Türkmen hem-de rus dillerinde neşir edilýän “Türkmen arhiwi” atly taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň 2011-nji ýyl üçin 13-nji sany çapdan çykdy. Žurnalyň nobatdaky sanynda 50-den gowrak makala bolup, ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany adynyň berilmegi baradaky resmi maglumat bilen açylýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri möçberli düýpli özgertmeler barada söhbet açylýan syn beriş makalalarynda milli ykdysadyýetiň esasy makroykdysady görkezijilerini düýpli seljermek esasynda türkmen Baştutanynyň häzirki wagtda alyp barýan syýasy ugrunyň ileri tutulýan meseleleri, türkmen halkynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanýan ägirt uly üstünlikleri döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolunda amala aşyrylýan anyk ädimler hakynda gürrüň berilýär.
Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy bähbitleriň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary hakynda gürrüň berýän makalalar giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Pudaklaýyn žurnalyň sahypalarynda arhiw işine degişli makalalara aýratyn orun berilýär. “Arhiwleriň durmuşy” diýen sözbaşy bilen çap edilen makalalaryň birnäçesinde Türkmenistanda arhiw işiniň ösüş taryhy, welaýat döwlet arhiwleriniň birinde işleriň guralyşy we türkmen arhiwçileriniň halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşandyklary barada gürrüň berilýär.
“Adamlar, wakalar, maglumatlar”, “Asyrlaryň ýaňy: taryhyň sahypalary”, “Taryh we taryhçylar” diýen sözbaşylar bilen çap edilýän, ygtybarly resminamalaýyn çeşmelere esaslanýan we heniz mälim bolmadyk, örän gyzykly maglumatlary özünde jemleýän ylmy makalalar okyjylarda aýratyn gyzyklanma döreder. Olaryň arasynda ilkinji türkmen magaryfçysy Artykgül Tekinskaýa, XIX asyrda— XX asyryň başyndaky türkmen öýleri ýurdumyzda bank işiniň kemala gelşi we beýlekiler barada gürrüň berýän makalalar aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
“Halk urşy gidýärdi...” diýen bölümde okyjylar 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda söweşen türkmenistanly esgerler hakynda öň çap edilen “Hatyra” we “Şöhrat” atly bäş jiltlik kitaplara goşmaça maglumatlar bilen hem tanşyp bilerler.
Žurnalyň nobatdaky sanynda çap edilen makalalaryň aglaba bölegi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasyny wagyz etmäge bagyşlanýar. Olaryň arasynda Merwiň orta asyr kitaphanalary we olary esaslandyryjylar, akademik W.W. Bartoldyň meşhur “Gorkut ata” şa dessanynyň üstünde işleýşi, Türkmenistanyň saz sungatynyň ussatlary, ýazyjy W.R. Kozin, suratkeş D.Baýramow we beýlekiler baradaky makalalary bellemek bolar.
“Geçmişiň penjiresi. Fotoarhiw” diýen sözbaşynyň astynda dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösüş taryhy hakynda gürrüň berýän seýrek fotosuratlaryň toplumy ýerleşdirilýär.
Žurnalda çap edilen makalalaryň köpüsiniň resminamalaýyn çeşmelere we arhiw maglumatlaryna esaslanýandygyndan ybaratdyr.