Ï Uçurym-2012 - Bagtyýar eýýamy döreden halkyň täze nesli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uçurym-2012 - Bagtyýar eýýamy döreden halkyň täze nesli

view-icon 1993
Türkmenistanyň mekdeplerinde soňky jaň kakyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlaryna “Mähriban Watanymyzyň berkararlyk we bagtyýarlyk eýýamyny döredijileriň mynasyp nesilleri boluň!” diýen sözleri şu gün ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde guralan dabaralaryň özenini düzdi. Asylly däbe görä, mekdep döwrüniň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan “soňky jaň” dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Şu gün ýurdumyzyň mekdepleriniň uçurymlarynyň 110 müňe golaýy üçin bu jaň sesi iň soňky sapar ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, biziň ýurdumyzda hünär saýlamak, diňe bir Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň abraýly okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etmek üçin täze giň mümkinçilikler açyldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ilkinji uçurymlary hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilen oňyn mümkinçilikden peýdalanarlar.

Soňky jaň mekdep döwrüniň tamamlanýandygyny aňladýan nyşan bolmak bilen, mekdebi tamamlaýan we özbaşdak durmuşa, täze açyşlara, belent ýeňişlere tarap gadam goýýan ýaşlar üçin örän tolgundyryjy hem-de ýatda galyjydyr. Mekdep uçurymlarynyň dabaralary ýurdumyzyň hem-de Aşgabat şäheriniň ähli mekdeplerinde geçirildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň 1740-dan gowrak mekdebinde “soňky jaň” dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Asylly däbe görä, soňky jaň dabarasy Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dessuryndan başlandy. Şu gün säher bilen paýtagtymyzyň mekdepleriniň uçurymlary we bilim ulgamynyň işgärleri halkymyz üçin mukaddes bolan Binanyň etegine gül desselerini goýdular. Soňra ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde dabaralar giňden bellenildi. Şu ýyl 10-njy synpy tamamlaýan ýaşlar olaryň “baş gahrymanlaryna” öwrüldiler.

Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde guralan dabaralaryň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy ündäp gelýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri watansöýüjiligi, yansanperwerligi, zähmetsöýerligi, danalygy, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmelidirler. Mertlik, pespällik, ruhubelentlik, halallyk ýaly halkymyzyň milli häsiýetleri bagtyýar ýaşlarymyzyň manyly ömürlerinde durmuş şygaryna öwrülmelidir. Biziň geljegimiz bolan ýaşlaryň üstünlik gazanmagy, erkana we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, yhlasly, gujurly zähmet çekmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär”.

Soňky jaň – tolgundyryjy we nurana baýram bolup, onuň bilen ähli ýollar we açyşlar başlanýar. Bu dabaraly günde mekdep uçurymlaryny gutlamak üçin şäherleriň, etraplaryň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, bilim ulgamynyň ýaşuly işgärleri, mekdebiň ozalky uçurymlary we ene-atalar geldiler.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bu ulgam okatmagyň, döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýä garaýyşly, çuňňur bilimli ýaşlary taýýarlamagyň hem-de Watan söýüji ýaş nesilleri kemala getirmegiň giň mümkinçiliklerini şertlendirdi. Türkmenistanyň mekdepleriniň köp sanly okuwçylarynyň halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda baýrakly orunlary eýelemekleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki eýýamda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň giň gerime eýe bolmagy netijesinde döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň, umumy bilim berýän mekdepleriň, iň häzirki zaman enjamlar we multimediýa tilsimatlary bilen üpjün edilen okuw merkezleri gurulýar.

Mugallymlaryň hoşniýetli sözleriniň tolgundyryjy bolşy ýaly, uçurymlaryň jogap sözleri hem örän tolgundyryjy boldy. Ýaşajyk mekdep okuwçylarynyň soňky jaň hakynda okan goşgulary has-da täsirli boldy. Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Soňky jaň sesi ýaňlandy. Uçurymlar “altyn açarjygy” şu ýyl mekdep partasynda ilkinji gezek oturjak nesillere gowşurmak bilen, olara bilimler dünýäsine tarap ak ýol arzuw etdiler.

Agşamlyk “Aşgabat” kinokonsert merkezinde 2012-nji ýylyň iň ökde uçurymlaryny, olaryň mugallymlaryny, şeýle hem bilim işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda iň ökde okuwçylary we uçurymlary sylaglamak mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Bu ýerde dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan okuwda we jemgyýetçilik durmuşynda has tapawutlanan uçurymlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaralarda şu ýylky uçurymlara ak ýol arzuw edildi, şeýle hem olaryň mekdepde alan bilim binýatlary esasynda ýokary hünär derejelerine ýetjekdiklerine ynam bildirildi. Dabaralarda uçurymlara bilim-terbiýe beren mugallymlara hem alkyş sözleri aýdyldy. Çünki olar ýaşlara bilim –terbiýe bermekde ähli tejribelerini, yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekdiler. Sylaglamak dabarasy tamamlanansoň, tapawutlanan uçurymlar hem-de bu ýere ýygnananlar üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan aýdym-sazly çykyşlar boldy. Onda ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalary, folklor we saz toparlary çykyş etdiler. Şunuň ýaly dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde geçirildi.

Sylaglamak dabarasyna diňe bir paýtagtymyzyň mekdepleriniň däl, eýsem, welaýatlaryň mekdeplerinden hem 100- den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Welaýatlardan gelen mekdep okuwçylar üçin Aşgabat şäheri boýunça gezelenç guraldy. Olar Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, ýakynda Köpetdagyň gözel künjeginde açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, şeýle hem türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň baş nyşany bolan Konstitusiýa we Garaşsyzlyk binalaryna baryp gördüler.

“Soňky jaň” mynasybetli ýurdumyzyň ähli mekdep okuwçylary üçin guralan dabaralar ajaýyp mekdep döwrüniň tamamlanandygyny alamatlandyrýan nurana we ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi hem-de ýaş nesilleriň kalplaryny beýik arzuwlara, mukaddes duýgulara, özbaşdak durmuşyň öňüsyrasyndaky buýsançly şatlyklara besledi. Ýoluňyz ak bolsun, uçurymlar!