Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen türkmen halkyny ýurdumyzda dabaraly bellenip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Biziň halylarymyz halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlygydyr, akyl-paýhasynyň we taryhynyň özboluşly beýanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Örän berk, gülden näzik türkmen halylary uly ussatlyk bilen döredilen çeper sungatdyr. Ata-babalarymyzyň «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen çuň manyly pähimi bar. Türkmen halysy özüniň örän nepisligi, öwüşginlere baýlygy bilen dünýäni haýran galdyryp, şan-şöhratyny hemişe belentde saklap gelýär. Bu örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän inçe senediň syrlary nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetdi.
Häzirki döwürde gadymy halylarymyzyň örän kämil, naýbaşy görnüşleriniň asyl nusgalaryny aýawly saklamak, halkymyzyň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda halyçylyk sungaty döwrebap ösdürilýär, täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, işe girizilýär. Meşhur halylary döredýän türkmen gelin-gyzlarynyň mertebesi hemişe belent tutulýar. Olaryň oňat şertlerde işlemegi we gowy dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ajaýyp haly gölleriniň Döwlet tugumyzy we Döwlet tugramyzy bezemegi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň we öz gadymy milli sungatyny belent derejä göterendiginiň aýdyň nyşanydyr diýip, döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlary we ähli halkymyzy Türkmen halysynyň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp sungat eserlerini döredýän halyçy gelin-gyzlarymyza maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, işleriniň rowaç bolmagyny, daraklarynyň sesiniň hemişe batly ýaňlanyp durmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.
Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz onuň işini ýolbaşçylary wezipä bellemek bilen bagly meselä seretmekden başlady.
Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ýagşygeldi Kakaýew kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz toplumy boýunça geňeşçisi hem bolup durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Esasy borçlaryndan başga-da, onuň üstüne ýurdumyzyň çäklerinde nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar boýunça iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine gözegçilik etmek wezipesi ýüklenýär. Agentlik uly möçberli we möhüm ähmiýetli işleri alyp barýar. Şoňa görä-de, bu Agentligiň hukuk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, men Ýagşygeldi Kakaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek barada karara geldim diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutany Ý.Kakaýewi wezipä bellemek hakynda Permana we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň meseleleri hakyndaky» karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek jähtinden alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ol 30-njy maýda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bu duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýys meselelerini, dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Garaşylyşy ýaly, forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň hökümet wekiliýetleriniň baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň gün-günden gözelleşýändigini aýtdy. Aşgabatda dünýä binagärlik sungatynda öz mynasyp ornuny eýeleýän köp sanly binalar we desgalar yzygiderli gurulýar. Bu binalaryň käbiri Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. Paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli halkara maslahatlary, kongresler, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýlelikde, Bitarap Watanymyzyň paýtagty dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara ähmiýetli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan we çözülýän merkezine öwrülýär. Ýurdumyza gelýän myhmanlar Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Watanymyzyň gazanýan uly üstünlikleriniň şaýady bolýarlar, halkymyzyň myhmansöýerligini we ýokary medeniýetini öz gözleri bilen görýärler diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda geçirilýän ähli halkara çärelerine gowy taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmelidiris, bu çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýle hem geçirilýän bu çäreler barada metbugatda we teleradioýaýlymlarda gepleşikleriň, habarlaryň, mahabatlaryň berilmegini, dürli kitapçalaryň hem-de beýleki neşirleriň çap edilmegini we ýaýradylmagyny ýola goýmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu gürrüňi dowam edip, taýýarlyk işleriniň öz wagtynda, toplumlaýyn esasda amala aşyrylmalydygyny nygtady we bu işde entek säwlikleriniň bardygyny aýtdy. Mysal üçin, teleýaýlymlarda, metbugatda, Internetde we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde golaýda geçirilen III halkara gaz kongresi, onuň ähmiýeti barada habarlar we gepleşikler ýeterlik möçberde berilmedi, bu çäre mahabat edilmedi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, häzire çenli, iň bärkisi, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri barada degişli maglumatlar bolan kitapçanyň hem çap edilmändigini belledi we ýurdumyzda geçirilýän möhüm çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Milletiň Lideri GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bilen baglanyşykly meselelere gaýdyp gelip, Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Türkmenistan bu mejlisi şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde geçirer. Şunda döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, geljekde hem Arkalaşygyň işlerine işjeň gatnaşar, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder diýip nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa döwlet Baştutanymyza medeni-durmuş maksatly desgalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi we iýun aýynda ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, 1-nji iýundan badalga alýan dabaralar barada hasabat berdi. Baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şeýle hem Gökdere jülgesinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlanar. Gökderede 1000 orunlyk “Nesil” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi açylar. Hazaryň kenarynda GDA ýurtlarynyň Halkara çagalar festiwaly geçiriler. Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýene bir ähmiýetli cäre – “Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy” atly maslahat guralar. Oňa Arkalaşygyň ýurtlarynyň alymlary gatnaşar. Maslahat 6-9-njy iýunda Mary şäherinde geçiriler.
Wise-premýeriň ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak, habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradioýaýlymlarynyň işini kämilleşdirmek hakynda mesele gozgaldy. Hususan-da, habar beriş işiniň guramaçylyk esaslaryny gowulandyrmak maksady bilen, radioýaýlymlary teleýaýlymlaryň düzümine girizmek boýunça teklip aýdyldy. Munuň özi döredijilik ugruny we gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanynyň garamagyna bu mesele boýunça kararyň taslamasy hödürlenildi.
Wise-premýer şeýle hem medeni mirasy aýawly saklamak we giňden tanyşdyrmak, türkmen medeniýetini daşary ýurtlarda mynasyp tanyşdyrmak we ilata medeni taýdan hyzmat etmek üçin şertleri döretmek boýunça öz garamagyndaky edaralarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýakyn günlerde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda şu günler Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň jemgyýetçilik guramalary, okuw, bilim edaralary, habar beriş serişdeleri bilen sazlaşykly işlemegine hem-de bir bitewi medeni giňişligini döretmek, medeni gymmatlyklara we baýlyklara elýeterliligi üpjün etmek, ýaş zehinleriň döredijilik işini goldamak we ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça strategik maksatlary amala aşyrmakda olaryň ysnyşykly gatnaşyklaryna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň medeni durmuşyna häzirki zaman tehnologiýalaryny döredijilik, şeýle hem habar beriş babatda işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, milletiň Lideri Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin şertleri döretmek babatda degişli taraplaryň utgaşykly işini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradioýaýlymlarynyň işini gaýtadan guramak babatda teklibi makullap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi we ýokary talaplaryna laýyklykda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bu özgertmeler teleradioýaýlymlaryň gepleşikleriniň hilini ýokarlandyrmakda we bu pudagy netijeli ösdürmekde öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.
Milletiň Lideri şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndaky Medeniýet günleriniň guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu çäre diňe biziň halklarymyzyň dostluk we doganlyk däplerimiziň beýany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrjak baýramçylyga öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň öňünde goýan wezipelerini çözmek maksadynda bu düzümleriň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berip, Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetni düzmek bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasynyň taýýarlanyşy barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamada ministrlikler, pudak edaralary we häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary we maglumatlary taýýarlamagyň tertibi hem-de möhleti anyk kesgitlener.
Şeýle hem hökümet Baştutanynyň orunbasary "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli we öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada jikme-jik hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady edaralaryň we döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça maksadalaýyk işleriň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak meseleleri barada durup geçip, döwletiň girdejileriniň we çykdajylarynyň esasy maliýe meýilnamasy işlenilip taýýarlanylanda, milli özgertmeler maksatnamalarynda we ilkinji nobatda, 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipelerden ugur almagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany, umuman, makullap, degişli Karara gol çekdi we wise-premýerden geljek ýyl üçin Döwlet býužetiniň taslamasynyň öz wagtynda taýýarlanylmagyny üpjün etmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek meseleleri barada durup geçip, bu maksatnamanyň, ilkinji nobatda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, has amatly ýaşaýyş jaýlaryny, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepleri we durmuş-medeni maksatly beýleki desgalary gurmaga gönükdirilendigini nygtady. Bu maksatnamanyň ähli düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, biziň geljegimiz bolan ýaş nesliň bagtyýar durmuşy üçin berk binýady emele getirmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milletiň Lideri "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" öz wagtynda we üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu resminamada göz öňünde tutulan ähli işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilişini ýolbaşçylardan berk talap etjekdigini duýdurdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, ýarym ýylyň jemleri boýunça Oba Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň maglumatlary esasynda umumy hasabaty taýýarlamak barada tabşyryk berdi. Döwlet Baştutanymyz bu Maksatnamanada göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda we talaba laýyk ýerine ýetirmedik ýolbaşçylara berk çäre görüljekdigini duýdurdy.
Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna täze ýokary okuw mekdeplerini—Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny hem-de Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutyny döretmek hakynda Permanlaryň, “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasynyň” hem-de “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamalaryny hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, biziň ýurdumyzda birnäçe düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, olaryň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Bu maksat bilen täze okuw mekdepleri döredilýär, olar ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamalydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy. Ýakyn geljekde bu okuw mekdepleriniň uçurymlary milli ykdysadyýetiň işgärleriniň üstüni ýetirerler we giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Häzir biz nebitgaz senagaty, binagärlik we gurluşyk ulgamlary üçin hem hünärmenleri taýýarlajak täze okuw mekdeplerini döredýäris diýip, milletiň Lideri bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda “Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny döretmek hakynda” hem-de “Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutyny döretmek hakynda” Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda sporty we syýahatçylygy ösdürmek meselelerine ünsi çekdi. Häzir biziň ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň endiklerini ornaşdyrmaga, ýaşlary sporta giňden çekmäge uly ähmiýet berilýär diýip, milletiň Lideri belledi. Bu maksatlar üçin täze häzirki zaman sport desgalary gurulýar we ulanmaga berilýär. Olar bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ýardam berýär.
Döwletimiz şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan syýahatçylyk ýaly ugry ösdürmek üçin zerur bolan şertleri döredýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi.Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ösen ulag we aragatnaşyk ulgamy, täsin tebigy we taryhy ýadygärlikler—bularyň hemmesi biziň ýurdumyzda syýahatçylygy işjeň ösdürmek üçin oňaýly şertleri we mümkinçilikleri döredýär.
“Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumdöwlet maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakynda” karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýokary hünärli türgenleri we tälimçileri taýýarlamagyň hil taýdan täze ulgamyny döretmäge, köpçülikleýin sportyndan ýokary üstünlikler sportuny geçmäge ýardam berer, şeýle hem ýurdumyzda häzirki zaman syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegi üpjün eder we bütin dünýäde biziň halkymyzyň taryhy-medeni mirasy, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer diýip belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumynyň ikinji tapgyryny gurmak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berip, döwlet Baştutanyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň köp taraply ykdysady mümkinçilikleriniň gyşarnyksyz amala aşyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmegiň, ilatyň durmuşynyň ýokary ülňülerini üpjün etmegiň senagat, medeni -durmuş we ýaşaýyş jaý maksatly täze desgalary gurmagyň giň möçberli maksatnamasyna esas edilip alnandygyny nygtady. Şol maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Diýarymyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär, häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegi netijesinde şäher bilen obanyň arasyndaky tapawut aradan aýrylýar.
Milletiň Lideri "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" ünsi jemläp, welaýatlarda senagat desgalaryny gurmak bilen bir hatarda welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan ulag düzümlerini döretmek, gaz geçirijileri we elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigi barada söz açyp, onuň gurluşygynyň ikinji nobatdakysynda dünýäniň iň öňdebaryjy inžener-tehniki serişdelerini peýdalanmak arkaly sport desgalarynyň tutuş toplumyny bina etmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda ýapyk ýeňil atletika toplumy, 5 müň orunlyk suw toplumy, açyk suw toplumy we akwopark, 4 müň orunlyk ýapyk tennis korty, 450 orunlyk myhmanhana, jemgyýetçilik medeni merkezi, açyk tennis meýdançalary, aýlaw tigir sürülýän ýoda hem-de ylgamak üçin aýlawly ýoda, açyk we ýerasty awtoduralgalar we birnäçe beýleki desgalar gurlar.
Döwlet Baştutany “Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky” Karary makullap we oňa gol çekip, öňde boljak “Aziýada-2017” ýaryşy diňe bir milli sport senenamasynda däl, eýsem, dünýä möçberinde ajaýyp hem-de özüne çekiji wakalaryň biri bolar diýip belledi. Bu ýaryşlary geçirmegiň ýeri diýlip ilkinji gezek Orta Aziýa sebitiniň seçilip alynmagy türkmen paýtagtynyň halkara Olimpiýa hereketini işjeň guraýjy we oňa gatnaşyjy hökmünde eýýäm özüni görkezendigine şaýatlyk edýär.
Soňra mejlisde pudaklaýyn ösüş maksatnamasynyň, şol sanda nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilişiniň barşy barada we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň III Halkara gaz kongresiniň jemleri barada hasabat beren Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş etdi, şol kongrese dünýäniň 32 ýurdundan wekilleriň 500-e golaýy – alymlar we bilermenler, belli bir ugurly pudaklaýyn edaralaryň hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň 150-siniň wekilleri gatnaşdylar.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Gökderede gurlan “Nesil” çagalar sagaldyş–dynç alyş merkeziniň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk hakynda hem habar aýdyldy.
Milletiň Lideri täze sagaldyş – dynç alyş merkeziniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli ýakyndy Gökderede boljak baýramçylyk barada söz açyp, çagalar hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip nygtady. Ýaş türkmenistanlylaryň hemmesine tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri üçin mümkinçilikler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz çagalaryň dynç alşyna degişli meseleler bilen meşgullanýanlaryň her birinden ýaş nesli beden we ruhy –ahlak taýdan terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň sazlaşyklylygyny hem-de netijeliligini üpjün etmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem beýleki döwletler, dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýmagy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar, şolar bilen biziň ýurdumyz gatnaşyklary däp boýunça hoşniýetli erk-isleg we özara peýdalylyk ýörelgelerinde gurýar diýip nygtady. Bu babatda milletiň Lideri türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýerlemek üçin daşamagyň köp görnüşli ulgamynyň kemala getirilmegi, şeýle hem energetika howpsuzlygynyň täze dünýä möçberlerindäki düzümini kemala getirmek babatda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.
Şu meseleler boýunça Türkmenistanyň eýeleýän garaýşy dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar, sebäbi eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň döwletara akymlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek işinde örän möhüm şert bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz beýleki meselelere geçmek bilen, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara howa menzilini üstaşyr gatnawynyň merkezine öwürmek maksady bilen ulag mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak, şol sanda bu howa menziliniň üsti bilen gatnaýan uçarlara guýulýan ýangyç babatda geçirilýän işleriň möhümdigini aýratyn nygtady.
Bu işde goýberilen düýpli kemçilikler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri B.Nedirowy wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz K.Abdyllaýewi Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji edip belläp, ony “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew çykyş edip, döwlet Baştutanynyň garamagyna Demir ýol ulaglar ministrligi üçin ýöriteleşdirilen ýük wagonlaryny satyn almak hakynda kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz demir ýol bilen ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini ardyrmagy, şeýle hem ilaty edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagy ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda belledi. Milli Liderimiz häzirki wagtda Türkmenistanyň möhüm önümçilik, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň ykdysadyýetini önümleriň hiliniň, bäsdeşlige ukyplylygyň ölçegleri boýunça ýokary sepgitlere çykarylmagyna mümkinçilik berýän öňde baryjy dünýä tejribesini, iň täze inženerçilik işläp taýýarlamalaryny hem-de nou-haulary çekmäge çalyşýandygyna aýratyn üns berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi üçin ýöriteleşdirilen ýük wagonlaryny satyn almak hakyndaky” kararyň taslamasyny makullap hem-de tassyklap, wise-premýere demir ýol tehnikasynyň ulanylýan parkyny degişli ýagdaýda saklamak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy M.Mütdikowa pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen täze paromlary we gämileri satyn almak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy, munuň özi ýurdumyzyň deňiz ulagynyň kuwwatyny ep-esli artdyrar, bu bolsa öz gezeginde ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň goşmaça ugurlaryny döretmäge mümkinçilik berer, şeýle hem syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady.
Türkmen Lideri aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek bilen dahylly meselä geçmek bilen Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny telefon aragatnaşygynyň häzirki zaman görnüşleri bilen oňat hilli üpjün etmegiň möhümdigini hem-de bu babatdaky işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleri çözmekde diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalary we iň täze enjamlary ornaşdyrmaga däl, eýsem, bu babatda bäsdeşligi ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigini nygtady hem-de Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B.Öwezowa degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Öňdebaryjy tehnologiýalary we iň täze enjamlary ornaşdyrmak hem örän möhümdir we hökmanydyr.
Soňra özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew çykyş etdi. Türkmenistanda halyçylyk pudagyny ösdürmek, onuň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň halyçylygynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak we halyçylaryň öndürijilikli işlemegi üçin göwnejaý zähmet hem-de dynç alyş şertlerini döretmek boýunça görülýän çäreler çykyşyň esasy meselesi boldy. Wise-premýer Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çärelere, şol sanda 26-njy maýda açylýan, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilýän halkara sergisine we “Türkmen halysy biziň gülläp ösýän Watanymyzyň gözelliginiň nusgasydyr” atly maslahata, şeýle hem türkmen halysyna sarpa goýýanlaryň Bütindünýä jemgyýetiniň 12-nji mejlisine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hem hasabat berdi, şol mejlis 27-nji maýda türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň hem-de halyçylaryň gatnaşmagynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny we milli halyçylygymyzy ösdürmäge döwletimiziň ägirt uly serişdeleri maýa goýýandygyny belledi, halyçylygyň däpleri bolsa häzirki zaman esasynda ösdürilýär. Milletiň Lideri Türkmenistanyň bu ulgamda uly kuwwata eýedigini nygtap, pudagy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ýurdumyzda öndürilýän dokma we haly önümlerini dünýä bazarlarynda ýerleşdirmegiň möçberlerini artdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milletiň Lideri Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralar hakynda söz açyp, türkmen halylarynyň milli buýsanjymyz we beýik medeni miras bolup durýandygyny nygtady. Türkmen el halylary bütin adamzadyň hem baýlygyna öwrüldi. Türkmen halysy biziň halkymyzyň ruhy dünýäsini, döredijilik, şahyrana duýgusyny we milli häsiýetiň gerimini beýan edýän kalbynyň özboluşly aýnasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz haly sungatynyň gadymy nusgalarynyň dikeldilmegini döwletimiziň aýratyn alada edýän meselesine öwrüp, biz geljekde-de bu ugry ösdüreris diýip aýtdy we şanly baýramçylyk mynasybetli bellenilen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmek barada görkezme berdi.
Milletiň Lideri Permana gol çekýändigini aýtdy, oňa laýyklykda halyçy gelin-gyzlaryň birnäçesine milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde uly hyzmatlary bitirendigi, şeýle hem köp ýyllap çeken tutanýerli we netijeli zähmeti üçin “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa at gazanan halyçylara degişli şahadatnamalary, döwlet sylaglaryny we gymmatly sowgatlary gowşurmagy dabaraly ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy.
Soňra welaýatyň galla oragyna doly taýýardygy hakynda hasabat biren Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çykyş etdi. Häkimiň habar berşi ýaly, şu möwsümde Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda kombaýnlaryň 542-si we ýük awtoulaglarynyň 1568-si işlediler, olaryň bökdençsiz işlemegini toparlaryň 88-si üpjün eder, gallany kabul etmek bolsa ýöriteleşdirilen nokatlaryň 48-sinde amala aşyrylar.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow döwlet Baştutanymyza welaýatyň daýhan hojalyklarynyň galla oragyna taýýarlygy barada hasabat berdi. Bellenip geçilişi ýaly, galla oragyny orak möwsümini geçirmegiň anyk meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şol möwsümiň barşynda 120 müň tonna guşgursak bugdaý taýýarlamak bellenilýär.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew badalga alýan galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Hususan-da, welaýat boýunça 394 kombaýan, galla daşamak üçin niýetlenen 1o68 ýük awtoulagy we beýleki zerur bolan tehnikalar taýýarlanyldy. Ýetişdirilen hasyly jemi sygymy 391 müň tonna barabar bolan 30 sany galla kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz ibermek üçin ähli zerur şertler döredildi.
Demirgazyk welaýatyň ýolbaşçysy şeýle hem 140 müň gektarda ekilen gowaça ideg etmek işiniň barşy barada hasabat berdi. Şu günler bu ýerde hatarara bejergi işleri geçirmek we beýleki meýilnamalaýyn agrotehniki çäreler geçirilýär.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, welaýatda galla oragyna görülýän taýýarlyk, şeýle hem şu ýyl welaýatda galla hasylynyň garaşylýan möçberleri barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, welaýat boýunça 175 müň gektar ýere bugdaý ekilip, 350 müň tonna galla öndürmek meýilleşdirilýär. Galla oragyny öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin ýörite meýilnama işlenip düzüldi we tassyklanyldy. Oňa laýyklykda galla kabul ediş nokatlary, harmanhanalar, laboratoriýalar, tereziler, kombaýnlar we ýük awtoulaglary möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem gowaça ideg etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.
Soňra welaýatda geçirilýän işler hakynda, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň barşy hakynda hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow çykyş etdi. Welaýatyň ýolbaşçysy şu ýyl galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Türkmensitanyň Prezidentiniň Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda jikme-jik habar berdi. Hususan-da, iş meýilnamasyna laýyklykda ösldürilip ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamak üçin toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi, şeýle hem galla öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda amala aşyrylmalydygy bellenip geçildi. Oba hojalyk tehnikasy, gallany kabul edýän nokatlar, elewatorlar, ammarlar möwsüme doly taýýar edildi. Şol bir wagtyň özünde agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen gowaça ideg edilýär.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häkimlerden galla ýygnamak möwsüminiň ýokary derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz bu barada anyk wezipeleri öňde goýup, jogapkärli işde işlejek adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtady. Milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyk çäreleri barada durup geçmek bilen, welaýatlaryň häkimlerine olary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary derejede guramak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutany durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň hilini üpjün etmegiň we olary öz wagtynda ulanmaga bermegiň möhümdigini nygtap, obalary özgertmeleriň Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna berk gözegçilik etmek barada tabşyryk berdi.
Soňra oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýew hasabat bilen çykyş etdi, ol işleriň ýagdaýy hakynda, şeýle hem mehanizatorlaryň galla ýygnamak möwsümine taýýarlygyna degişli mesele boýunça hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň işjeň üns bermegi netijesinde pudagyň enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy we täzelenýändigi bellenildi. Biziň ýurdumyza dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden kuwwatly, ýokary öndürijilikli kombaýnlar, traktorlar we beýleki zerur tehnika yzygiderli getirilýär. Hususan-da, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny göwnejaý möhletlerde we ýitgisiz ýygnamak üçin galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 2 müňe golaýy taýýarlanyldy. Galla oragy gije-gündiziň dowamynda geçiriler, mehanizatorlar iki çalşykda zähmet çekerler. Orak möwsümi döwründe enjamlaýyn hyzmat edýän toparlaryň 380-e golaýy iş üstünde tehnikalara göwnejaý hyzmat ederler. Kombaýnlary ýangyç, çalgy ýaglary, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlary bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli çäreler göz öňünde tutuldy. “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hasabatyň ahyrynda pudagyň zähmetkeleriniň daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda we oňat hilli ýygnamak üçin ähli güýçlerini sarp etjekdiklerine ynandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti öňde boljak möwsümiň ähmiýetini we möhümdigini nygtap, galla hasylyny ýygnamagyň sazlaşykly hem-de utgaşykly işine degişli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutany galla oragynda işlediljek oba hojalyk tehnikasyny netijeli ulanmagy üpjün etmegi tabşyryp, kombaýnçylaryň we mehanizatorlaryň göwnejaý zähmet hem-de dynç alyş şertlerini döretmek, olara medeni hyzmaty ýola goýmak hakynda aladalanmagyň zerurdygyny hem nygtady.
Soňra ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmek hem-de gowaçalara ideg etmek baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyz boýunça berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ilkinji ýylynda tutuşlygyna alnanda 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnamak bellenilýär. Galla oragynda umuman alnanda, galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 2 müňe golaýy işlediler. Gallanyň kabul ediş nokatlaryna we elewatorlara ýitgisiz we bökdençsiz daşalmagyny ýük awtomobilleriniň 6 müňe golaýy üpjün eder. Kabul ediş nokatlarynyň 158-siniň her biri ýokary hilli döwrebap barlaghana bilen üpjün edilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynyň hem ýokary depginlerde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Oba hojalyk pudagynda geçirilýän uly möçberli özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Biziň edermen daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Öz nobatynda döwletimiz daýhanlaryň netijeli işlemegi, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ähli şertleri döredýär. Berlen mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar, ýurdumyzyň ekerançylary ýylsaýyn barha uly üstünlikleri gazanýarlar. Olaryň janypkeşlikli zähmeti netijesinde şu ýyl ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň hem oňat, bereketli hasyly ösdürilip ýetişdirildi.
Häzirki wagtda gallaçylar üçin örän möhüm hem-de jogapkärli bolan galla oragy möwsümi gelip ýetdi. Milletiň Lideri galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak ilkinji nobatdaky wezipedir, şol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin babadaýhanlarymyzyň janypkeşlikli çeken tutanýerli zähmeti we tagallasy sarp edildi diýip nygtap, 26-njy maýda galla oragyna başlamak barada ak pata berdi. Asylly däbe görä, galla oragyna badalgany, goý, halk arasynda hormata we sarpa mynasyp ýaşulular bersin diýip, döwlet Baştutanymyz gallaçylara galla öndürmegiň möçberlerini artdyrmakda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ilatynyň un we tüwi bilen üpjün edilişine hem-de ýygnalan gallanyň ýerli we daşary ýurt bazarlaryna ýerlenişine, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolagçy gatnadýan uçarlarynyň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň işine ünsi çekip, agzalan meseleleri, hususan-da, dänäni eksport etmäge degişli meseleleri çözmek maksady bilen, bazaryň ýagdaýyny öwrenmek zerurdyr, onuň häzirki meýillerini ugur edinip, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini degişli derejede guramagy tabşyrdy we bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli un, şeýle hem tüwi bilen üpjün etmek maksady bilen ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda geljegi uly bolan şalyçylyk pudagynda yzygiderli seçgi işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň meselelerine degip geçmek bilen, gullugyň başlygy M.Aýazowa hormatly Prezidentimiz bu gullugyň ygtyýarynda bar bolan uçarlary netijeli ulanmak, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlady we oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we rowaçlyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.