlarymyza – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň Milli Gahrymanlaryna hormatymyzyň we hakydamyzyň aýdyň beýanydyr. Mähriban topragymyzdaky parahatçylygy we ylalaşygy gözümiziň göreji ýaly goramak, Watanymyzyň asylly şöhratyny artdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen jikme-jik gyzykdlanyp, toplumyň çeperçiligine aýratyn üns berdi. Daşky bezeg işleriniň ýokary netijelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler topllumy bina etmek boýunça taýýarlanan taslamalary durmuşa geçirmek üçin öz işiniň hakyky ussatlarynyň, binagärleriň işjeň çekilmeginiň zerurdygyny belledi we ol taslamalarda taryh bilen häzirki döwrüň arabaglanyşygy görünmelidir, şunuň ýaly maksatly binalarda beýik gymmatlyklara bolan hormat we ebedi hakyda öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň eziz Watanymyza söýgini we wepalylygy, ýagşylyga we adalatlylyga bolan ynamy mukaddeslik hökmünde nesillerimize wesýet eden ata-babalarymyzyň ruhy mirasy, halkymyzyň şöhratly geçmişi hem-de unudylmajak taryhy baradaky pikiriň özenini düzýän ýadygärlikler toplumy boýunça öz aralarynda ýene bir ýola maslahatlaşyp, tekliplerini taýýarlamaklaryny degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde tehnopark gurmak üçin we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde önümçilik binýatlaryny ýerleşdirmek üçin teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgysy, şäherde oturdylan yşyklandyryjylaryň dürli döwrebap görnüşleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bina ediljek Kongresler merkeziniň taslamasy bilen içgin tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň barşynda paýtagtymyzdaky iri möçberli halkara çäreleriniň geçirilýän ýerinde ikiçäk gepleşikler we giňişleýin düzümde, şeýle hem ýokary derejeli wekilleriň duşuşyklary üçin niýetlenen zallaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Milletiň Lideri tanyşlygynyň dowamynda halkara çärelerini has ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etjek düzedişleriň birnäçesini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, egindeşleri bilen bilelikde döwrebap “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady. Mälim bolşy ýaly, myhmanhananyň ýokary derejesi Aşgabadyň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň iri merkezine öwrülendiginiň ykrarnamasydyr. Çünki “Oguzkent” paýtagtymyzyň ýene-de bir ajaýyplygyna öwrülmek bilen, milli Liderimiziň biziň döwletimize bolan uly hormaty, ynamy we ýokary halkara abraýynyň berilmegini şertlendiren “açyk gapylar” syýasatynyň aýdyň netijesine öwrüldi.

Halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns bermek bilen, milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegini nazara almak arkaly, halkara derejesindäki iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen türkmen paýtagty möhüm duşuşyklaryň, gepleşikleriň ählumumy ösüşiň meseleleriniň çözgüdini tapmakda işjeň maslahatlaryň geçirilýän bütindünýä ähmiýetli merkeziň belent derejesine ähli görkezijiler babatda laýyk gelmelidir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň paýtagty iri sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň işewürçilik, medeni merkeziniň derejesini ýene bir ýola tassyklamak bilen, gözellik bilen amatlylygyň utgaşýan, binagärlik boýunça öňdebaryjy gazananlaryň, inženerçilik-tehniki çözgütleriň we gadymy milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşýan ýerine öwrülmelidir diýip belledi hem-de degişli ýolbaşçylara 2012-nji ýylyň 30-njy maýynda hut şu ýerde geçiriljek GDA agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyny ýokary derejede guramak barada zerur tabşyryklaryň we görkezmeleriň birnäçesini berdi. Soňda döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.