"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda III Halkara gaz kongresi öz işine başlady
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda III Halkara gaz kongresi we oňa gabatlanan pudaklaýyn sergi açyldy. Energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik döretjek bu iri ýöriteleşdirilen forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guradylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň energetika strategiýasynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde we ähli eksport ugurlary boýunça “mawy ýangyjyň” uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Şunda türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, täze ugurlaryň açylmagy täjirçilik taslamasyna garanyňda has uly ähmiýete eýedir. Dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine islegiň yzygiderli artýan şertlerinde energetika ugurlaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, eksport ugurlara täze ýurtlaryň we sebitleriň goşulmagy ählumumy ykdysadyýetine we energetika howpsuzlygyna zerur bolan durnuklylygy üpjün edip biler.
Biziň ýurdumyzda eýýäm üçünji gezek geçirilýän bu halkara kongresiň wekilçilikli düzümi hem milli Liderimiziň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna garaýşynyň dogrudygyny tassyklaýar, bu forum dünýäniň 32 ýurdundan wekilleriň 500-e golaýyny – alymlary we bilermenleri, degişli edaralaryň we dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň 150-siniň wekillerini ýygnady. Bu şeýle hem dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurduň ägirt uly gaz gorlary halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. Tebigy gaz bolsa beýleki uglewodorodlardan tapawutlylykda ekologiýa taýdan arassa ýangyç, şeýle hem organiki sintez üçin ajaýyp çig mal, dünýä bazarynyň islegini nazara almak bilen ýylsaýyn gyzyklanma bildirilýän ýangyç bolup durýar.
Şu günüň birinji ýarymynda “Nebitçi” myhmanhanasynda Türkmenistanyň III Halkara gaz kongresiniň işe başlamazyndan öň halkara serginiň dabaraly açylyşy boldy. Oňa esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn kärhanalarynyň we birleşikleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Sergi daşary ýurtly myhmanlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklarynyň gazylyp alynýan we gaýtadan işlenilýän çig mallary we ony ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdyrdy. Serginiň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlara şeýle hem ýurdumyzyň energetika ulgamynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşmagy üçin mümkinçilik döredildi. Bu özara tanyşdyryş dabaralary daşary ýurtly hyzmatdaşlara türkmen hünärmenleri bilen gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin tejribe alyşmagyň oňat mümkinçilige öwrüldi.
III Halkara gaz kongresi Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryndan esasy kompaniýalaryň wekillerini, şeýle hem pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryny, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, abraýly halkara guramalaryň baştutanlaryny ýygnady.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň konsernleri, korporasiýalary we iri kärhanalary hem-de olar bilen bagly bolan halk hojalyk toplumynyň pudaklary sergide öz işleriniň önümçilik, maýa goýum, täjirçilik we durmuş-ykdysady ugurlary boýunça dürli ugurly ekspozisiýalary bilen tanyşdyrdylar.
Sergide türkmen hünärmenleri bilen birlikde öz eksponatlaryny dünýäniň 15 ýurdundan dünýä belli kompaniýalaryň 35-den gowragynyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Niderlandlaryň, Koreýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, BAE-nyň, Türkiýäniň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri ýerleşdirdiler. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda köne hyzmatdaşlar bolup durýarlar, birnäçe daşary ýurt kompaniýalar bolsa ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga ymtylyp, öz üstünlkilerini ilkinji gezek görkezýärler.
Serginiň başlangyç bölüminde – myhmanhananyň zalynda ýurdumyzyň nebit we gaz edaralarynyň – “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem-de olaryň türkmen energiýa serişdeler bazarynda köp ýyllyk we netijeli gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlary – Hytaýyň milli CNPC korporasiýasynyň we onuň golçur kompaniýalarynyň, “Itera” kompaniýasynyň halkara toparynyň pawilýonlary ýerleşdirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň monitory sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Bu monitor boýunça örän gysga wagtyň içinde ägirt kärhananyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginini, çykarylýan nebit önümleriniň görnüşlerini, aragatnaşyk we beýleki maglumatlary bilip bolýardy. Elektron tanyşdyryş hyzmatlaryň üsti toplumyň daşary ýurtlara ugradýan harytlyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen ýetirildi.
Chevron, BAKER HUGNES INCORPORATED (ABŞ), TMK Söwda öýi (RF), HUNDAI ENDINEERING (Koreýa Respublikasy), Van Oord (Niderlandlar) kompaniýalarynyň, “Türkmengeologiýa” we “Türkmengazgurluşyk” döwlet konsernleriniň we beýlekileriň pawilýonlarynda bannerler, bukletler, žurnallar, elektron diskleri, tehnologik enjamlaryň maketleri we beýleki zatlar sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň önümlerini öz içine alan tekçeler hem uly gyzyklanma döretdi.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň pawilýonynda dünýä derejesindäki Hazar şypahanasynyň suratlaryny, binalarynyň we desgalarynyň maketlerini synlamaga, onuň geçmişi, şu güni we ýakyn geljegi barada bilmäge isleg bildiren adamlar köp boldy. Bu gyzyklanmanyň üsti ýurdumyzyň binagärleriniň “Türkmendöwlettaslama” ylmy önümçilik birleşiginiň pawilýonynda häzirki zaman şypahana desgalarynyň suratlar arkaly tanyşdyran taslamalary bilen ýetirildi.
Serginiň açylyş dabarasyndan soň ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly habar beriş serişdeleriniň wekilleri “Arzuw” myhmanhanasyna ýygnandylar. Bu ýerde Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, Owganystandan, Pakistandan, Hindistandan, HHR-den, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Malaýziýadan, Indoneziýadan, Eýrandan, GDA ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden wekilçilikli toparlar bar. Türkmen tarapyndan foruma hökümetiň, nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, pudaklaýyn döwlet konsernleriniň we institutlaryň, beýleki ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kongrese we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdelerini düýpli öwrenmekde, olary çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň has amatly, öňdebaryjy tehnologik we innowasion çözgütlerini önümçilige ornaşdyrmakda bu halkara çäresiniň ähmiýetiniň uly boljakdygy aýratyn bellenildi.
“Gaz kongresinde etjek çykyşlaryňyzyň we öňe sürjek teklipleriňiziň ýurdumyzyň gaz pudagyny durnukly ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeň alyp barmaga, uzakmöhletleýin maksatnamalary işläp taýýarlamaga we netijeli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, milletiň Lideriniň kongrese gatnaşyjylara Gutlagynda nygtalýar.
Gaz kongresiniň biriniji iş gününde halkara guramalaryň, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň, Exxon-Mobil (ABŞ), Shell (Gollandiýa-Beýik Britaniýa), OMV (Awstriýa), Petronas Çarigali (Malaýziýa), Total (Fransiýa) ýaly dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlary boldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara kärhanalaryň we degişli institutlaryň hünärmenleriniň çykyşlary ägirt uly gyzyklanma döretdi. Olarda ýurdumyzyň gaz çykarýan we gaýtadan işleýän senagatynyň mümkinçilikleri beýan edildi.
Forumyň çäklerinde şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy, daşary ýurt maýa goýumlary, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak üçin dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny peýdalanmak, uglewodorodlaryň gorlaryny netijeli işläp taýýarlamak ýaly möhüm meseleler giňden beýan edildi.
Käbir çykyşlar önümçilige täze tehnikany, öňdebaryjy tehnologiýalary we gaz ulgamynda dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň, doly awtomatlaşdyrylan we telemehanizrelenen tehnologik enjamlary giňden peýdalanmagyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy.
Daşky gurşawy goramak we umumy ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Şonda bellenilşi ýaly, adamyň senagat işi bilen bagly bolan meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşme we bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek oňyn netijesini berýär. Dünýä bileleşiginde ählumumy meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmak bilen Türkmenistan tebigaty goramak we möhüm ekologiýa meselelerini çözmek boýunça birnäçe ähmiýetli maksatnamalary amala aşyryp, dünýäniň ähli halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna ähli döwletler bilen gatnaşyklary ýola goýýar.
Forumyň barşynda geologiýa we seýsmogözleg, gapdallaýyn burawlamak we guýylary dikeltmek, şeýle hem gazy gaýtadan işlemek babatda gyzykly pikirler we anyk teklipler diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara kongresiň işiniň çäklerinde şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň we hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Onda taraplar bu möhüm taslamany amala aşyrmagy çaltlandyrmak meseleleri boýunça deslapky ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we özara düşünişmegi gazandylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisiniň çekilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlara energetika wezipelerinden başga-da möhüm durmuş we gumanitar meselelerini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, tutuş gaz geçirijiniň ugrunda durmuş ulgamyny kemala getirmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berjekdigi, iň esasysy bolsa tutuş sebitde syýasy durnuklylygy saklamaga we berkitmäge ýardam etjekdigi barada bir pikire geldiler.
Häzirki Halkara gaz kongresiniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly, ygtybarly we uzakmöhletleýin ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça deňhukukly esasda geçirilýän işleriň has-da işjeňleşdirilmegine, degişli ugurda täze halkara şertnamalaryň baglaşylmagyna, iberýänler, şeýle hem üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlar üçin ýangyç çig mal serişdeleriniň özara bähbitli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegine oňyn täsir etjekdigi şübhesizdir.
Ertir III Halkara gaz kongresi we oňa gabatlanan pudaklaýyn sergi öz işlerini dowam eder.